Home Blog Page 1197

“Mançester Siti” iň täze finalçy, “Çelsi” iň soňky täze çempion

Futbolda klublaryň arasyndaky iň uly klub ýaryşy gürrüňsiz UEFA Çempionlar ligasydyr. Irki ýyllarda diňe ýurduň çempionlarynyň gatnaşyp bilýän ýaryşynda häzirki wagtda 32 klub ilki toparçalaýyn, soňra-da utulan-çykdy görnüşde özara bäsleşýärler. Ähli klublar bu ýaryşa gatnaşyp, kubogy eýelemek isleýär. Ýöne 66-njy möwsümi tamamlanyp barýan ýaryşda “Mançester Sitini” hem hasaba alanymyzda, 41 topar finala çykyp, şolaryň bary-ýogy 22-sine çempion bolmak başartdy.

Soňky gezek ýaryşda täze çempion 2012-nji ýylda hasaba alnyp, şol ýyl şu möwsümiň hem finalçylarynyň biri bolan “Çelsi” kubogy eýeläpdi. Şeýle-de soňky 3 ýyldan bäri ýaryşyň finalynda täze klub, ýagny ilkinji gezek finala çykýan toparlar peýda bolýar. Ýagny, 2019-njy ýylda “Tottenham”, 2020-nji ýylda PSŽ, bu ýylda bolsa “Mançester Siti” bäsleşigiň täze finalçylary boldy. “Tottenham” bilen PSŽ toparlaryna ilkinji final oýunlarynda kubogy almak başartmady. Ýöne soňky täze çempion bilen soňky täze finalçynyň arasyndaky finaldan soň, belki-de iň arzyly kubogy alanlaryň hataryna ýene biri goşulyp biler.

Portugaliýada iňlis finaly we beýleki gyzykly maglumatlar

ÜÇÜNJI IŇLIS FINALY

“Mançester Siti” bilen “Çelsiniň” arasynda oýnaljak ertirki final UEFA-nyň birinji derejeli bäsleşigindäki 3-nji iňlis finalydyr. Mundan öň 2008-nji ýylda “Mançester Ýunaýted” bilen “Çelsi” duşuşypdy we mankunianlar penaltilerden soň ýeňşini baýram edipdiler. 2019-njy ýylda-da “Liwerpul” kluby “Tottenham” toparyndan 3-1 hasabynda üstün çykypdy. Şol bir wagtyň özünde UEFA-nyň ýaryşlaryndaky 5-nji iňlis finalydyr (UEFA Kubogynyň finaly 1972 – “Tottenham”–“Wulwerhampton”, UEFA Ýewropa ligasynyň finaly 2019, “Çelsi”–“Arsenal”).

Galyberse-de, UEFA Çempionlar ligasynda bir ýurduň wekilleriniň arasyndaky 8-nji final bolar. Iňlis klublaryndan başga-da ispan klublary – 2000-nji ýylda “Real Madrid”–“Walensiýa”, 2014-nji we 2016-njy ýyllarda “Real Madrid”–“Atletiko Madrid”, italýan toparlary – 2003-nji ýylda “Milan”–“Ýuwentus”, nemes klublary – 2013-nji ýylda “Bawariýa”–“Borussiýa Dortmund” özara duşuşdylar.

ÖŇKI OÝUNLARDA “ÇELSI” ÖŇDE

“Mançester Siti” bilen “Çelsi” mundan ozal UEFA-nyň ýaryşlarynda 2 gezek özara duşuşyk geçirdiler. 1970/71 möwsüminde Ýewopanyň Kubokçylaryň Kubogy ýaryşynyň ýarym final oýunlary bolup, şonda “Çelsi” iki ýerde-de 1-0 hasaplar bilen ýeňiş gazanyp finala çykypdy we finalda “Real Madridi” 2-1 ýeňipdi. Iki topar Angliýanyň çempionatynda 166 gezek duşuşyp, “Çelsi” 68, “Mançester Siti” 58 sapar ýeňiş gazandy. 40 duşuşyk deňlikde tamamlandy.

“Mançester Siti” – “Çelsi” finalyny görkezjek teleýaýlymlar

UEFA Çempionlar ligasynyň 66-njy finaly – “Mançester Siti” bilen “Çelsiniň” arasyndaky aýgytlaýjy duşuşyk ertir “Dragao” stadionynda oýnalar. Aşgabat wagty bilen ýarygijede, ýagny şenbe güni 29-njy maýda 00:00-da başlanjak oýna ispaniýaly Antonio Mateo Lahoz eminlik eder. Duşuşyk dünýäniň ençeme ýurdunda onlarça teleýaýlym arkaly futbol janköýerleriniň dykgatyna ýetiriler. Köpleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan duşuşygy ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan IPTV-de bar bolan Russiýanyň “Match!”, “Match futbol 1”, Täjigistanyň “Varzish”, “Football”, şeýle-de, Azerbaýjanyň “CBC Sport” teleýaýlymlarynda göni ýaýlymda efire berler. Bulardan başga-da birnäçe kanal arkaly görkeziler. Bu barada UEFA-nyň resmi saýty “uefa.com” habar berýär.

Üç ýylda 10 müň 985 kilometr geçdi

Nemes hünärmenleri tarapyndan 2018-nji ýylda emeli hemralar arkaly yzarlamaga kömek edýän enjam dakylan “Klippi” lakamly leglek şondan bäri 11 müň kilometre golaý ýol geçdi. Üç ýylda 10 müň 985 kilometr aralygy uçup geçen guşa Germaniýanyň Pörnbah şäherinde Gün şöhlesinden zarýad alyp işleýän apparat dakylypdy. Leglek şol ýylyň güýzünde beýleki leglekler bilen bilelikde Afrika uçup gitdi. Guş Sudanda gyşlandan soňra, aprel aýynda demirgazyga tarap uçup başlady. Bu guşuň nirededigini “Animal Tracker” atly mobil programma arkaly görüp bolýar? Soňky ýyllarda dürli jandarlary şeýle programmalar arkaly yzarlamaga mümkinçilik döredildi. Bu bolsa, adamlarda tebigata bolan gyzyklanmany artdyrýar. Leglek üç ýylyň dowamynda ýedi ýurduň çäginden geçipdir.

Siz syýahata gideniňizde näme sowgat alýaňyz?

Başga şähere ýa-da ýurda gidilende ol ýerden sowgat alyp gaýtmak dünýäniň ähli halklarynda diýen ýaly däp bolsa gerek. Şol sebäpli daşary ýurtly myhmanlaryň gelýän ýerlerinde sowgatlyk dükanlary görmek bolýar. Ol ýerden getirilen sowgatlar bolsa uzak ýyllaryň dowamynda ýatlama bolup galýar. Eýsem, haýsy ýurtda nähili sowgatlyk harytlar has köp satylýarka?! Fransiýanyň syýahatçylyk kärhanasy “Club Med” ýurtlara görä has köp satylýan sowgatlyk harytlar barada maglumat taýýarlapdyr. Ine, olaryň käbiri:

Kanada: bu ýurda myhman bolanlar köplenç klýon agajynyň şiresini satyn alýarlar. Ýurtda agajyň bu görnüşi örän ýaýran bolup, döwlet baýdagyny hem klýonyň ýapragy bezeýär.

Ýamaýka: Merkezi Amerika we ekwator guşaklygyna ýakyn ýurtlara barýan myhmanlar köplenç kofe satyn alyp gaýtmagy kem görenoklar. Sebäbi iň gowy hilli kofe bu ýurtlarda ösdürilip ýetişdirilýär. Bu ugurda Ýamaýka öňdeligi eýeleýär. “Blue Mountain” atly kofe iň gowy kofe görnüşi hasaplanýar.

Belgiýa, Fransiýa we Niderlandlar

Bu ýurtlara baryp şokolad alyp gaýtmaýan gaty az.

Latwiýa, Litwa we Polşa

Bu ýurtlaryň myhmanlary köplenç zergärçilik önümlerini satyn alýarlar.

Horwatiýa

Lawanda.

Türkiýe

Türkiýede iň köp satylýan sowgatlyk haryt gözmonjuk.

Ýaponiýa

Sowgatlyk harytlar şol ýurduň medeniýeti bilen baglanyşykly bolýar. Günüň dogýan ýurdunyň myhmanlary origami kagyzyny satyn alýarlar.

Angliýa

Dünýäde iň köp ýagyn ýagýan ýurtlaryň biri hasaplanýar. Şol sebäpli bu ýerde saýawanlar gündelik durmuşyň bir bölegine öwrülen. Şeýle bolansoň, bu ýurduň myhmanlary öz göwünlerindäki ýaly saýawany tapyp bilýärler.

Koreýa Respublikasy

Dünýäde ýaponlaryň çaý içişlik dabarasy has meşhurlyk gazanan hem bolsa, bu däp koreý medeniýetinde hem uly orun tutýar. Ýurtdaky sowgatlyk dükanlaryň iň geçginli harydy bolsa bu ýurda mahsus bolan böwri tutawaçly çäýnek we dik edilip ýasalan käse.

