Çybyn çygly we salkyn ýerde ýaşaýan mör-möjekleriň bir görnüşi bolup, tomus paslynda adamlary has biynjalyk edýär. Bilermenleriň bellemegine görä, mör-möjegiň bu iňňeli görnüşi adamy çakmak bilen kesel ýokaşdyryp bilýär. Şol sebäpli mör-möjekleriň işjeň döwri bolan tomus paslynda açyk howa çykanyňyzda çybyndan goranmak üçin şu çäreleri görmeli:
Ýeňli egin-eşikleri geýmeli. Öýden çykanyňyzda, esasan hem, agşamyna uzyn ýeňli, açyk reňkli egin-eşikleri geýmek bilen çybyndan goranyp bilersiňiz.
Käbir himiki serişdeleri peýdalanmaly. Çybyndan goranmak üçin krem, limondyr narpyz ysly kosmetik serişdeleri ulanmaly.
Tor gözenekleri tutmaly. Jaýyň gapysyna we penjirelerine tor gözenekleri tutmak arkaly çybyndyr uçýan mör-möjekleriň öýe girmeginiň öňüni almaly.
Sarymsakly ergin taýýarlamaly. Sarymsagyň ýiti ysy çybyny daşlaşdyrmaga ýardam edýär. Sarymsagyň birnäçe bölegini gabygyndan aýryp gaýnatmaly. Sowandan soň bu ergini suw pürküji çüýşä guýup, penjireleriň töweregine sepmeli.
Efir ýagyny ulanmaly. Lawandada, çaý agajynda, arçada saklanýan efir ýagy çybyny ýok ediji hökmünde peýdalanylýar. Bu ösümliklerden alnan efir ýagynyň bir damjasyny suwa garyp, suw pürküjide daş-töwerege sepmeli.
Ösümlikleri saklamaly. Öýüň amatly ýerinde çybynyň halamaýan ýiti ysly ösümlikdir gülleri bolan lawanda, reýhan, narpyz, bibariýa we tagetesi güldanda saklamak bilen bu möjekden goranyp bolýar.
Sabynly suw ulanmaly. Her otagda kiçiräk gapda sabynly suw goýmaly. Bu ergin çybynlary duzaga düşürmegiň iň amatly usuly bolup, köpürjikler mör-möjekleriň uçup gitmegine ýol bermeýär. Mundan başga-da, öýüň dürli ýerinde limony ýa-da sogany böleklere bölüp goýmak hem çybyny azaltmagyň bir usulydyr.
Çybyn çakandan soňra endamdaky gijilewügi ýa-da çişi aýyrmagyň usullary:
Çybyn çakan ýere buz ýa-da diş pastasyny çalmaly.
Gury sabyny çybynyň çakan ýerine sürtmek gijilewügi hem-de çişi aýyrmaga ýardam edýär.
Ary balyny çalmak hem çybyndan geçip biläýjek ýokançlyklaryň öňüni almakda peýdalydyr.
Çybynyň çakan ýerine sarymsagyň suwy çalynsa, gijilewügi we yzany aýryp, derini rahatlandyrýar.
Çybynyň çakan ýerini akar suwuň aşagynda saklamak hem peýdalydyr.
Kiçi ýaşly çagalara elini we aýagyny ýapýan eşikleri geýdirmeli, şeýle hem çybyndan goraýan tor bilen üstüni ýapmaly.
Çybyndan goranmak üçin himiki maddalary yzygiderli ulanmak içerdäki howanyň hapalanmagyna getirýär. Şol sebäpli çybyndan goranmakda tebigy serişdeleri ulanmak iň amatly usullardyr.