Daş-töweregimizi gurşap alýan dünýäde bolup geçýän hadysalar, wakalar adamlara dürli-dürli täsir edýär. Şeýle hadysalaryň käbiri hem aýdym-saz bilen baglanyşyklydyr. Aýdym-saz biziň durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidir. Sebäbi, biz aýdym-sazy dükanlarda, ýollaryň ugrunda, öýde, işde diňleýäris. Aýdym-saz adamyň ruhuny göterýär, şähdini açýar, ýadawlygyny aýyrýar, gam-gussasyny ýatdan unutdyrýar.
Lukmanlaryň bellemeklerine görä, aýdym-saz saglyk üçin hem peýdalydyr. Aýdym-saz beýniniň öýjükleriniň işjeňligini ýokarlandyrýar. Sebäbi, islendik adamyň ýaşyna garamazdan, sazy diňläp aýdymyň sözüni tiz ýatlap bilýändigini geçirilen barlaglar subut edýär. Aýdym-saz adamyň pikirlenmek ukybyny hem ösdürýär. Gussaly aýdym-saz adamy gamlandyrýar diýip, biz ýalňyş pikir edýäris. Hakykatdan bolsa, şeýle aýdym-saz adamyň şähdini açýar. Geçirilen barlaglaryň esasynda, gynançly aýdym-saz adamyň emosiýasyna täsir edip, bedeninden gormonyň bölünip çykmagyny ýokarlandyrýar. Bu bolsa adamyň kynçylykly, gam-gussaly ýagdaýynda öz-özüni rahatlandyrmagyna kömek edýär.
Aýdym-sazyň kesel bejerijilik ähmiýeti hem uludyr. Islendik adam aýdym-saz diňlän pursatynda bedeninde bolup geçýän biologik hadysalar kadalaşýar. Aýdym aýdylan pursatynda beden kisloroda baýlaşýar, ýürek-damar ulgamyň işleýşi gowulanýar, gan basyş kadalaşýar. Aýdym aýdylyp, saz diňlenende bedenden bagtlylyk gormony bolan endorfin bölünip çykýar. Bu garmon bolsa adamyň özüni şadyýan, bagtly duýmagyna kömek edýär. Suwa düşüp aýdym aýtmak hem saglyk üçin peýdalydyr. Sebäbi, ol pursatda dem alyş ulgamyň işleýşi kadalaşýar we dem alyş ulgam bilen baglanyşykly keselleriň ýüze çykyş derejesi peselýär.
Enebaý ANNALYÝEWA, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.