Dünýäniň iň gymmat ulagy

Diňe 3 sanysy öndürildi

Angliýanyň lýuks awtoulag öndüriji brendi “Rolls-Royce” ýörite işlenip düzülen “Boat Tail” atly ulagyny tanyşdyrdy. Bahasy 20 million funt sterling bolan ulag 2019-njy ýylda 11,5 million funt sterlinge satylan “Bugatti La Voiture Noir”-iň rekordyny täzeledi. Ýörite sargyt esasynda ýasalanda ulaglaryň bahasy adatdakysyndan has gymmat bolýar. “Rolls-Royce Boat Tail”-iň yz tarapynda nahar iýilýän stol, içimlikler üçin sowadyjy, aýlanýan kiçi stollar, açylyp-ýapylýan oturgyçlar we saýawan bar. Yz tarapdaky gapaklar açylanda, ganata meňzeýär. Içki dizaýnda, öň tarapda Şweýsariýanyň iň meşhur sagat öndüriji kompaniýasy bolan “BOVET 1822”-niň sagatlary ýerleşdirilipdir. Sagatlaryň biri goşara dakmak niýetlenen bolsa, beýlekisi ulaga oturdylypdyr. “Coupe” görnüşli ulagyň uzynlygy 5,8 metr bolup, üsti açylyp-ýapylýar. “Phantom” modeliniň bazasynda döredilen ulagyň kapotynyň aşagynda göwrümi 6,75 litrlik goşa turboly V12 motor bar. Bu hereketlendirijiniň kuwwaty 563 at güýjüne barabar. Ulagdan bary-ýogy  üç sanysynyň öndürilendigi mälim edildi. Ulaglary kimleriň sargyt edendigi aýdylmady.

“Ýuwentus” Pirlony ugratdy, Allegrini wezipä belledi

Geçen möwsümiň ahyrynda Andrea Pirlonyň uly arzuwlar bilen tälimçilige bellän “Ýuwentus” topary ýaş hünärmeni wezipesinden boşatdy. 9 ýyllyk ýeňişden soň çempionlygy “Intere” aldyran “Ýuwentus” möwsümiň soňky tapgyrda 4-nji orunda tamamlap, Çempionlar ligasynda çykyş etmäge hukuk gazanypdy. Şunlukda, az salym öň topar resmi ýagdaýda Pirlonyň bary-ýogy bir möwsümden soň, wezipeden boşadylandygy habar berildi. Ýogsam, toparyň ýolbaşçylary Pirlony uzak möhletleýin, gelejekde has-da uly ýeňişler gazanmak maksady bilen wezipä belläpdiler. 42 ýaşyndaky tälimçi “Ýuwentus” bilen 52 resmi oýnuň 34-sinde ýeňiş gazanyp, 8-sinde ýeňildi (10 deňlik). Topar onuň tälimçiliginde Italiýanyň Kubogyna hem-de Super Kubogyna mynasyp boldy.

“Ýuwentus” toparynyň Pirlonyň ornuna ozalky tälimçisi Massimilano Allegrini 2 ýyllyk arakesmeden soň täzeden tälimçilige bellär. Habaryň gysga wagta resmi ýagdaýda jar edilmegine garaşylýar. Allegri 2014-2019-njy ýyllar aralygynda “Ýuwentusa” 5 “Serie A” çempionlygyny, 4 Italiýanyň Kubogyny gazandyrypdy. Topar onuň ýolbaşçylygynda 2 gezek hem Çempionlar ligasynyň finalyna çykypdy.

Poçettinonyň üsti gyzyl el

Ýewropa futbolynda häzirki wagtda milli çempionatlaryň tamamlanmagyndan soň hem-de Ýewropa çempionatynyň başlamagynyň öňüsyrasynda tälimçi alyş-çalşygy ýokary depginde dowam edýär. Yklymyň uly klublaryndan wezipesini taşlan tälimçileriň sany yzygiderli artýar. Häzirki wagtda PSŽ toparyna tälim berýän argentinaly Maurisio Poçettinonyň üsti gyzyl el. PSŽ-niň goýbermek islemeýän tälimçisini onuň ozalky kluby “Tottenham” bilen “Real Madrid” toparlary-da transfer etmek isleýär. “Goal”-uň habar bermegine görä, “Tottenham” ozalky tälimçisi bile içgin gyzyklanýar we Poçettinonyň hem bu Angliýa dolanmak meýli ýok däl. Beýleki bir tarapdanam Zidanyň wezipesini taşlamagyndan soň, tälimçi gözlegine çykan “Real Madridiň” klubunyň başlygy Florentina Pereziň hem ilkinji nobatda topary ynanyp biljek tälimçisiniň Poçettino boljakdygy habarda bellenilýär. Şol bir tarapdan hem “Ligue 1”-de çempionlygy “Lill” toparyna aldyran hem bolsa, PSŽ-niň ýolbaşçylary Poçettinonyň toparda galmagyny isleýärler.

Kanallar şäheriniň topary 20 ýyldan soň ýokary ligada

Italiýanyň çempionaty “Serie A” çykan soňky klub kanallar şäheri Wenesiýanyň adybir “Wenesiýa” topary boldy. Soňky gezek 2001/2002 möwsüminde “Serie A”-da çykyş eden wenesiýalylar 5-nji gezek ýokary ligada oýnarlar. Topar “Serie B”-ni 5-nji hatarda tamamlap, pleý-off tapgyrynda ilki “Kiewony”, soňra “Leççeni” we finalda-da “Sittadellany” ýeňmegi başardy. Wenesiýa topary öz duşuşyklaryny deňziň kenarynda ýerleşýän we 1913-nji ýylda gurlan 7500 janköýerlik Pierluiji Penzo stadionynda oýnaýar.

Paolo Zanettiniň tälim berýän “Wenesiýa” toparyndan ozal “Empoli” bilen “Salernitana” toparlary “Serie A” ýollanma alypdy. “Serie A”-dan bolsa, “Benewento”, “Krotone”, “Parma” toparlary aşaky liga düşüpdi.

Selena Gomez, Khalid, Marshmello Çempionlar ligasynyň finalynda çykyş ederler

Pandemiýa sebäpli Stambuldan alnyp, Portugaliýanyň Porto şäherinde berlen UEFA Çempionlar ligasynyň finalynda meşhur aýdymçylar Selena Gomez, Khalid hem-de Marshmello dagy çykyş ederler. Ady agzalan dünýä belli ýyldyzlar “Dragao” stadionynda “Mançester Siti” bilen “Çelsiniň” arasynda oýnaljak finaldan öň janköýerlere hem-de tomaşaçylara kiçeňräk şou-konsert bererer. Konsertiň 10 minut töweregi wagtlap dowam etmegine garaşylýar. Duşuşyga 16500 janköýer alnar. Çempionlar ligasynyň taryhyndaky 3-nji iňlis finalyna ispaniýaly Mateo Lahoz eminlik eder. Futbol janköýerleriniň sabyrsyzlyk bilen garaşýan final duşuşygy ýagny ertir, 29-njy maýda, şenbe güni ýarygijede, Aşgabat wagty bilen 00:00-da başlar.

Sanly ýewronyň çykjak wagty mälim edildi

Ýewropanyň Merkezi bankynyň dolandyryjylar geňeşiniň agzasy Fabio Panetta sanly ýewronyň 2026-njy ýylda peýda boljakdygyny mälim etdi. Panetta sanly walýuta geçmek üçin esasy iki sebäbiniň bardygyny aýtdy. Onuň pikiriçe, adamlaryň köpüsi internet arkaly söwda edýär. Bu ýagdaý dowam etse, nagt puluň ulanyşy azalar. Şeýlelikde ygtybarly walýutany döretmeli bolar. Ikinji sebäbi bolsa, bölek söwda bazaryndaky daşary ýurt monopoliýasynyň öňüni almakdan ybarat. Panetta Ýewropanyň sanly töleg çözgütlerde orny bolmasa, walýuta we maliýe garaşsyzlygyna howp abanar. Bankyň ýolbaşçysy sanly ýewronyň ulanyjylara dolulygyna ygtybarly we töwekgelçiliksiz töleg serişdesini hödürlejekdigini mälim etdi. Panetta sanly töleg serişdesi kadalaşdyrylmadyk ýagdaýynda has köp maýa goýumyň geljekdigini we munuň maliýe durnuklylygyna oňaýsyz täsir edip biljekdigini belledi.

