Adam ömrüniň dowamynda kitaplar bilen, has ýakyndan dost bolmak isleýär. Sebäbi kitaplar awtorlar tarapyndan ýürekden ýazylýar we ýürege ýetip bilýär. Kitap hakyky hazynadyr we bilimiň açarydyr. Kitaplar adamy terbiýeleýän, durmuşyň kynçylyklaryna taýýarlaýan, oňa öwüt-nesihat berip, dogry ýol görkezýän we adamda ynsanlygy oýarýan dostudyr. Entäk çaga döwrümizden başlap, kitaby elimize alyp onuň jadyly sahypalaryny dörüp, syrlaryny açmaga başlaýarys. Her bir kitap özünde aýratyn bir many saklaýar we her gezek täze zatlary öwredýär. Kitap islendik gurşawda adamy birikdirýän söhbetdeşlik bolup biler. Kitaplar arkaly biz öýden çykman durup özümizi dünýäniň islendik ýurdunda syýahat eden ýaly ýa-da taryhyň islendik wagtyna dolanyp, şol pursady göz öňüne getirmäge mümkinçiligimiz bar. Bu bolsa adamyň hyýal düşünjesini ösdürmäge ýardam berýär. Ösümlige suw berdigiňçe ösmäge, boý almaga dowam edýär. Kitap hem, hyýal üçin suw bolup hyzmat edýär, adam näçe köp kitap okasa, onuň hyýal düşünjesi, dünýägaraýşy şonça-da giňelmäge başlaýar we onda dürli soraglar, täze pikirler döräp başlaýar. Köp okan adam diňe ylmy durmuşda üstünlik gazanman, eýsem şahsy durmuşda hem üstünliklere eýe bolýar we çylşyrymly ýagdaýlardan ugurtapyjylyk bilen çykmagy başarýar. Awtor bir kitabyň üstünde ortaça iki ýyl işleýär. Islendik kitaby, hatda çagalar üçin ýazylan kitaplary ýazmak üçin hem, uly zähmet talap edilýär.Ýazyjy bolmagyň iň kyn ýeri hem okyjylara beýan edilen duýguny berip bilmekdir. Adam kitabyň sahypalaryndaky jadyly sözlerini okadykça, awtordan täze zatlary öwrenýär we şonuň netijesinde awtor bilen okyjynyň arasynda baglanyşyk döreýär. Olaryň bize galdyran mirasy hemişe biziň aramyzda ýaşaýar we näçe ýyl geçse-de, ýatdan çykarylmaýar. Wagt daş-töweregimizdäki dünýäni çalt üýtgedýär, häzirki wagtda kompýuterler we häzirkizaman aragatnaşyk serişdeleri hemme ýerlerde agdyklyk edýär, şeýle-de adamyň boş wagtynyň hemmesini diýen ýaly eýeleýär. Ajaýyp reňklerdir, harplar bilen bezelen kitaplaryň syýasy hiç haçan ýitip gitmejek baýlykdyr. Kitaplar hiç wagt ýatdan çykmajak aňly gurluşy döredip bilýär. Şol sebäpden hem kitaplar adam ömrüniň baky öçmejek hazynasy hasaplanýar.
Ruhsara JUMAGELDIÝEWA, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.