Daniýa howa goýberilýän zyýanly gazlaryň mukdaryny azaltmak maksady bilen ekologik taýdan arassa ekerançylyk tehnologiýalaryna çykdajylaryny köpeltmegi niýet edinýär. Çünki dünýä tejribesinde oba hojalygy daşky gurşawy hapalaýan pudaklaryň biri hasaplanýar. Şol sebäpli Daniýada howa goýberilýän zyýanly gazlaryň goýberilişini azaltmak maksady bilen bu ugurda çözgüt gözläp başlamak kararyna gelindi.
Daniýa hökümetiniň teklibiniň esasy bölegi, barlaglar we innowasiýa üçin döwlet subsidiýalarynyň 700 million krondan gowrak (94 million ýewrodan gowrak) ýokarlanmagy bolar.
Şeýle hem, hökümet 1990-njy ýyl bilen deňeşdirilende, 2030-njy ýyla çenli howa goýberilýän zyýanly gazlary 70% azaltmak meýilnamalaryny mälim etdi. Bu bolsa Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar üçin kesgitlenen 55%-den ýokarydyr.
Bu teklip Daniýanyň Parlamenti tarapyndan tassyklanan halatynda düzüminde uglerod saklaýan torf topraklarynda ekerançylyga bölekleýin gadaganlyk girizilmegine garaşylýar. Şeýle hem Parlament biogaz ýangyjyna geçmäge we oba hojalygy tarapyndan täze tehnologiýalary ulanmaga höweslendiriş maksatnamasyna ünsi jemlär.