«Aş­ga­bat-si­ti» – şä­he­riň için­dä­ki şä­her

0

25-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli paýtagtymyzyň demirgazygynda «Aşgabat-siti» iri ýaşaýyş toplumynyň düýbüni tutmak we iki gatly täze ýaşaýyş jaýlaryny ulanmaga bermek boýunça guralan dabaralara gatnaşdy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz iri, äh­mi­ýet­li gur­lu­şyk tas­la­ma­la­ry­ny öňe sür­mek bi­len, ola­ryň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi­niň äh­li tap­gyr­la­ry­ny he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­la­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz öz­bo­luş­ly çöz­güt­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne, tä­ze­çil, şol san­da san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň, in­že­ner­çi­lik-teh­ni­ki iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy­na mö­hüm äh­mi­ýet ber­ýär. Bu usul­lar ös­ýän we öz çä­gi­ni gi­ňeld­ýän Aş­ga­bat­da giň­den ula­nyl­ýar.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy esa­syn­da iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan ägirt uly, tä­ze­çil me­ga-tas­la­ma­da dün­ýä tej­ri­be­sin­de giň­den ula­nyl­ýan şä­her­gur­lu­şyk çöz­güt­le­ri we mil­li bi­na­gär­lik ýö­rel­ge­le­ri öz be­ýa­ny­ny ta­par. «Aş­ga­bat-si­ti­niň» gur­lu­şy­gy­nyň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, döwlet Baştutanymyzyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň 24-nji maý­da ge­çi­ri­len gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de gol çe­ken Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, de­giş­li Pu­da­ga­ra to­par dö­re­dil­di we onuň dü­zü­mi tas­syk­la­nyl­dy.
Ir sä­her bi­len şä­he­riň de­mir­ga­zyk kün­je­gin­de bi­na edil­jek tä­ze top­lu­myň düý­bü­ni tut­mak da­ba­ra­sy­nyň ge­çi­ril­jek ýe­rin­de baý­ram­çy­ly­ga mah­sus ýag­daý eme­le gel­di. Bu ýe­re Mil­li Ge­ňe­şiň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň, mi­nistr­lik­le­riň, pu­dak­la­ýyn dü­züm­le­riň, paý­tag­ty­my­zyň hä­kim­lik­le­ri­niň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň hem-de köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry ýyg­nan­dy­lar.
Hem­me­ler uly ru­hu­be­lent­lik, şat­lyk-şow­hun bi­len hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi gar­şy­la­dy­lar.
Şan­ly wa­ka my­na­sy­bet­li sun­gat us­sat­la­ry baý­ram­çy­ly­ga mah­sus dö­re­di­ji­lik sow­gat­la­ry­ny taý­ýar­la­dy­lar. Ola­ryň aý­dym-saz­ly çy­kyş­la­ryn­da, joş­gun­ly tans­la­ryn­da saz­la­şyk­ly ösüş ýo­lu­na dü­şen mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zyň, ak mer­mer­li paý­tag­ty­my­zyň, ag­zy­bir hal­ky­my­zyň bi­tir­ýän iş­le­ri­niň we Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň dün­ýä nus­ga­lyk ýö­rel­ge­le­ri­niň was­py ýe­ti­ril­di.
Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ýer­de otur­dy­lan «Türk­me­niň ak öýi» bi­na­sy­na bar­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýyg­na­nan­la­ra ýüz­le­nip, il­ki bi­len hem­me­le­ri, wa­tan­daş­la­ry­my­zy her bir türk­me­nis­tan­ly­nyň buý­san­jy­na we göz-gu­wan­jy­na öw­rü­len ak mer­mer­li paý­tag­ty­myz Aş­ga­ba­dyň gü­ni, şeý­le-de onuň esas­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň 140 ýyl­ly­gy bi­len gut­lap, onuň uly da­ba­ra­la­ra bes­le­nip, giň­den bel­le­ni­lip ge­çil­ýän­di­gi­ni aýt­dy. 2013-nji ýyl­da dö­re­di­len bu baý­ram her ýyl tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dy­ry­lyp, mil­li se­ne­na­ma­myz­da mö­hüm orun eýe­le­ýär.
Her bir şan­ly se­nä ga­bat­lap, ber­ka­rar döw­le­ti­miz­de dür­li mak­sat­ly tä­ze des­ga­la­ry we bi­na­la­ry da­ba­ra­ly ýag­daý­da açyp, ulan­ma­ga ber­mek hem-de Ga­raş­syz­lyk eý­ýa­my­nyň ru­hu­na la­ýyk gel­ýän döw­re­bap gur­lu­şyk­la­ryň, şol san­da oba­la­ryň­dyr şä­her­çe­le­riň, tu­tuş şä­her­le­riň düý­bü­ni tut­mak we gur­mak Türk­me­nis­tan­da asyl­ly dä­be öw­rül­di.

Umu­my meý­da­ny 744 gek­tar
bo­lan me­ga-tas­la­ma
Biz şu gün hem paý­tag­ty­my­zyň de­mir­ga­zyk bö­le­gin­de gu­rul­jak aja­ýyp bi­na­lar we des­ga­lar top­lu­my­nyň bin­ýa­dy­ny goý­ýa­rys di­ýip, milli Liderimiz sö­zü­ni do­wam et­di. Umu­my meý­da­ny 744 gek­tar bo­lan bu ägirt uly top­lu­my «şä­he­riň için­dä­ki şä­her» di­ýip at­lan­dyr­mak bo­lar. Çün­ki ol dür­li mak­sat­ly bi­na­la­ryň­dyr des­ga­la­ryň 240-dan gow­ra­gy­ny öz içi­ne alyp, ýa­şa­mak we dynç al­mak üçin äh­li ze­rur­lyk­la­ry üp­jün edi­len tu­tuş şä­her dü­zü­mi­ni eme­le ge­ti­rer.
Bu ýer­de et­rap hä­kim­li­gi­niň­dir beý­le­ki eda­ra bi­na­la­ry­nyň we dur­muş ul­ga­my­na de­giş­li des­ga­la­ryň köp san­ly­sy gur­lar. Düýp­li ma­ýa go­ýum se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­by­na 1200 orun­lyk dört sa­ny ça­ga­lar ba­gy, 3000 orun­lyk umu­my­bi­lim ber­ýän dört sa­ny or­ta mek­dep, Me­de­ni­ýet öýi hem-de 5000 orun­lyk sta­di­on­ly sport top­lu­my bi­na edi­ler.
Şeý­le hem bu ýer­de Türk­men mil­li kon­ser­wa­to­ri­ýa­sy­nyň we ýö­ri­te­leş­di­ri­len saz­çy­lyk mek­de­bi­niň tä­ze, döw­re­bap bi­na­la­ry­ny, kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­ny, iki sa­ny Sag­lyk öýü­ni, şon­ça-da söw­da-dynç alyş mer­ke­zi­ni, dü­kan­lar­dyr na­har­ha­na­la­ry, toý me­ka­ny­ny, köp gat­ly aw­to­du­ral­ga­la­ryň dör­dü­si­ni, «Türk­men­ba­şy» we «Halk­bank» tä­jir­çi­lik bank­la­ry­nyň şa­ham­ça­la­ry­ny gur­mak göz öňün­de tu­tul­ýar di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bel­le­di.
Tä­ze dö­re­dil­jek şä­her­de bi­ziň yg­lan eden «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen sy­ýa­sa­ty­myz­dan ugur al­nyp, has oňaý­ly we otag­la­ry­nyň ýer­le­şi­şi go­wu­lan­dy­ry­lan ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ler.

Bu ýer­de ka­şaň, şol san­da has be­lent, ýag­ny 12-35 gat­ly, 107 müň­den gow­rak ila­ta ni­ýet­le­nen, 17 müň 836 öý­li, se­kiz gör­nüş­li 180 sa­ny ýa­şa­ýyş ja­ýy­ny gur­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär di­ýip, döwlet Baştutanymyz sö­zü­ni do­wam et­di.
Bu ýa­şa­ýyş top­lu­my­nyň esa­sy gi­rel­ge­si aý­law­ly köp­ri gör­nü­şin­de bo­lar. Ol de­mir­den gur­na­lan ak öý şe­ki­li bi­len hal­ky­my­zyň myh­man­sö­ýer­li­gi­niň hem-de dost-do­gan üçin ga­py­sy­nyň he­mi­şe açyk­ly­gy­nyň ny­şa­ny­na öw­rü­ler.
Bu­lar­dan baş­ga-da, ça­ga­lar dö­re­di­ji­lik mer­ke­zi­niň, se­ýil­gä­hiň, dü­züm­le­ýin ýol-ulag ul­ga­my­nyň des­ga­la­ry­nyň, je­ma­gat ho­ja­ly­gy­na de­giş­li bi­na­la­ryň­dyr in­že­ner-kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­gam­la­ry­nyň için­dä­ki ýol­la­ryň gur­lu­şy­gy göz öňün­de tu­tul­ýar. Şeý­le­lik­de, ýa­kyn ýyl­lar­da bu ýer­de «Aş­ga­bat-si­ti» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan tu­tuş döw­re­bap şä­her peý­da bo­lar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di.
Ak mer­mer­li Aş­ga­bat di­ňe bir owa­dan we ýa­şa­mak üçin has oňaý­ly bol­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, döw­re­bap me­ga­po­lis hem bol­ma­ly­dyr. Mu­nuň özi onuň äh­li dur­muş üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry­nyň bök­denç­siz iş­le­me­gin­de hem-de daş­ky keş­bin­de öz be­ýa­ny­ny tap­ma­ly­dyr. Bu iş­le­ri ama­la aşyr­ma­ga ýaş, döw­re­bap pi­kir­len­me­gi ba­şar­ýan hü­när­men­le­ri, şol san­da Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň hem-de Döw­let çe­per­çi­lik aka­de­mi­ýa­sy­nyň ta­lyp­la­ry­ny iş­jeň çek­mek ze­rur­dyr.
Ýur­du­myz­da şä­her­gur­lu­şyk ul­ga­my­ny ös­dür­mek üçin kä­mil bi­lim ul­ga­my dö­re­dil­di. Şu müm­kin­çi­li­gi giň­den ula­nyp hem-de ös­dü­rip, ýaş bi­na­gär­le­riň, di­zaý­ner­le­riň, in­že­ner­le­riň dö­re­di­ji­lik baş­lan­gyç­la­ry­ny, tä­ze­çil tek­lip­le­ri­ni yzy­gi­der­li hö­wes­len­di­rip dur­ma­ly di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy.
Paý­tag­ty­my­zyň tä­ze des­ga­la­ry, ýa­şa­ýyş jaý we beý­le­ki bi­na­gär­lik top­lum­la­ry şä­he­riň aja­ýyp te­bi­ga­ty bi­len saz­la­şyk­ly bol­ma­ly­dyr. Se­bä­bi bu ýer­de döw­re­bap, ok­gun­ly ös­ýän, açyk hem-de kö­pö­wüş­gin­li tä­ze şä­her gu­rul­ýar. Şo­ňa gö­rä-de, bu ýer­de ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki aras­sa­çy­ly­gy we ter­tip-düz­gü­ni ber­jaý et­mek ze­rur­dyr, ra­ýat­la­ry­my­zyň dur­muş amat­lyk­la­ry­nyň hö­zi­ri­ni gö­rüp, asu­da ýa­şa­ma­gy üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­me­li­dir.
Bu ba­ra­da­ky gür­rü­ňi do­wam edip, hormatly Prezidentimiz Aş­ga­ba­dyň eko­lo­gi­ýa­sy, ony ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek, daş­ky gur­şa­wyň tä­si­ri­ni go­wu­lan­dyr­ma­gyň has kä­mil gu­ral­la­ry­ny we usul­la­ry­ny, bu ul­gam­da dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­si­ni, se­riş­de­le­ri hem-de ener­gi­ýa tyg­şyt­laý­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak bi­len bag­ly me­se­le­le­re aý­ra­tyn üns be­ril­me­li­di­gi­ni aýt­dy. Hä­zir­ki dö­wür­de bu me­se­le­ler tu­tuş dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň üns mer­ke­zin­de dur­ýar.

