Täze ýylyň golaýlamagy bilen hemmeler baýramçylyk saçagyny bezemegiň aladasyny edip başlaýar. Bu baýramçylykda adamlar birek-birege myhmançylyga baryp, bir saçagyň başynda üýşýärler. Şeýle bolansoň dürli naz-nygmatlar taýýarlanýar. Baýramçylyk saçagyny bezejek tagamlaryň biri hem towuk etli “garjagaz” işdäaçarydyr.
Gerekli önümler:
170 g towuk eti, 120 g täze kömelek, 2-3 nahar çemçesi ösümlik ýagy, 1 sany sogan, orta ululykdaky 1 sany käşir, 3 sany ýumurtga, 50 g hoz, 60 g gaty peýnir, 100 g maýonez, islege görä duz.
Taýýarlanylyşy:
Ilki bilen işdäaçarymyza başlamazdan ozal özümize gerekli bolan önümleri taýýarlamaly. Soňra kömeligi alyp mazaly ýuwmaly we inçejik edip kesmeli. Sogany arassalap, inçe kesmeli. Sogan bilen kömelegi ösümlik ýagynda gowurmaly. Kömelek bilen soganyň üstüne duz sepip, ýumşaýança garyşdyryp, gowurmaly. Soňra ony sowamagy üçin otdan aýryp goýmaly. Towuk etini duzly suwda gaýnatmaly. Towuk eti bişenden soňra ony suwuň içinden alyp, az salym sowatmaly we ondan soňra eti ownujak bölejiklere bölmeli. Ýumurtgalary gaýnatmaly we olary sowatmaly, ondan soňra bolsa ýumurtganyň agy bilen sarysyny aýryp bir gapda goýmaly. Käşiriň daşyny arassalap gaýnatmaly. Soňra ony sowadyp, inçejik edip dogramaly. Hozy blenderiň kömegi bilen maýda görnüşde üwemeli. Soňra ýumurtga sarysyny gowy edip üwemeli. Ýumurtga agy işdäaçaryň iň ýokary gatlagydyr.
Ähli sanalan zatlary edenimiz soň işdäaçary tekiz bir gaba goýmaly, onuň ilkinji gatlagyny maýonez bilen garylan towuk eti tutýar. Soňra inçe kesilen käşiri goýmaly we isleseňiz azajyk duz goşmaly. Ondan soňra käşiriň ýokarsyna maýonez guýmaly. Soňra gowrulan kömelegi goýmaly. Kömelegi maýonez bilen garmaklygyň zerurlygy ýok. Ondan soňky gatlaga hem üwelen ýumurtga sarysyny goýmaly. Onuň ýokarsyna hem maýonez goşmaly. Maýoneze hem hoz sepeläp ony ezmeli. Onuň ýokarsyna inçeden üwelen peýnir bölejiklerini sepmeli we peýnirden ýokary gatlaga hem maýonez guýmaly. Iň üstki bölegini hem hoz gatlagy etmeli. Işdäaçaryň gyralaryna hem maýonez çalmaly we ony hem üwelen ýumurtga aklary bilen bezemeli. Iň ýokarky gatlagyna hem maýonez bilen garjagaz şekilini çyzyň. Taýýar bolan işdäaçary iki sagat sowadyjyda goýuň!
Işdäňiz açyk bolsun!
Taýýarlan: Albina ZAKIRJANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.