Hor­wa­ti­ýa­ly žur­na­list Ma­ti­ýa Ba­bi­çiň 2015-nji ýyl­da dö­re­den «Tas­te­At­las» in­ter­net saý­ty dün­ýä aş­ha­na­sy­na de­giş­li dür­li ta­gam­lar ba­ra­da mag­lu­mat ber­ýär. Saýt­da us­sat aş­pez­le­riň ba­ha ber­me­gin­de bu ta­gam­la­ryň sa­na­wy taý­ýar­lan­ýar. Bi­ler­men­ler hem­me­le­re mä­lim bol­ma­dyk ýer­li ta­gam­la­ry ta­nyş­dyr­ma­gy we beý­le­ki­le­riň hem şol ta­gam­la­ry da­dyp gör­mek­le­ri­ni hö­wes­len­dir­me­gi mak­sat edin­ýär­ler. Go­laý­da saýt dün­ýä­niň iň go­wy so­wuk süý­jü­lik­le­ri­niň sa­na­wy­ny taý­ýar­la­dy. Ine, sa­naw­da ber­len süý­jü­lik­ler we olar ba­ra­da gys­ga­ça mag­lu­mat­lar:

Bas­ta­ni son­na­ti. Bu doň­dur­ma ge­çen asy­ryň ba­şyn­da Täh­ran­da­ky il­kin­ji doň­dur­ma sa­ty­jy­sy Ak­bar Maş­ti ta­ra­pyn­dan oý­la­nyp ta­py­lyp­dyr. Dü­zü­min­de şaf­ran bo­lan bu süý­jü­lik hä­zir­ki wagt­da bü­tin Eý­ran­da meş­hur­dyr. Doň­dur­ma gaý­mak­ly go­ýy süýt­den we pis­se­den taý­ýar­lan­ýar. Onuň süý­ji ta­ga­my­ny dü­zü­min­dä­ki gül su­wy ber­ýär. Şeý­le hem oňa ýa­ba­ny or­hi­de­ýa gü­lü­niň kö­kün­den taý­ýar­lan­ýan şaf­ran go­şul­ýar. Onuň ýi­ti sa­ry reň­ki has-da iş­dä­ňi aç­ýar. Üs­tü­ne ow­ra­dy­lan pis­se se­pi­len ýa-da gat­lak­ly­nyň ara­sy­na goý­lan süý­jü­lik kä­se­de hö­dür edil­ýär.
«Queso he­la­do». Pe­ru­wyň meş­hur ta­ga­my ha­sap­lan­ýan bu süý­jü­lik doň­dur­ma meň­ze­ýär. Ýur­duň Are­ki­pa se­bi­ti­ne de­giş­li bo­lan bu ta­gam ýa­gy alyn­ma­dyk bu­gar­dy­lan süýt­den, dal­çyn­dan, ko­kos kül­ke­sin­den, şe­ker­den we ýu­murt­ga­nyň sa­ry­syn­dan taý­ýar­lan­ýar. Bi­şi­ri­lip taý­ýar­lan­ýan bu süý­jü­lik go­şu­lan ys­ly ot­la­ryň ýi­ti ta­ga­my­nyň aý­ryl­ma­gy üçin doň­du­ryl­ýar.
Ma­raş doň­dur­ma­sy. Tür­ki­ýä­niň Ma­raş se­bi­ti­ne de­giş­li bo­lan bu ta­gam hä­zir­ki wagt­da di­ňe ýur­duň için­de däl, dün­ýä­niň beý­le­ki ýurt­la­ryn­da hem meş­hur­dyr. Bu doň­dur­ma aşa de­re­je­de berk bol­ma­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Şeý­le bo­lan­soň, ta­gam aň­sat­lyk bi­len ere­me­ýär. Dy­kyz hä­si­ýet­li ta­ga­my çeý­näp iýip bol­ýar. Süýt bi­len şe­ker­den taý­ýar­la­nan er­gi­ne go­ýu­laş­dy­ry­jy mad­da­la­ryň go­şul­ma­gy bi­len doň­dur­ma şeý­le berk bol­ýar. Doň­dur­ma kä­bir agaç­lar­dan al­nan şep­bik­den taý­ýar­lan­ýan sak­gyç we mä­mi­şi reňk­li or­hi­de­ýa­nyň kö­kün­den al­nan şaf­ran go­şul­ýar. Ta­gam köp­lenç ke­si­lip iýil­ýän­di­gi üçin py­çak we çar­şak bi­len hem hö­dür edil­ýär.