Owa­dan we aras­sa, ýa­şa­mak
üçin has oňaý­ly şä­her
Bi­ziň göz-gu­wan­jy­myz, Azi­ýa­nyň «mer­jen şä­he­ri» Aş­ga­bat dün­ýä­de iň owa­dan we aras­sa, ýa­şa­mak üçin has oňaý­ly şä­her bol­ma­ly­dyr. Mu­nuň üçin biz­de äh­li müm­kin­çi­lik­ler hem-de se­riş­de­ler ýe­ter­lik bar. Dö­re­di­ji­li­giň ýo­ly bi­len ynam­ly ga­dam ur­ýan döw­let hem­me­ta­rap­la­ýyn gurp­lu­dyr.
Tu­tuş Di­ýa­ry­myz­da bol­şy ýa­ly, Aş­ga­bat şä­he­rin­de hem ama­la aşy­ryl­ýan düýp­li öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de hä­zir­ki za­man dur­muş-yk­dy­sa­dy dü­zü­mi­ni dö­ret­mä­ge köp ma­ýa go­ýum se­riş­de­le­ri goý­be­ril­ýär. Şol dü­züm bol­sa ra­ýat­la­ry­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy, dynç al­ma­gy hem-de dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çek­me­gi üçin has amat­ly şert­le­ri üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ril­me­li­dir di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di.
Ak mer­mer­li paý­tag­ty­myz­da şä­her­gur­lu­şyk mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň uzak möh­let­li ne­ti­je­si onuň has ro­waç­lan­ýan, ýo­ka­ry de­re­je­de ösen, kuw­wat­ly döw­le­tiň paý­tag­ty hök­mün­dä­ki de­re­je­si­ne do­ly la­ýyk gel­me­li­dir.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, tä­ze şä­he­riň gur­lu­şy­gy­na baş­la­maz­dan ozal, biz köp san­ly taý­ýar­lyk iş­le­ri­ni alyp bar­ma­ly­dy­rys. Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň alym­la­ry seýs­mik ýag­da­ýy düýp­li sel­je­rip, bu ýer­de nä­çe gat­ly jaý­la­ry gu­rup bol­jak­dy­gy­ny anyk­la­ma­ly­dyr. Çyz­gy­çy­lar gur­lu­şy­gyň al­nyp ba­ryl­jak ýer­le­ri­ni kar­ta ge­çir­me­li­dir.
Şeý­le hem bu giň ge­rim­li iş­le­re ýol­baş­çy­lyk et­jek gur­lu­şyk kär­ha­na­sy­ny dö­re­dip, ony ýo­ka­ry hü­när­li iş­gär­ler bi­len üp­jün et­me­li. Mun­dan baş­ga-da, gu­rul­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýan bi­na­la­ryň we des­ga­la­ryň tas­la­ma­sy­ny dü­züp, olar üçin gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri bo­lan se­ment, agaç-tag­ta, de­mir we beý­le­ki ze­rur önüm­le­ri, dün­ýä­de ko­ro­na­wi­rus ýo­kan­jy­nyň ýaý­ran hä­zir­ki döw­rün­de ni­re­den al­ma­ly­dy­gy­ny anyk­la­ma­ly. Ola­ryň özü­miz­de ön­dü­ril­me­ýän gör­nüş­le­ri­ni da­şa­ry ýurt­lar­dan nä­dip ge­tir­me­li­di­gi­ni kes­git­le­me­li.
Bu ba­ra­da aýt­mak bi­len, mil­li Li­de­ri­miz Oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi­niň tä­ze gu­rul­jak şä­he­riň ila­ty­ny, bag­la­ry, suw çüw­dü­rim­le­ri­ni suw bi­len üp­jün et­me­giň çeş­me­si­ni anyk­la­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň aý­dy­şy ýa­ly, şu gün gur­lu­şy­gy bir­nä­çe ýy­la çek­jek uly şä­he­riň düý­bi tu­tul­ýar. Şo­ňa gö­rä-de, ýo­kar­da sa­na­lyp ge­çi­len­ler­den baş­ga-da, köp me­se­le­le­ri çöz­me­li. «Ýag­şy ni­ýet – ýa­rym döw­let» di­ýip­dir­ler. Ne­sip bol­sa, ýe­ne-de bir­nä­çe ýyl­dan biz gö­zel Kö­pet­dag bi­len uç-gy­rak­syz Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň sep­leş­ýän ýe­rin­de, ýa­şa­mak üçin äh­li amat­lyk­la­ry bo­lan dün­ýä de­re­je­li lo­wur­dap du­ran aja­ýyp şä­he­riň gur­lu­şy­gy­na şa­ýat bo­la­rys.
Eziz Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şan­ly 30 ýyl­lyk baý­ra­my­nyň bel­le­nil­ýän «Türk­me­nis­tan – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» diý­lip yg­lan edi­len ýyl­da gö­zel paý­tag­ty­my­zyň aja­ýyp kün­jek­le­ri­niň bi­rin­de düý­bi tu­tul­ýan bu şä­her gü­neş­li Di­ýa­ry­my­zyň gün­sa­ýyn dep­gin­li ös­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär, Ga­raş­syz ýur­du­my­zyň kuw­wat­ly döw­le­te öw­rül­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär.
Men ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň be­dew ba­dy bi­len ynam­ly öňe gi­dip, tä­ze be­lent­lik­le­re ýet­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­na öw­rül­jek bu aja­ýyp şä­he­riň bag­ty­ýar ne­sil­le­ri­mi­ze hyz­mat et­jek­di­gi­ne berk ynan­ýa­ryn di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz çy­ky­şy­nyň ahy­ryn­da hem­me­le­ri döw­let de­re­je­sin­de bel­le­nil­ýän Aş­ga­bat şä­he­ri­niň gü­ni hem-de tä­ze şä­he­riň düý­bü­niň tu­tul­ma­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy hem-de çä­rä gat­na­şan­la­ra berk jan sag­ly­gy­ny, maş­ga­la aba­dan­çy­ly­gy­ny, eziz Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­niň, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň ro­waç­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň çy­ky­şy ta­mam­la­nan­dan soň, bu ýer­de «Aş­ga­bat-si­ti­niň» tas­la­ma­sy, umu­man, bu ýer­de gu­rul­jak des­ga­lar, bi­na­gär­lik top­lum­la­ry we ugur­daş dü­züm­ler ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat ber­ýän wi­deo­şe­kil­ler gör­ke­zil­di.
Soň­ra kör­pe ne­sil­le­riň we­kil­le­ri bo­lan og­lan­jyk we gyz­ja­gaz döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za ýüz­le­nip, aja­ýyp goş­gy se­tir­le­ri­ni oka­dy­lar we hormatly Prezidentimizden şu gün­ki şan­ly wa­ka my­na­sy­bet­li gel­jek ne­sil­le­re ni­ýet­le­nen ýa­dy­gär­lik ýaz­gy ýaz­ma­gy­ny ha­ýyş et­di­ler. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýa­dy­gär­lik ýaz­ga gol çe­kip, ony ýö­ri­te gu­ta ýer­leş­dir­di.
Asyl­ly dä­be gö­rä, mil­li Li­de­ri­miz gu­ty­ny tä­ze gur­lu­şy­gyň bin­ýa­dy­na atyp, ýa­şa­ýyş top­lu­my­nyň gur­lu­şy­gy­nyň il­kin­ji be­to­ny­ny at­dy. Hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar we beý­le­ki da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň gö­rel­de­si­ne eýer­di­ler.
Da­ba­ra­nyň ahy­ryn­da Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­miz kör­pe ne­sil­le­riň we hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ryň ha­ýyş­la­ry bo­ýun­ça olar bi­len ýa­dy­gär­lik su­ra­ta düş­di.
Soň­ra mil­li Li­de­ri­miz paý­tag­ty­my­zyň Bag­ty­ýar­lyk et­ra­by­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýän Ço­gan­ly ýa­şa­ýyş top­lu­myn­da Aş­ga­bat şä­he­ri­niň 140 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li açyl­ýan 140 sa­ny iki gat­ly ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy.

 

We­lo­si­ped, sa­mo­kat, skeýt­bord sür­len­de nä­me­le­re üns be­ril­me­li?

