4-nji fewralda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň daşky gurşawy goramak ministrleriniň ýokary derejeli duşuşygy geçirildi.
ÝHHG-niň goldaw bermeginde Aşgabatda guralan duşuşygyň gün tertibi hem daşky gurşawy goramak meselesiniň sebitiň ýurtlary, ÝHHG we tutuş halkara jemgyýetçilik üçin ileri tutulýan ugurdygyny görkezýär.
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Şmid öz çykyşynda häzirki döwrüň ekologik wehimlerine, durnukly ösüşi, energetika we azyk howpsuzlygyny, sebitde ählumumy abadançylygy, durnuklylygy üpjün etmek bilen gönüden-göni baglanyşykly howa meseleleriniň esasy ugurlaryna ünsi jemlemäge mümkinçilik berýän häzirki duşuşygyň ähmiýetini belledi. Şeýle hem suw serişdelerini durnukly dolandyrmak, suw diplomatiýasyny ösdürmek, bu işe zenanlary işjeň çekmek möhüm meseleleriň biri hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, ÝHHG bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda bu ugurda ýakyn hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy nygtaldy.
Duşuşygyň dowamynda bu ugurda sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlary beýan edildi. Nygtalyşy ýaly, daşky gurşawy goramak ulgamynda Türkmenistan halkara guramalar bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Şunda ýurdumyzyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bellenildi. Türkmenistan Merkezi Aziýanyň döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde sebit üçin aýratyn ähmiýetini göz öňünde tutup, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelere uly üns berýär.
Gazagystan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna, Täjigistan Respublikasyna, Özbegistan Respublikasyna wekilçilik edýän duşuşyga gatnaşyjylaryň çykyşlarynda hem-de geçirilen pikir alyşmalaryň dowamynda taryhy-medeni gatnaşyklaryň, Merkezi Aziýa döwletlerini, sebiti ösdürmek we dünýäniň beýleki ýurtlary bilen gatnaşyklar babatda dürli ugurlar boýunça pikirleriňdir garaýyşlaryň meňzeşdigi, onuň islendik meseläni bilelikde üstünlikli çözmäge ýardam edýändigi bellenildi.
Howanyň üýtgemegine we oňa uýgunlaşmak, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak, bu meseleler boýunça habarlylygy artdyrmak üçin utgaşdyrylan çäreleri işläp taýýarlamagyň zerurdygyna üns çekildi. Suw we oba hojalygy, “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek, galyndylary dolandyrmak, zyýanly zyňyndylary azaltmak, ilatyň, esasan-da, ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmak meseleleri aýratyn üns merkezinde boldy.