Doň­du­ry­lan gaý­mak. Ýu­murt­ga, gaý­mak, şe­ker go­şul­ýan bu buz­gaý­mak gaý­na­dy­lyp taý­ýar­lan­ýar. Il­kin­ji ge­zek Nýu-Ýor­kuň Ko­ni-Aý­lend ýa­ry­ma­da­syn­da peý­da bo­lan bu ta­gam dür­li şü­we­leň­ler­de hem köp­çü­lik­le­ýin hö­dür edil­ýär. Gys­ga wagt­da ýur­duň beý­le­ki ýer­le­ri­ne hem ýaý­ran bu ta­gam beý­le­ki doň­du­ry­lan gaý­mak­lar­dan has dy­kyz bol­ma­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Şeý­le bo­lan­soň, onuň ta­ga­my hem has süý­ji.
Sor­be­tes. Meş­hur fi­lip­pin doň­dur­ma­sy bo­lan bu ta­gam man­go, şo­ko­lad, peý­nir, ko­kos we be­new­şe ýam (Azi­ýa ýurt­la­ryn­da bit­ýän kar­toş­ka meň­zeş ekin) ýa­ly önüm­ler­den taý­ýar­lan­ýar. Adat­ça bu ta­gam syg­ryň süý­dün­den taý­ýar­la­nyp, şe­ker­den taý­ýar­la­nan gap­ja­gaz­lar­da ki­çi çem­çe­ler­de hö­dür edil­ýär. Kä­bir ýer­ler­de bol­sa, send­wiç ýa­ly ke­si­len çö­re­giň ara­sy­na goý­lup iýil­ýär.
«Ge­la­to al pis­tacchio Pis­tachio». Bu ta­ga­ma baş­ga­ça ital­ýan doň­dur­ma­sy hem di­ýil­ýär. Ita­li­ýa­nyň iň meş­hur süý­jü­lik­le­ri­niň bi­ri bo­lan bu ta­ga­my doň­dur­ma sa­tyl­ýan is­len­dik ýer­den ta­pyp bol­ýar. Doň­dur­ma­nyň bu gör­nü­şi üwe­len pis­se, süýt, gaý­mak, ýu­murt­ga we şe­ker go­şu­lyp taý­ýar­lan­ýar. Seý­rek ýag­daý­da gow­ru­lan pis­se hem go­şul­ýar. Bu doň­dur­ma, esa­san, Si­si­li­ýa ada­sy­nyň Brin­te şä­he­ri­niň go­la­ýyn­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän pis­se go­şul­ýar.
Af­fo­ga­to. Bu ta­gam de­mi­ni alan esp­res­so­dan hem-de wa­nil­ýa top­ja­ga­zyn­dan ýa-da že­la­to­dan taý­ýar­lan­ýar. Ital­ýan­ça­dan ter­ji­me edi­len­de bu söz «gark bol­dy», «bat­dy» di­ýen ma­ny­ny ber­ýär. Se­bä­bi af­fo­ga­to taý­ýar­la­nan­da, bu­ga­ryp du­ran esp­res­so že­la­to­nyň üs­tü­ne gu­ýul­ýar. Bu ta­ga­myň ba­dam­ly, kö­ke­li we beý­le­ki dür­li gör­nüş­le­ri­niň peý­da bol­ma­gy onuň meş­hur­ly­gy­ny art­dyr­dy. Bul­gur­da hö­dür edil­ýän af­fo­ga­to ýu­waş-ýu­waş­dan içil­ýär ýa-da çem­çe bi­len iýil­ýär.