0

To­mus pas­ly ge­lip ýet­di. Eý­ýäm kö­pi­ňiz to­mus­ky dynç alyş möw­sü­min­de nä­me­ler et­jek­di­gi­ňi­zi me­ýil­leş­di­ren­si­ňi­z, in­di gü­nüň bel­li wag­tyn­da tu­rup mek­de­be git­me­li däl. Şol se­bäp­li köp ça­ga gü­nüň bel­li wag­ty­ny we­lo­si­ped sür­mek bi­len ge­çir­ýär. We­lo­si­ped sür­mek äh­li ýaş­da­ky adam­la­ryň sag­ly­gy üçin örän peý­da­ly ha­sap­lan­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da we­lo­si­ped­den we sa­mo­kat­dan baş­ga-da skeýt­bord we beý­le­ki ti­gir­çek­li ulag­la­ryň dür­li gör­nü­şi peý­da bo­lup baş­la­dy. Güý­men­je mak­sa­dy bi­len ula­nyl­ýan bu ulag­lar sür­len­de, edil we­lo­si­ped sür­len­de bol­şy ýa­ly ta­la­ba­la­ýyk ge­ýin­me­li­di­gi­ni unut­maň! We­lo­si­ped we ti­gir­çek­li tag­ta­lar ça­ga­lar üçin ýö­ri­te meý­dan­ça­lar­da, se­ýil­gäh­ler­de hem-de aw­tou­lag he­re­ke­ti­niň ýok ýe­rin­de sü­rül­me­li. Ýol he­re­ke­ti­niň bar ýe­rin­de we­lo­si­ped sür­len­de açyk we ýal­pyl­da­wuk reňk­li eşik­ler geý­me­li. Ýol he­re­ke­ti­niň düz­gün­le­ri pug­ta ber­jaý edil­me­li. Ýo­ly ke­sip geç­me­li bo­lan­da, py­ýa­da­lar üçin bel­le­nen ýer­den, we­lo­si­ped­den we şu­ňa meň­zeş ulag­dan dü­şüp, py­ýa­da geç­me­li.
We­lo­si­pe­d we ti­gir­çek­li ulag­lar sür­len­de egin-eşik­le­ri­miz yk­jam we ýe­ňil, kö­wü­şiň bag­jyk­la­ry da­ňy­lan bol­ma­ly.
Jü­bi­ňiz­de ýi­ti zat bol­ma­ly däl. Ta­la­ba­la­ýyk kas­ka ge­ýil­me­li. Kas­ka kel­lä­niň öl­çe­gi­ne la­ýyk bo­lup, eşi­dişiňe we gö­rü­şi­ňe päs­gel ber­me­li däl.
Dyz we tir­sek üçin ýö­ri­te go­rag es­ba­by da­kyl­ma­ly. Aşa­gy ýyl­ma­nak bol­ma­dyk, ýa­pyk kö­wüş geý­me­li. Is­len­dik ula­ga mün­mez­den öň onuň äh­li ýe­ri­niň saz iş­le­ýän­di­gi­ni bar­la­ma­ly. Ti­gir­le­ri­niň daş­ky ör­tü­gi ýyl­ma­nan bol­sa, ony ça­lyş­ma­ly, ýe­li­ni bar­la­ma­ly.
We­lo­si­pe­diň öňün­de hem-de yzyn­da şöh­lä­ni yzy­na ser­pik­dir­ýän reňk­li aý­na­la­ry bol­ma­ly we ol he­mi­şe aras­sa sak­lan­ma­ly. Erk edip bil­me­jek de­re­je­de aşa tiz­lik­de sür­me­li däl. Bu ýag­daý ti­gir­çek­li tag­ta­lar­ sür­len­de has hem üns be­ril­me­li zat­la­ryň bi­ri­dir. Se­bä­bi ola­ryň köp­üsi­ni do­lan­dyr­mak üçin hiç zat göz öňün­de tu­tul­ma­dyk.
Eger ýük da­şa­ma­ly bol­sa, ol we­lo­si­pe­diň se­be­di­ne, sür­len wag­ty de­ňag­ram­ly­ly­gy­na tä­sir et­me­jek de­re­je­de go­ýul­ma­ly. Ula­gy­ňy­zyň ulu­ly­gy bo­ýu­ňy­za we ag­ra­my­ňy­za la­ýyk bol­ma­ly. Eger we­lo­si­pe­di we beý­le­ki ki­çi göw­rüm­li ulag­la­ry sü­rüp gör­me­dik bol­sa­ňyz ony bil­ýän bi­rin­den ma­za­ly öw­re­nen­den soň­ra öz­baş­dak ulan­ma­ly­dy­gy­ny ýa­dy­ňyz­dan çy­kar­maň!
To­mus­ky dynç alyş möw­sü­min­de müm­kin bol­du­gy­ça açyk ho­wa­da ge­ze­lenç ediň, we­lo­si­ped sü­rüň, oýun oý­naň! Em­ma Gü­nüň çür de­pe­de wag­ty da­şa­ryk çyk­maň!

Nä­me üçin Der­ýa­lar şol bir ta­ra­pa ak­ýar?

0

Beý­le­ki äh­li ji­sim­ler­de bol­şy ýa­ly suw hem Ýe­riň dar­tyş güý­ji bi­len aşak­ly­gy­na gid­ýär. Ýag­ny haý­sy ta­rap oý bol­sa, şol ta­ra­pa ak­ýar. Der­ýa­lar adat­ça dag­la­ryň be­ýik ge­riş­le­rin­dä­ki ga­ryň, bu­zuň ere­me­gi, ýa­gy­nyň ýag­ma­gy bi­len eme­le gel­ýän ki­çi­jik çeş­me­le­riň bi­rik­me­gi bi­len dö­re­ýär, de­ňiz de­re­je­sin­den has be­lent­de dö­rän ha­na­dan aşak­ly­gy­na akyp baş­la­ýar. Ahy­ryn­da bol­sa, deň­ze, kö­le ýa-da baş­ga bir der­ýa ba­ryp guý­ýar. Der­ýanyň ha­na­la­ry ýüz­ler­çe ýyl ozal eme­le ge­lip, köp wagt­dan bä­ri şol ugur­dan ak­ma­gy­ny do­wam et­dir­ýär. Kä­bir der­ýa­lar bol­sa, öz ugur­la­ry­ny üýt­ged­ýär. Mu­ňa der­ýa­nyň ha­na­sy­nyň gyr­man­ça­lar bi­len dol­ma­gy se­bäp bol­ýar. Şeý­le ýag­daý­da ha­na­sy­na syg­ma­dyk suw baş­ga ugur ta­pyp, şon­dan akyp baş­la­ýar.

Der­ýa­lar ba­ra­da mag­lu­mat­lar
Dün­ýä­dä­ki kä­bir der­ýa­lar ýy­lyň bel­li döw­rün­de gu­ra­ýar. Di­ňe ýa­gyn­ly möw­süm­de ak­ýan şeý­le der­ýa­la­ra Günor­ta Ýew­ro­pa­da, Gü­nor­ta Ame­ri­ka­da, Af­ri­ka­da we Awst­ra­li­ýa­da ga­bat gel­mek bol­ýar. Şu­ňa meň­zeş der­ýa­lar adat­ça de­ňiz­den ýa-da um­man­dan uzak­da­ky giň düz­lük­ler­de bol­ýar. Kä­bir der­ýa­la­ryň bol­sa gu­rap ga­la­ny­na müň­ler­çe ýyl bo­lup­dyr.
Ara­bys­tan ýa­rym ada­syn­da­ky Wa­di Had­ra­maut jül­ge­si bir­nä­çe asyr ozal der­ýa bo­lup­dyr. Ita­li­ýa­da­ky Ti­br hem-de Ang­li­ýa­da­ky Tem­za der­ýa­la­ry­nyň ha­na­sy he­mi­şe do­ly bo­lup, ýy­lyň kä­bir döw­rün­de bel­li ýer­le­rin­de joş­gun­lar eme­le gel­ýär.
Dün­ýä­niň iň uzyn der­ýa­sy bo­lan Nil öz gözbaşyny Or­ta Af­ri­ka­nyň dag­la­ryn­dan alyp Or­ta­ýer deň­zi­ne çen­li 6650 kilometrden gowrak ara­ly­ga uzap gid­ýär.
Dün­ýä­niň iň gys­ga der­ýa­sy­nyň uzyn­ly­gy 61 met­re ýet­ýär. ABŞ-nyň Mon­ta­na şta­tyn­da­ky Ro der­ýa­sy 1989-njy ýyl­da bu ugur­da Gin­ne­siň Bü­tin­dün­ýä re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­ýär.
Dag etek­le­rin­de has dik ha­na­dan akan­la­ryn­da der­ýa­nyň ýa-da çeş­mä­niň su­wu­nyň aky­my güýç­li bol­ýar.

Der­ýa bi­len bag­ly kä­bir söz­ler
Adak: Daş­gyn wag­tyn­da der­ýanyň ke­nar­la­ry­nyň suw bas­ýan ýer­le­ri ýa-da der­ýa gol­la­ry­nyň ara­syn­da gal­ýan ki­çi­jik ada­jyk.
Ak­ga­ýyr: Der­ýa­nyň su­wu­nyň çe­ki­len ýe­ri.
Ar­na: Der­ýa­nyň özün­den aý­ry­lyp, ýe­ne şo­ňa go­şul­ýan go­ly.
Bent: Der­ýa­lar­da, ke­nar­lar­da su­wuň de­re­je­si­ni ýo­ka­ryk gal­dyr­mak we bö­lüş­dir­mek üçin gu­rul­ýan des­ga.
De­giş: Der­ýa­nyň ke­na­ry­ny opu­ran ýe­ri.
Şogap: Der­ýanyň aky­my­nyň bö­lün­me­gi bi­len su­wuň or­ta­syn­da ga­lan zo­lak gu­ry ýer.
Üňüz: Aka­ba­nyň gal­dy­ran su­du­ry, yzy ga­lan ug­ry.

Sözi manysy bilen öwreneliň!

