Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly täze şygryny okanyňda durmuşyň gurluşyny, many-mazmunyny, gözelligini pähim-parasada dolap, ony öz goşgularynda jemlän dana şahyryň çeper keşbi göz öňüňde janlanýar. Eýsem, şeýle uçursyz zehiniň syry nämedekä? Magtymgulynyň goşgusyny okan her bir adam onuň täsirine düşýär. Bu goşgularyň biziň döwrümize çenli gelip ýetmeginiň özi şahyryň ýiti zehininiň anyk-aýdyň subutnamasy ahyryn! Megerem, şahyryň başyndan geçiren kynçylyklaryndan ruhdan düşmän baş alyp çykyşy goşgularynyň şeýle täsirli bolmagyna sebäp bolan bolsa gerek.
Şol şygyrlary okanyňda onuň gözelligi, jadyly güýji ruhuňy janlandyrýar. Hyýallaryňda Pyragynyň şygryýet dünýäsinde gezeniňi duýman galýarsyň. Akyldar şahyryň halkyň ruhuna müdimilik siňen şygyrlary kalbyňda baky ýaşaýar. Durmuşyň gözelligini bir ýere jemläp, özboluşly bir dünýä döreden şahyryň şygyrlary bakylygyň gözbaşy bolsa gerek. Ol şygyrlar halypalara görelde, nesillere ýörelge, her bir kynçylygyň bolsa çözgüdi bolup görünýär. Şahyryň şygyrlarynyň özboluşly çeperçiligi bolsa ylhamyňy joşdurýar. Ol goşgulary okamadyk, öwrenmedik, ýeri gelende durmuşda peýdalanmadyk türkmen ýok bolsa gerek.
Akyldar şahyryň şygyrlary her bir ynsanyň ýol-ýörelgesi bolup dur. Megerem, bu goşgularyň ölmez-ýitmezligi arzuwlan zamanasyny görüp bilmedik şahyryň asyrlaryň jümmüşinde ýere düýpli kök uran agajyň miweleri mysaly. Magtymguly Pyragynyň ýiti zehininden syzylyp çykan şol goşgulary okadygyň saýyn okasyň gelýär, şahyryň paýhas ummanynda ýüzesiň gelýär, olary ýaş nesillere hem öwredesiň gelýär. Ol goşgularyň dünýäniň dürli künjeklerinde ynsanlaryň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýan gymmatly hazyna öwrülmegi şygyrlaryň bakylygynyň alamatydyr. Geçmiş bilen şu güni birleşdirýän bu goşgular biz ýaşlara, geljekki nesillere paýhas ummanynda akyl gämisi bolar.
Albina ZAKIRJANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.