Şu gün­ler ýur­du­my­zyň äh­li eda­ra­la­ryn­da «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly, şeý­le-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li baý ma­ny-maz­mun­ly çä­re­ler ge­çi­ril­ýär. Gün­do­ga­ryň akyl­dar şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­ýän çä­re­ler her bi­ri­mi­ziň kal­by­my­zy jo­şa ge­tir­ýär, döw­rü­mi­ze bo­lan buý­san­jy­my­zy go­şa­lan­dyr­ýar.
«Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da akyl­dar şa­hy­ryň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li Aş­ga­ba­dyň gü­nor­ta kün­je­gin­dä­ki Mag­tym­gu­ly me­de­ni-se­ýil­gäh top­lu­myn­da dün­ýä bel­li akyl­dar­la­ryň heý­ke­li­niň ýer­leş­jek­di­gi äh­li­mi­zi buý­san­dyr­ýar.
Nus­ga­wy şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şy­gyr­la­ry ter­bi­ýe mek­de­bi­dir. Şa­hy­ryň pa­ra­sat­ly se­tir­le­ri ulus-iliň kal­byn­da ebe­di­lik orun al­dy. Onuň köp san­ly pa­ra­sat­ly söz­le­ri na­kyl­la­ra, ata­lar sö­zü­ne öw­rü­lip git­di. Da­na şa­hy­ryň baý ede­bi mi­ra­sy­nyň ag­ram­ly bö­le­gi ah­lak we ter­bi­ýe­çi­lik öwüt-ün­dew­le­ri tut­ýar.
Türk­men hal­ky­nyň at-owa­za­sy­ny dün­ýä ta­na­dan Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dür­dä­ne dö­re­di­ji­li­gi­niň ýyl­lar geç­di­gi­çe yn­san kö­ňül­le­ri­ne saç­ýan şug­la­sy has-da güýç­len­ýär. Mu­ny tu­tuş tür­ki dün­ýä­de şu ýy­lyň «Tür­ki dün­ýä­si­niň be­ýik şa­hy­ry we akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy ýy­ly» şy­ga­ry as­tyn­da geç­me­gi, şa­hy­ryň gol­ýaz­ma­lar top­lu­my­nyň BMG-niň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy­nyň «Dün­ýä­niň ha­ky­da­sy» mak­sat­na­ma­sy­nyň hal­ka­ra sa­na­wy­na hem-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­ly­gy­nyň 2024-2025-nji ýyl­lar­da ÝU­NES­KO bi­len bi­le­lik­de bel­le­ni­lip ge­çil­jek şan­ly se­ne­le­riň sa­na­wy­na gi­ri­zil­me­gi hem do­ly tas­syk­la­ýar.
Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eýýamynyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Prezidentimiziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň asyl­ly baş­lan­gyç­la­ry­nyň my­na­syp orun alan me­de­ni sy­ýa­sa­ty üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de, şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gi da­şa­ry döw­let­ler­de-de gi­ňiş­le­ýin we çuň­ňur öw­re­nil­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň akyl­dar şa­hy­ra ba­gyş­lap ýa­zan «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» at­ly aja­ýyp goş­gu­sy äh­li il­deş­le­ri­miz ta­ra­pyn­dan uly ru­hu­be­lent­lik bi­len ka­bul edil­di we da­şa­ry ýurt­lar­da-da oňyn ses­len­me dö­ret­di. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň: «Aja­ýyp şy­gyr­la­ry bi­len yn­san kal­by­ny ýag­şy­lyk nu­ru­na be­zän türk­me­niň akyl­dar og­ly Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň mer­te­be­si türk­men hal­ky üçin iň be­lent­de go­ýul­ýan mu­kad­des­lik­le­riň bi­ri­dir» di­ýip, şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gi­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­me­gi­niň özi Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň pä­him-paý­has um­ma­ny­nyň örü­si­niň bar­ha gi­ňe­ýän­di­gi­ni aň­lad­ýar.
Şa­hy­ryň goş­gu­la­ry­ny ne­sil­ler­den-ne­sil­le­re ge­çir­mek bi­ziň äh­li­mi­ziň mu­kad­des bor­ju­myz­dyr. Onuň dö­re­di­ji­li­gi döw­rüň is­len­dik wag­tyn­da hem gym­ma­ty­ny sak­la­ýan, sar­pa­sy­ny art­dyr­ýan, aky­ly, aňy ös­dür­ýän we öz­gerd­ýän, yn­san duý­gu­sy­ny heý­ja­na sal­ýan sun­gat­dyr. Şa­hy­ryň ag­zy­bir­li­ge, edep-ek­ra­ma, ah­lak aras­sa­ly­gy­na ýug­ru­lan dö­re­di­ji­li­gi mil­li­li­gi ör bo­ýu­na gal­dyr­ýar. Mag­tym­gu­ly akyl äle­mi­niň ba­ky­lyk çy­ra­gy bol­mak bi­len, ag­zy­bir­li­giň bar ýe­rin­de döw­let­li­li­giň, aba­dan­çy­ly­gyň, bi­te­wü­li­giň bol­ýan­dy­gy­ny öz şy­gyr­la­ry ar­ka­ly be­ýan edip­dir. Şa­hyr yn­san sag­ly­gy­na ze­per ýe­tir­ýän ýa­ra­maz en­dik­ler­den, gep­den-gy­bat­dan, çi­lim­dir nas­dan daş­da dur­ma­gy wa­gyz edip­dir.
Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şy­gyr­la­ry­nyň di­li hal­kyň gep­le­şik di­li­ne örän ýa­kyn­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Şa­hy­ryň goş­gu­la­ry adam­la­ryň ýü­rek tar­la­ry­ny owaz­lan­dyr­ýar. Onuň dö­re­di­ji­li­gin­den her bir adam öz kal­by­ny ta­pyp bil­ýär. Mag­tym­gu­ly türk­me­niň säh­ra ýa­ly giň, gun­duz ýa­ly ak, ha­lal, mer­dem ýü­rek duý­gu­la­ry­ny be­ýan edip, di­ňe türk­men mil­le­ti­niň däl, eý­sem, tu­tuş dün­ýä­niň akyl­da­ry­na öw­rül­di. Şa­hy­ryň goş­gu­la­ry­na dö­re­di­len aý­dym­lar göw­ni jo­şan ada­myň il­kin­ji hiň­len­me­si, gam­ly gö­wün­le­riň mel­he­mi­dir.

Baý­ram­täç ORAZ­TA­GA­NO­WA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.