0

Zäh­me­tiň na­ny süý­ji,
ýal­ta­nyň – ja­ny

Dur­mu­şy maz­mun­da be­ýan edi­len bu na­kyl­da, ada­ma iň esa­sy ge­rek bo­lan zat – zäh­met ter­bi­ýe­si ha­kyn­da aý­dyl­ýar. Zäh­met ada­my tap­la­ýan, kyn­çy­lyk­la­ry ýe­ňip geç­mek­de kö­mek ed­ýän te­bi­gy en­dik­dir. Zäh­met­siz ýe­ti­len za­dyň ga­dyr­syz bol­şy ýa­ly, zäh­met çe­kip, maň­laý de­ri­ňi dö­küp gün gör­me­giň, öz zäh­me­ti­ňe gö­rä ýa­şa­ma­gyň hö­zi­ri hem süý­jü­dir. Na­kyl­da be­ýan edi­len «nan» sö­zi gün-gü­ze­ran üçin ge­rek bo­lan mad­dy zat­la­ry aň­lad­ýar. «Süý­ji» sö­zi zäh­met çe­kip ga­za­ny­lan zat­lar­dan gö­rül­ýän hö­zir­dir. Öz zäh­me­tiň bi­len ýyg­na­lan is­len­dik zat gö­zü­ňe ys­sy gö­rün­ýär, ony aýap sak­la­ýar­syň, ha­ýyr­ly gün­ler­de ulan­ýar­syň. Na­ky­lyň bi­rin­ji bö­le­gi­ne ugur­daş na­kyl­la­ra göz aý­la­lyň:

Zäh­met so­ňy – reh­net
Çek­seň zäh­met, ýa­gar reh­net

Na­ky­lyň ikin­ji bö­le­gin­de «ýal­ta» sö­zi ge­ti­ril­ýär. Türk­men di­li­niň söz­lü­gin­de: «Ýal­ta – zäh­met çek­me­gi ha­la­ma­ýan, tem­mel, iş ýak­maz» diý­lip dü­şün­di­riş be­ril­ýär. Ýal­ta ow­nuk-uşak zat­la­ra güý­me­nip, gü­nü­ni bi­kär­çi­lik­de ge­çir­ýär. Zäh­met çek­me­gi, özü­ne döz ge­lip iş­le­me­gi ha­la­ma­ýar. Bu ýer­de «jan» sö­zi gö­ni ma­ny­da bol­man, ýal­ta­nyň zäh­met­den ga­çyp, özi üçin göz­le­ýän oňaý­ly şert­le­ri­dir (me­se­lem, ýa­typ dynç al­mak, kö­le­ge­li sal­kyn ho­wa, taý­ýar na­har we ş.m.). Ýag­ny, je­pa­syz dur­muş­dyr. Şu ýer­de bir­nä­çe na­kyl­la­ra ün­si çe­ke­liň:

Ýaz kö­le­ge hoş, gyş çu­wal boş
To­mus de­pe­si gaý­na­ma­dy­gyň,
gyş ga­za­ny gaý­na­maz
Iş aşa çe­ker, ýal­ta­lyk – ba­şa

Na­ky­ly jem­lä­ni­miz­de, zäh­met çek­mek adam sag­ly­gy üçi­nem, mad­dy ýag­da­ýy üçin hem örän peý­da­ly en­dik­dir. Zäh­met çe­ki­lip ga­za­ny­lan za­dyň ga­dy­ry hem baş­ga­ça bol­ýar. Ýal­ta­lyk dur­muş­da ha­lan­ma­ýan en­dik bo­lup, onuň so­ňy has­sa­lyk we ýok­sul­lyk­dyr.

Çy­byn­dan nä­dip go­ran­ma­ly?

Adam be­de­ni­ne zy­ýan­ly tä­sir ýe­tir­ýän çy­byn­lar ys­sy gün­ler­de has köp ýü­ze çy­kyp baş­la­ýar. Bu mör-mö­jek­ler ag­şamlaryna ýag­ty ýer­ler­de peý­da bo­lup, olar na­har ga­lyn­dy­la­ry­nyň hem-de gök-önüm­le­riň bar ýe­ri­ne ýyg­nan­ýar­lar. Şeý­le hem çy­byn­la­ra otag ösüm­li­gi­niň köp ýe­rin­de we ýa­ňy gül­läp otu­ran ýer­le­rin­de duş­mak bol­ýar. Çy­byn­lar iň çalt kö­pel­ýän mör-mö­jek­le­riň bi­ri bo­lup, olar­dan go­ran­mak üçin hök­ma­ny su­rat­da çä­re­ler gö­rül­me­li­dir. Şo­nuň üçin öý şert­le­rin­de bu mör-mö­jek­ler­den go­ran­ma­gyň bir­nä­çe usul­la­ry­ny si­ze ýe­tir­me­gi ma­kul bil­dik.

Sa­rym­sa­gy we so­ga­ny köp­räk ula­nyň! Sa­rym­sa­gy we so­ga­ny deň ikä bö­lüp, sa­ça­gy­ňy­zyň üs­tün­de go­ýuň! Ýi­ti ysy bo­lan sa­rym­sak we so­gan çy­byn­lar­dan go­ran­mak­da tä­sir­li usul­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar.
Çyg­ly ýer­ler­den daş­da bo­luň! Suw bo­lan ýer­de çy­byn hem bol­ýar. Çyg­ly hem nem­li ýer­ler­de kö­pel­ýän çy­byn­lar­dan go­ran­mak üçin how­ly­ňyz­da we öýü­ňiz­de su­wuň ýyg­nan­ma­gy­nyň öňü­ni alyň!
Penjiräniň öňü­nde sir­ke go­ýuň! Ota­gy­ňy­zyň pen­ji­re­si­ni aç­mak is­le­se­ňiz, il­ki bi­len penjiräniň öňü­nde bir bul­gur su­wa sir­ke go­şu­lan ga­ryn­dy­ny goý­sa­ňyz, çy­byn­lar içerik girmez. Sir­kä­niň ysy çy­byn­lar­dan go­ran­ma­ga ýar­dam ber­ýär.
B we C wi­ta­min­li önüm­le­ri iýiň! B we C wi­ta­mi­ni­ne baý bo­lan önüm­ler çy­byn­la­ryň ha­la­ma­ýan iý­mit to­pa­ry­na de­giş­li­dir. Bu wi­ta­min­le­re baý bo­lan iý­mit­le­ri has köp iý­se­ňiz, çy­byn­lar siz­den daş­da bo­lar.
Li­mon­ly suw içiň! Bir bul­gur su­wa bi­raz nar­pyz we li­mon su­wu­ny go­şup iç­se­ňiz çy­byn­dan go­ran­ma­ga ýar­dam eder. Eger is­le­se­ňiz, bu su­wuk­ly­gy be­de­ni­ňi­ze ça­lyp hem çy­byn­lar­dan go­ra­nyp bi­ler­si­ňiz.
Go­ýy reňk­li eşik geý­mäň! Çy­byn­la­ryň go­ýy reňk­li zat­la­ra has köp gel­ýän­di­gi­ni bil­ýär­di­ňiz­mi? Eger çy­byn­la­ry özü­ňiz­den uzak tut­mak is­le­se­ňiz, açyk reňk­li eşik ge­ýiň we ota­gy­ňy­zyň bir çüň­kün­de go­ýy reňk­li eşik asyp go­ýuň!
Reý­han go­ýuň! Çy­byn­lar­dan go­ran­ma­gyň tä­sir­li usul­la­ryn­dan ýe­ne bi­ri hem ota­gy­ňy­zyň bir ýe­rin­de tä­ze reý­han otu­ny goý­mak­dyr. Di­ňe çy­byn­lar däl, beý­le­ki mör-mö­jek­ler hem reý­han­dan daş­da dur­ýar.
Ýo­run­ja­nyň we li­mo­nyň tä­si­ri. Çy­byn­lar ýo­run­ja­nyň ysyn­dan ga­ça dur­ýar­lar. Ýa­şyl li­mo­ny ke­sip, üs­tü­ne ýo­run­ja dä­ne­si­ni se­pip goý­sa­ňyz, çy­byn gel­mez.
Te­bi­gy ýag­lar. Çy­byn­la­ryň çak­ma­gy ne­ti­je­sin­de en­da­my­ňyz­da eme­le gel­ýän gy­za­ryk­ly­gy kö­şeş­dir­mek üçin il­ki çi­şi yzy­na ser­pik­ýän­çä buz ýa­pyp ga­raş­ma­ly, soň­ra lau­rel ýa­gy, li­mon ýa­gy, pyr­ty­kal ga­by­gy, çaý aga­jy we wa­nil­ýa ýa­ly te­bi­gy ýag­la­ry en­da­my­ňy­zyň gy­za­ran ýe­ri­ne emaý bi­len çal­ma­ly. Eger ýag çal­mak is­le­me­ýän bol­sa­ňyz, suw­dan do­ly bir ga­byň içi­ne bi­raz ýag dam­dy­ryp, spreý gör­nü­şin­de ota­gy­ňy­zyň içi­ne se­pip bi­ler­si­ňiz!

 

 

Tä­sin gur­luş­ly bi­na­lar

Bi­na­lar gur­lan­da di­ňe ula­nyş mak­sa­dy­na däl-de, daş­ky şe­ki­li­ne hem üns be­ril­ýär. Kä­bir bi­na­la­ryň daş­ky şe­ki­li üýt­ge­şik bo­lup, ony il­kin­ji ge­zek gö­re­niň gö­zi eg­len­ýär. Şeý­le bi­na­la­ryň kä­bi­ri ba­ra­da gys­ga­ça mag­lu­ma­ty si­ziň dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­me­gi ma­kul bil­dik.

