Hemmeleriň, esasan hem, çagalaryň sabyrsyzlyk bilen garaşýan Täze ýyl baýramçylygy ýetip gelýär. Täze ýyl owadan bezegleri, öwşün atýan çyralary bilen beýleki baýramçylyklardan tapawutlanýar. Aýazbaba, Garpamyk, gar adam gyş paslynyň nyşany bolan bu baýramçylygyň gahrymanlary hasaplanýar. Baýramçylyk günlerinde öýlerde arçalar bezelip, yşyklar öwşün atýar. Eýsem, Täze ýyl baýramçylygy üçin nähili şekilleri we bezegleri ýasap bileris?!
Siz kagyzdan tozgajyk, arçajyk, reňkli çyrajyk, şarjagaz we sowgatlyk gutulary ýasap gördüňizmi?! Geliň, kagyzdan dürli bezegleri ýasamagy öwreneliň!
Arçajyk. Arçajygy ýasamak üçin reňkli kagyz, gaýçy, çyzgyç we galam gerek. Ilki bilen kagyzyň ini boýuny deňläp, dörtburçluk görnüşinde gyrkmaly. Soňra kagyzyň burçlaryny birleşdirip, atanaklaýyn şekilde eplemeli. Kagyzyň gaty açylanda 4 sany üçburçluk emele geler. Soňra kagyzyň merkezinde burç emele getirip, üçburçluklary iç-içine epläp, burçlary mäkäm gysmaly. Burçlaryň sany 8-e ýetenden soň, ýene-de burçlary birleşdirip, iç-içine eplemeli. Iki tarapyň hersinde 4 üçburçluk emele gelenden soň, kagyzy gowy edip basyp, aşagyny deňläp gyrkmaly. Görýän bolsaňyz, arça meňzeş şekil emele geldi. Indi arçanyň her tarapyny şahalary ýasamak üçin kertik-kertik edip galam bilen çyzmaly. Soňra çyzyklary yzarlap kesmeli. Kagyzyň her gatynyň arasyny bir-birden açyp, agaja meňzetmeli. Ine-de arçamyz taýýar boldy. Arçanyň şahalaryny gyrkman, kertikleri aşak epläp hem bilersiňiz.
Tozgajyk. Gar tozgajyklaryny dürli görnüşde taýýarlap bolýar. Munuň üçin ak kagyz we gaýçy gerek. Ilki bilen kagyzy ähli tarapy deň bolan dörtburçluk görnüşde kesmeli. Soňra kagyzyň iki burçuny biri-biriniň üstüne goýup, berk eplemeli. Emele gelen üçburçlugyň iki burçuny birleşdirip, ýene-de eplemeli. Emele gelen üçburçlugy ýaňky yzygiderlikde gaýtadan epläp, aşagyny tegeläp kesmeli. Soňra kagyzyň gapdal gyralaryny kertik-kertik görnüşinde gyrkmaly. Kagyzy islegiňize görä, dürli şekilde kesip bilersiňiz. Görşüňiz ýaly, gar tozgajygy hem taýýar boldy. Indi kagyzy doly görnüşde açyp, tozgajygyň epinlerini aýyrmak üçin kitabyň ýa-da agyr zadyň aşagynda goýaýmaly.
Şarjagaz. Bu owadan bezegi ýasamak üçin reňkli kagyz, ýelim, gaýçy we ýüpjagaz gerek. Ilki bilen kagyzy inçe görnüşde zolak-zolak kesmeli. Zolaklar näçe uzyn bolsa, şarjagaz hem şonça-da uly bolar. Şol sebäpli ölçegi islegiňize görä öňünden kesgitläň! Soňra 4 sany kesilen kagyz böleginiň merkezini belläp, olary ýyldyzjyk görnüşinde ýelmemeli. Ondan soňra ýyldyzjygyň ujuny biri-biriniň üstüne goýup, deň derejede ýelmemeli. Ine, baýramçylyk şarjagazy taýýar boldy. Eger-de bu usulda taýýarlamak kyn bolsa, ýönekeý usulda hem şarjagaz ýasap bilersiňiz. Munuň üçin ilki bilen kesilen kagyz bölekleriniň hersiniň ujuny biri-birine gabat getirip ýelmemeli. Kagyz bölekleri tegelek görnüşde taýýar bolansoň, 4 sany halkany reňkine görä atanaklaýyn we gytaklaýyn görnüşde ýene-de ýelmemeli. Eger kagyzlar gyşyk ýelmense, şekiliňiz owadan bolmaz. Şol sebäpli bu ýerde üns bermeli zat halkaly kagyzlaryň merkezleriniň biri-birine gabat gelmegidir. Görşüňiz ýaly, şarjagazlar taýýar boldy. Indi olaryň arasyndan ýüpjagazlary geçirip, asaýmak galýar.
Sowgatlyk gutular. Arçanyň ýanynda goýulýan sowgatlyk gutularyny taýýarlamak üçin boş kagyz gutular, reňkli kagyzlar, lentajyk, gaýçy we ýelim gerek. Ilki bilen kagyz gutyny berk ýapyp, ýelim çalyp, daşyny reňkli kagyzlar bilen örtmeli. Soňra gutynyň daşyna lenta aýlap, owadan bagjyk ýasamaly. Görşüňiz ýaly, sowgatlyk gutymyz hem taýýar boldy. Sowgatlyk gutularyň ölçegi we reňki islege görä dürli görnüşde bolup, şekilli we nagyşly kagyzlary hem ulanyp bilersiňiz. Bu gutulara islege görä baýramçylyk gutlaglaryny hem ýazyp, daşyna ýasan gar tozgajyklaryňyzy hem ýelmäp bilersiňiz.