Ki­no­nyň adam­la­ryň dur­mu­şy­na ýe­ti­ren tä­si­ri uçur­syz­dyr. Şu gün­ki gün adam­zat jem­gy­ýe­ti ki­no­syz oňup bil­me­ýär. Ha­sap­la­ma­la­ra gö­rä, ýa­rym asy­ryň için­de adam ba­şy­na 18 mü­ňe go­laý gör­len film düş­ýär. Bu bol­sa, tak­my­nan, 27 müň sa­ga­da ba­ra­bar­dyr. Şeý­le hem to­ma­şa­çy­la­ryň aňyn­da nä­çe­räk mag­lu­mat gal­ýan­dy­gy­ny di­ňe çak­lap bil­mek müm­kin. Hä­zir­ki wagt­da ki­no mag­lu­mat al­ma­gyň esa­sy se­riş­de­si hök­mün­de ki­tap­dan öňe geç­di. Wi­zu­al-akus­tik gör­nüş­dä­ki fim­le­re adam oňat dü­şün­ýär. Şu gün­ki gün­de il­kin­ji ki­no­nyň nä­hi­li peý­da bo­lan­dy­gy we to­ma­şa­çy­la­ryň dün­ýä­de iň il­kin­ji haý­sy fil­me to­ma­şa eden­dik­le­ri ba­ra­da pi­kir­len­ýän az bol­sa ge­rek.
“Ot­ly­nyň La-Sio­ty men­zi­li­ne gel­me­gi”
Giň­den ýaý­ran iň il­kin­ji film 1895-nji ýyl­da dü­şü­ri­lip­dir. Ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa­nyň döw­rü­niň ba­şy­ny hut “Ot­ly­nyň La-Sio­ty wokzalyna gel­me­gi” at­ly kar­ti­na­sy baş­lap­dyr. Bu gys­ga met­raž­ly fil­mi do­gan­lar Lýum­ýer­ler dü­şü­rip­dir we köp­çü­li­ge gör­ke­zip­dir. Hä­zir­ki wag­ta çen­li Og­ýust we Lýum­ýer ki­no­nyň düý­bü­ni tu­tan­lar ha­sap­lan­ýar.
Bu fil­miň ju­da ýö­ne­keý sýu­že­ti bar. Ek­ran­da La-Sio­ty men­zi­li­ne ot­ly­nyň ge­lip dur­şy, şeý­le hem ýo­lag­çy­la­ryň uzak­dan wa­gon­la­ra gel­şi gör­ke­zil­ýär. Em­ma mu­ňa ga­ra­maz­dan kar­ti­na has giň­den bel­li bo­lup­dyr. Kä­bir mag­lu­mat­la­ra gö­rä, ot­ly­nyň “di­ri” şe­ki­li­ni ka­bul et­mä­ge şol döw­rüň jem­gy­ýe­ti­niň psi­ho­lo­gik taý­dan taý­ýar­ly­gy bol­man­ly­gy­na gö­rä er­bet tä­sir edip­dir. Adam­lar ot­ly ge­lip ura­ryn­dan gor­kup bir ýa­na bö­küp çe­ki­lip­dir­ler.
Do­gan­lar Lýum­ýe­riň fil­mi ki­no­nyň yk­ra­ra edi­len ese­ri bo­lup­dyr. Bu şeý­le bo­lup­dy. Ta­ryh­da il­kin­ji ge­zek do­gan­lar Lýu­mer he­re­ket­le­ri ek­ran jan­lan­dy­ryp­dyr­ler – ot­ly uzak­dan peý­da bo­lup, bi­rin­ji plan­da gy­tak­lap sag­dan çe­pe geç­ýär we do­ly ek­ran ar­ka­ly ek­ra­nyň çep gy­ra­syn­dan aňyr­ly­gy­na ta­rap gid­ýär. On­dan baş­ga-da, gys­ga met­raž­ly bu film­de adam­la­ry bir kadr­da iri, or­ta­ça we umu­my plan­da gör­ke­zil­ýär.
Ta­ry­hy pur­sat
Bu film­de ses­siz ki­no­nyň “on­dan-oňa aý­la­nyp ýö­ren sýu­že­ti” il­kin­ji ge­zek gör­ke­zil­ýär. “La-Sio­ty wokzalyna ot­ly­nyň gel­me­gi” fil­mi çy­kan­dan soň­ra, bü­tin dün­ýä­niň ope­ra­tor­la­ry dün­ýä­niň beý­le­ki ýurt­la­ry­nyň de­mir ýol men­zil­le­rin­de şo­ňa meň­zeş film­le­ri dö­ret­mä­ge baş­lap­dyr­lar. My­sal üçin, 1898-nji ýyl­da Žorž Me­les bu sýu­že­tiň iki nus­ga­sy­ny çy­ka­ryp­dyr: “Ot­ly­nyň Wen­san­na men­zi­li­ne gel­me­gi” we “Ot­ly­nyň Žu­an­wil­ýa men­zi­li­ne gel­me­gi”. Il­kin­ji ge­zek giň ek­ran­da do­gan­lar Lýu­me­riň fil­mi 1896-njy ýy­lyň 6-njy ýan­wa­ryn­da gör­ke­zi­lip­dir.
Dün­ýä­de il­kin­ji ses­li film
“Jaz aý­dym­çy­sy” at­ly saz­ly film ta­ryh­da il­kin­ji ge­zek do­ly met­raž­ly ses­li ki­no bo­lup­dyr. Kar­ti­na­da sinh­ron­ly ses­len­dir­me ula­ny­lyp­dyr. 1927-nji ýyl­da şeý­le fil­miň çyk­ma­gy, ses­siz ki­no­nyň döw­rü­niň ta­mam­la­nan­dy­gy­ny aň­la­dyp­dyr. Şol wagt­lar se­si “Waý­ta­fon” til­si­ma­ty bi­len ýaz­gy edip­dir­ler. “Jaz aý­dym­çy­sy” kar­ti­na­syn­da baş keşp­de El Jol­son oý­nap­dyr. Ol al­ty sa­ny saz no­me­ri­ni ýe­ri­ne ýe­ti­rip­dir. Fil­mi su­ra­ta al­mak es­li pu­la – 422 müň dol­la­ra dü­şüp­dir. Şol bir wag­tyň özün­de, hat­da, “War­ner” şe­re­ke­ti öz dö­re­den fil­mi­ne uly çyk­da­jy et­män­dir.