Fle­taý­ron: Nýu-Ýor­kuň Man­het­ten et­ra­byn­da­ky üç­burç­luk gör­nüş­li bu bi­na ge­çen asy­ryň ba­şyn­da gur­lup­dyr. Da­ni­el Bern we Fre­de­rik Din­kel­berg ta­ra­pyn­dan di­zaýn edi­len «Fle­taý­ron» po­lat çar­çu­wa­dan gur­lan il­kin­ji bi­na­dyr. 22 gat­ly bi­na­nyň be­ýik­li­gi 87 metr bo­lup, ýo­kar­ky ga­ty grek sü­tü­ni gör­nü­şin­dä­ki üç bö­lüm­den yba­rat­dyr. Bi­na 1966-njy ýyl­da ta­ry­hy bi­na­la­ryň sa­na­wy­na go­şul­ýar.
Li­zi­ba be­ke­di: iri şä­her­ler­de ila­tyň gür­lü­gi tä­sin bi­na­gär­lik çöz­güt­le­ri­ni oý­lap tap­ma­ga iter­gi ber­ýär. Dün­ýä­niň iň köp ilat­ly ýur­dy bo­lan Hy­ta­ýyň dag­lyk se­bi­tin­dä­ki Çunsin şä­he­rin­dä­ki tä­sin bi­na gö­ren­le­ri haý­ra­na goý­ýar. Şä­her­dä­ki de­mir­ýol be­ket­le­ri­niň bi­ri ýa­şa­ýyş ja­ýy­nyň için­den geç­ýär. De­mir­ýol be­ke­di 19 gat­ly bi­na­nyň al­tyn­jy we se­ki­zin­ji gat­la­ry­nyň ara­syn­da ýer­leş­ýär. 2004-nji ýyl­da açy­lan be­ke­diň äh­li ta­ra­py se­si azal­dy­jy ma­te­ri­al­lar bi­len ör­tü­lip­dir. Şol se­bäp­li bi­na­nyň ýa­şaý­jy­la­ry öýü­niň aşa­ky ýa-da ýo­kar­ky ga­tyn­dan gün­de bir­nä­çe ge­zek ge­çip gid­ýän ot­ly­nyň gal­ma­ga­lyn­dan hiç hi­li bi­ra­hat bol­ma­ýar­lar.
Ato­mi­um: 1958-nji ýyl­da Bel­gi­ýa­nyň paý­tag­ty Brýus­sel­de ge­çi­ri­len «Expo 58» Bü­tin­dün­ýä ser­gi­si­ne ba­gyş­la­nyp gur­lan bi­na­ny bel­gi­ýa­ly in­že­ner And­re Wa­ter­keýn di­zaýn edi­p­dir. Bi­na­nyň be­ýik­li­gi 102 met­re deň bo­lup, de­mir sü­tün­ler bi­len bir­leş­di­ri­len je­mi 9 «top­dan» yba­rat­dyr. Bir top­dan be­ýle­ki­si­ne sü­tün­ler ar­ka­ly ge­çip bol­ýar. Her to­puň dia­met­ri 18 met­re ba­ra­bar. Ýo­kar­ky bö­lek res­to­ran, 3 top dür­li çä­re­le­ri ge­çir­mek, 1 top bol­sa ça­ga­lar üçin ni­ýet­le­nen­dir. Bi­na­nyň esa­sy uly bö­le­gi mu­zeý hök­mün­de halk köp­çü­li­gi­ne hyz­mat ed­ýär.
Çžu­haý ope­ra bi­na­sy: Hy­ta­ýyň Gu­an­dun we­la­ýa­ty­nyň Çžu­haý şä­he­rin­dä­ki ba­lyk­gu­lak şe­kil­li bi­na 50 müň ine­dör­dül metr meý­da­ny eýe­le­ýär. Bi­na­da 1 550 adam­lyk kon­sert za­ly, teatr we mas­la­hat­lar za­ly bar.
Pia­ni­no we wio­lon­çel: masş­ta­by ha­ky­ky saz gu­ra­ly­nyň 1:50 öl­çe­gin­de bo­lan bi­na 2007-nji ýyl­da Hy­ta­ýyň An-Hueý şä­he­ri­niň Huaýnan et­ra­byn­da gu­rul­dy. Hä­zir­ki wagt­da aý­dym-saz mek­de­bi bo­lup hyz­mat ed­ýän bu bi­na­nyň tas­la­ma­sy ýur­duň çä­gin­de ýer­leş­ýän Heý­feý teh­no­lo­gi­ýa uni­wer­si­te­ti­niň ta­lyp­la­ry ta­ra­pyn­dan dö­re­di­lip­dir. Di­war­la­ry­nyň köp bö­le­gi berk aý­na­dan ýa­sa­lan bi­na­nyň için­de 2 sa­ny kon­sert za­ly bar. Bi­na­nyň ýo­kar­ky ga­tyn­da ta­lyp­lar üçin aý­dym-saz otag­la­ry göz öňün­de tu­tu­lyp­dyr.
«Al­tyn» el: Wýet­na­myň gün­do­ga­ryn­da de­ňiz ke­na­ryn­da­ky Danang şä­he­rin­de Ba Na de­pe­le­ri­niň ara­syn­da­ky al­tyn köp­ri­ni daş­dan gur­lan iki sa­ny äpet el sak­la­ýar. De­ňiz de­re­je­sin­den tak­my­nan 1400 metr be­lent­lik­de gur­lan 150 metr uzyn­ly­gyn­da­ky köp­ri 2018-nji ýy­lyň iýun aýyn­da açyl­dy. Bi­na gys­ga wagt­da iň ge­lim-gi­dim­li ýer­le­riň bi­ri­ne öw­rül­di.
«The Shard»: Ang­li­ýa­nyň paý­tag­ty Lon­don­da ýer­leş­ýän bi­na­nyň gur­lu­şy­gy­na 2009-njy ýy­lyň mart aýyn­da baş­lan­dy we 2012-nji ýy­lyň no­ýabr aýyn­da ta­mam­lan­dy. Ital­ýan bi­na­gä­ri Ren­zo Pia­no ta­ra­pyn­dan di­zaýn edi­len bi­na po­lat­dan we aý­na­dan gur­lup­dyr. Ujy çü­re­lip gid­ýän bi­na­da döw­re­bap ofis­ler, res­to­ran­lar, dü­kan­lar we bäş ýyl­dyz­ly myh­man­ha­na bar. 95 gat­ly bi­na­nyň be­ýik­li­gi 309,6 met­re deň bo­lup, onuň de­pe­sin­den 60 km uzak­ly­gy gör­mek bol­ýar.

Gaý­ta­dan ula­nyl­ýan elekt­ro­ni­ka

Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň kö­ne­li­şen elekt­ron en­jam­lar ba­ra­da­ky mag­lu­mat­na­ma­syn­da dün­ýä­de her ýyl­da jan ba­şy­na 7,3 ki­log­ram elekt­ron en­jam ula­nyş­dan gal­ýar. Oýun oý­nal­ýan en­jam­la­ryň, smart­fon­la­ryň her ýyl­da tä­ze nus­ga­sy çyk­ýar. Te­le­wi­zor­la­ryň tä­ze nus­ga­la­ry­nyň çyk­ma­gy bi­len adam­lar te­le­wi­zor­la­ry­ny gys­ga wagt­dan tä­ze­le­me­gi kem gö­re­nok­lar. San­ly ul­ga­myň çalt dep­gin­ler bi­len ös­me­gi ne­ti­je­sin­de elekt­ron en­jam­la­ryň ula­nyş möh­le­ti hem gys­ga bol­ýar. Bu bol­sa elekt­ron zy­ňyn­dy­la­ryň has köp peý­da bol­ma­gy­na ge­tir­ýär.
Elekt­ron en­jam­la­ryň dü­zü­min­de al­tyn, pal­la­diý, kü­müş, mis, al­ýu­min ýa­ly gym­mat­ly ma­te­ri­al­lar bol­ýar. Her ýyl ula­nyş­dan gal­ýan elekt­ron en­jam­lar­da şeý­le ma­te­ri­al­la­ryň 57 mil­liard dol­lar­lyk muk­da­ry­nyň bar­dy­gy çak­la­nyl­ýar. Adat­ça daş­ky ga­ba­ra­sy plast­mas­sa­dan ön­dü­ril­ýän elekt­ron en­jam­la­ryň ag­ra­my­nyň 49 gö­te­ri­mi­ni me­tal­lar, 33 gö­te­ri­mi­ni plast­mas­sa, 12 gö­te­ri­mi­ni aý­na we beý­le­ki ma­te­ri­al­lar eme­le ge­tir­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da kö­ne­li­şen elekt­ron en­jam­la­ry­ny gaý­ta­dan iş­le­mek­de uly öňe­gi­diş­lik­ler ga­za­nyl­dy. Adam­lar ulan­ma­ýan elekt­ron en­jam­la­ry­ gaý­ta­dan iş­le­ýän de­giş­li kär­ha­na­la­ra tab­şyr­ma­ga hö­wes­len­di­ril­di. My­sal üçin «To­kio 2020» to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry üçin taý­ýar­la­nan al­tyn, kü­müş we bü­rünç me­dal­la­ryň äh­li­si kö­ne elekt­ron en­jam­lar­dan ýa­sal­dy.
Elekt­ron en­jam­la­ry ýok et­mek kyn, ola­ry gaý­ta­dan iş­le­mek üçin il­ki ma­te­ri­al­la­ry­na gö­rä bö­lek­le­re bö­lün­ýär. Kär­ha­na­lar uly en­jam­la­ryň gaý­ta­dan iş­len­me­gi üçin ýüz­ler­çe hü­när­me­ni işe al­ýar­lar we en­ja­myň mi­si­ni, al­ýu­mi­ni­ni we po­lat ga­lyn­dy­la­ry­ny gaý­ta­dan ulan­ýar­lar. Kä­bir ele­ment­ler gaý­ta­dan iş­le­nip bi­lin­ýän hem bol­sa, en­ja­myň mer­ke­zin­dä­ki krem­niý çip­le­ri­ni di­kel­dip, gaý­ta­dan ulan­mak kyn bol­ýar. En­jam­la­ryň gaý­ta­dan peý­da­la­nyp bol­ma­jak bö­lek­le­ri ýok edil­ýär. Hä­zir­ki wagt­da elekt­ron en­jam­la­ryň 20 gö­te­ri­me go­la­ýy çig mal hök­mün­de gaý­ta­dan peý­da­la­nyl­ýar.