Pat­bing­su. Ko­re­ýa­ Res­pub­li­ka­syn­da meş­hur bo­lan bu ta­gam «gy­zyl noý­ba buz pat­ra­gy» diý­me­gi aň­lad­ýar. Bu doň­dur­ma buz bö­lek­le­rin­den, go­ýal­dy­lan süýt­den we süý­ji azu­ki noý­ba­sy­nyň pe­tin­den taý­ýar­lan­ýar. Onuň üs­tü­ne dür­li hu­ruş­lar se­pil­ýän hem bol­sa, adat­ça üs­tü­ne tü­wi unun­dan taý­ýar­la­nan kö­ke go­ýul­ýan gör­nü­şi has meş­hur­dyr. Maý, okt­ýabr aý­la­ryn­da has köp iýil­ýän bu ta­gam ki­tir­de­wük bo­lup, ony çeý­näp bol­ýar. Bing­su hem di­ýil­ýän bu ta­ga­myň örän köp – kün­jü­li, ga­wun­ly, gök çaý­ly, süýt­li çaý­ly, ýo­gurt­ly, mi­we­li gör­nüş­le­ri bar.
Fa­lu­de. Sa­na­wyň il­kin­ji on­lu­gy­na Eý­ran­dan ýe­ne bir ta­gam ady­ny ýaz­dy­ryp­dyr. Bu ta­gam gül su­wy guý­lan in­çe unaş­lar­dan hem-de doň­du­ry­lan şer­bet­den yba­rat bo­lup, köp ýyl­dan bä­ri taý­ýar­lan­ýar. To­mus ta­ga­my ha­sap­lan­ýan fa­lu­de, adat­ça üs­tü­ne li­mo­nyň tä­ze sy­ky­lan su­wy, üwe­len pis­se ýa-da ül­jä­niň şer­be­ti se­pe­le­nip, hö­dür edil­ýär.
Bit­ter şo­ko­lat­ly že­la­to/«Ge­la­to al cioccola­to fon­den­te». Doň­du­ry­lan süýt­den ýa-da gaý­mak­dan şe­ker we ta­gam go­şu­lyp taý­ýar­lan­ýan, so­wuk, süý­ji iý­mit bo­lan bu doň­dur­ma dür­li me­de­ni­ýet­ler­de dür­lü­çe at­lan­dy­ryl­ýar. Ame­ri­kan me­de­ni­ýe­tin­de buz­gaý­mak (ice cre­am) di­ýil­ýän bol­sa, ital­ýan­lar­da že­la­to di­ýil­ýär. Köp ýurt­da doň­du­ry­lan ýo­gurt, köp ýurt­da şer­bet (ýa-da sor­bet) di­ýil­ýär. Ital­ýan doň­dur­ma­sy bo­lan že­la­to ada­ty doň­dur­ma­dan has dy­kyz bol­ma­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Bu ital­ýan ta­ga­my süýt­den, gaý­mak­dan, ýu­murt­ga­dan we şe­ker­den taý­ýar­la­nyp, oňa ýo­ka­ry hil­li şo­ko­lad go­şul­ýar. Bu ta­gam ital­ýan doň­dur­ma­çy­la­ry­nyň iň geç­gin­li ha­ry­dy ha­sap­lan­ýar. Has köp muk­dar­da bit­ter şo­ko­lad go­şul­ýan gör­nü­şi­ne bol­sa «cioccola­to extra­no­ir» di­ýil­ýär.

Sa­na­wa ýo­kar­da ag­za­lan ýurt­lar­dan baş­ga-da Ang­li­ýa­dan düýr­le­nen gaý­mak, Hin­dis­tan­dan kul­fi, Pu­er­to-Ri­ko­dan lim­ber, pi­ra­gua, Tä­ze Ze­lan­di­ýa­dan ho­keý-po­keý doň­dur­ma­sy, Fran­si­ýa­dan par­fa­it, Fi­lip­pin­ler­den ha­lo-ha­lo we Bel­gi­ýa­dan «Da­me blanche» (fran­suz­ça «ak ze­nan» diý­me­gi aň­lad­ýan bu ta­gam Ni­der­land­lar­da hem meş­hur­dyr) ýaly dür­li ta­gam­lar gi­ri­zi­lip­dir. Ola­ryň kö­pü­si mi­we­ler­den taý­ýar­lan­ýan bol­sa, kä­bi­ri içim­lik ha­sap­lan­ýar.