Dün­ýä ha­bar­la­ry gys­ga se­tir­ler­de

Iň uly aýs­berg. An­tark­ti­da­nyň gün­ba­ta­ryn­da­ky Wed­della deň­zin­dä­ki Ron­ne buz­ly­gyn­dan äpet aýs­berg gop­dy. Ýew­ro­pa kos­mos gul­lu­gyn­da (ESA) gör­ke­zi­li­şi ýa­ly, onuň meý­da­ny, tak­my­nan, 4 müň 320 ine­dör­dül ki­lo­met­re ba­ra­bar­dyr. Onuň uzyn­ly­gy 170 ki­lo­met­re, ini 25 ki­lo­met­re deň. Ol ulu­ly­gy bo­ýun­ça Kor­si­ka ada­sy­nyň ýa­ry­sy bi­len de­ňeş­di­ril­ýär. ESA eý­ýäm ony «dün­ýä­niň iň uly aýs­ber­gi» di­ýip at­lan­dyr­dy. Aýs­berg Bri­ta­ni­ýa­nyň An­tark­ti­da göz­leg gul­lu­gy­nyň Ýer to­ga­la­gy­nyň gö­zeg­çi­lik hem­ra­sy «Sen­ti­nel-1» ar­ka­ly ýü­ze çy­ka­ryl­dy.

Mars­dan il­kin­ji su­rat­la­ry iber­di. Hy­taý mar­so­ho­dy «Çžu­žun» Gy­zyl pla­ne­ta­da dü­şü­ri­len wi­deo­la­ry we su­rat­la­ry Ýe­re ug­ra­dyp baş­la­dy. Bu ba­ra­da Hy­ta­ýyň mil­li kos­mos mü­dir­li­gi ha­bar ber­ýär. Hä­zir mar­so­hod go­nan ýe­rin­den goz­ga­nyp, Gy­zyl pla­ne­ta­da bar­lag iş­le­ri­ni ge­çir­mek üçin he­re­ket edip ug­ra­dy. Ozal ha­bar ber­li­şi ýa­ly 15-nji maý­da Hy­ta­ýyň il­kin­ji «Týan­wen-1» kos­mos gä­mi­si, Mar­syň Uto­pi­ýa düz­lü­gi­ne üs­tün­lik­li gon­dy. Ol özü­ne ber­ki­di­len «Çžu­žun» mar­so­ho­dy­ny Gy­zyl pla­ne­ta elt­di. En­jam 92 gün­läp Mars­da iş­lär.

Eýnş­teý­niň ha­ty sa­tyl­dy. Al­bert Eýnş­teý­niň meş­hur E = mc2 deň­le­me­si ýa­zy­lan ha­ty 1,2 mil­li­on dol­la­ra RR auk­si­on öýün­de sa­tyl­dy. Bu ba­ra­da «The Gu­ar­di­an» Bos­ton­da­ky auk­si­on öýü­ne sal­gy­lan­yp ha­bar ber­ýär. Ne­mes di­lin­de ýa­zy­lan bir sa­hy­pa­lyk gol­ýaz­ma 1946-njy ýy­lyň 26-njy okt­ýab­ryn­da pol­ýak-ame­ri­kan fi­zi­gi, aly­my Lýud­wig Sil­berş­teý­ne ýa­zy­lyp­dyr. Eýnş­teýn özü­ne ber­len so­ra­ga E = mc2 for­mu­la­sy bi­len jo­gap ýol­la­ýar. Ol bu ýaz­gy­ny Prins­ton uni­wer­si­tet­inde ýaz­ýar.

Meş­hur ga­ýa ýy­kyl­dy. Ek­wa­dor­da­ky Ga­la­pa­gos ada­la­ry­nyň ny­şan­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Dar­win ga­ýa­sy ero­zi­ýa se­bäp­li ýy­kyl­dy. In­di te­bi­gy ga­ýa­nyň ýo­kar­ky bö­le­gi­niň bir­leş­ýän ýe­ri­niň çök­me­gi ne­ti­je­sin­de deň­ziň ýü­zün­de iki sa­ny sü­tün se­leň­läp gö­rün­ýär. Dar­wi­niň ga­ýa­sy guw­was­lar üçin meş­hur ýer bo­lup, dün­ýä­niň dür­li kün­jek­le­rin­den köp sy­ýa­hat­çy­ny özü­ne çek­ýär­di. 1978-nji ýyl­da ÝU­NES­KO Ga­la­pa­gos ada­la­ry­ny Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zip, 1985-nji ýyl­da Bü­tin­dün­ýä bi­os­fe­ra go­rag­ha­na­sy di­ýip yg­lan et­di.

Iň uly tort taý­ýar­lan­dy. Fran­si­ýa­ly kon­di­ter aş­pez­le­ri «Ope­ra» at­ly dün­ýä­niň iň uly tor­tu­ny ýa­sa­dy­lar. Gu­ra­ma­çy­la­ryň bel­le­me­gi­ne gö­rä, ul­la­kan de­ser­ti taý­ýar­la­ma­ga müň ýu­murt­ga we 36 kg şo­ko­lad ýa­ly ýüz ki­log­ram önüm sarp edil­di. 30,73 metr uzyn­lyk­da­ky tor­ty taý­ýar­la­mak üçin kon­di­ter aş­pez­le­ri­ne üç gün ge­rek bol­dy. Tor­ty Pa­riž ope­ra­sy­nyň ýer­leş­ýän ýe­ri bo­lan Garn­ýe köş­gün­dä­ki stol­la­ra ýer­leş­dir­di­ler. Bu tort­dan da­dyp gör­mek üçin je­mi üç mü­ňe go­laý adam gel­di. Şeý­le-de, tort ta­lyp bir­le­şik­le­ri­ne sow­gat edil­di.

Köl­den ta­py­lan oba. Ita­li­ýa­da kö­lüň düý­bün­den Ku­ron at­ly oba ta­pyl­dy. Ol 70 ýyl­dan gow­rak wagt­lap su­wuň as­tyn­da ga­lyp­dyr. Köl­de abat­la­ýyş iş­le­ri ge­çi­ri­lip, wagt­la­ýyn gu­ra­dyl­ýar. Ne­ti­je­de, onuň aşa­gyn­dan 160-dan gow­rak jaý ta­pyl­ýar. Ku­ron oba­sy­nyň iki te­bi­gy kö­lüň bir­leş­ýän ýe­rin­de ýer­leş­ýän­di­gi üçin Glo­rens­dä­ki elekt­rik stan­si­ýa­syn­da önüm­çi­li­gi art­dyr­mak üçin 1950-nji ýyl­da oba­ny gö­çü­rip, ol ýe­ri hem su­wa bas­dyr­ma­ly bol­ýar. Di­ňe XIV asyr­da gur­lan yba­dat­ha­na­nyň di­ňi kö­lüň ýü­zün­den çy­kyp du­rup­dyr.

«Be­nin bü­rünç­le­ri» gaý­ta­ry­lar. Ber­lin mu­ze­ýi XIII-XIX asyr­lar­da hä­zir­ki Ni­ge­ri­ýa­nyň çäk­le­rin­de hö­küm­dar­lyk eden Be­nin pa­ty­şa­ly­gy­na de­giş­li bü­rünç­den ýa­sa­lan çe­per önüm­le­ri yzy­na gaý­ta­ryp be­rer. Bu sun­gat eser­le­ri­niň XIX asy­ryň ahy­ryn­da al­nyp gaý­dy­lan­dy­gy anyk­la­nyp­dyr. Hä­zir­ki wagt­da mu­zeý­ler­de we hu­su­sy kol­lek­si­ýa­lar­da mü­ňe go­laý eks­po­nat bar. Ola­ryň 500-den gow­ra­gy Ber­lin­ mu­ze­ýin­de. Bri­tan mu­ze­ýi hem gym­mat­lyk­la­ry ta­ry­hy wa­ta­ny­na gaý­tar­ma­ly di­ýen ne­ti­jä gel­di. Hä­zir ol ýer­de iki ýüz tö­we­re­gi Be­nin bü­rünç önüm­le­ri bar.

«Sa­ku­ra» göw­he­ri sa­tyl­dy. Haý­ran gal­dyr­ýan iri we gym­mat «Sa­ku­ra» göw­he­ri re­kord de­re­je­de 29 mil­li­on dol­la­ra sa­tyl­dy. Söw­da Gon­kong­da ge­çi­ril­di. 15,8 ka­rat­lyk gül­gü­ne-gyr­my­zy reňk­li daş ýü­zü­ge zy­nat ber­ýär. Iki aly­jy sa­ýa­la­ryň seý­rek ut­gaş­ma­sy bi­len öw­şün at­ýan göw­her gaş­ly ýü­zük üçin söw­da­laş­dy­lar. Ola­ryň bi­ri te­le­fon­da söw­da­la­şyp, ep-es­li tö­le­di. Gym­mat ba­ha­ly daş Ýa­po­ni­ýa­da ül­jä­niň bir gör­nü­şi bo­lan sa­ku­ra aga­jy­nyň ady­ny gö­ter­ýär.