Döwletimiziň ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge hem-de onuň halkara energoulgama depginli goşulyşmagyna gönükdirilen energetika syýasaty barha rowaçlanýar. Ýurdumyzyň bu ulgamda amala aşyrýan iri möçberli maýa goýum taslamalary diňe bir möhüm ykdysady ähmiýete eýe bolman, eýsem, sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda hem örän uly orny eýeleýändir. Ýangyç-energetika toplumynyň möhüm binýadyny emele getirýän gaz pudagy, şol bir wagtda, ýurdumyzyň umumy senagat önümçiliginiň esasy bölegini düzýär. Häzirki döwürde bu pudakda tebigy gazyň täze gorlaryny gözlemek we özleşdirmek, taýýar önümi ibermäge, saklamaga, gaýtadan işlemäge, taýýar ýangyçlary sarp edijilere ýetirmäge çenli önümçilikde öňdebaryjy, ýokary öndürijilikli tehnologiýalar netijeli ulanylýar. Türkmenistanyň energetika pudagynda halkara ähmiýetli teklipleri dünýä bileleşigi tarapyndan kabul edilen çözgütlerde beýanyny tapyp, birnäçe iri energetika taslamalarynyň iş ýüzünde amala aşyrylmagynda mynasyp dowam etdirilýär. Şol taslamalaryň hatarynda Türkmenistan – Hytaý, Türkmenistan – Eýran iri gaz geçirijilerini, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisini, Türkmenistandan Eýrana hem-de owgan tarapynda Pakistana çykalgasy bolan ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlaryny görkezmek gerek. Şu we beýleki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Ýewraziýa yklymynyň dürli sebitlerine Türkmenistanyň energetika serişdeleriniň iberilişini diwersifikasiýalaşdyrmak ýörelgesine esaslanýar. Şunda daşary döwletler we kompaniýalar bilen bilelikde köp ýyllaryň dowamynda işlenilmegi netijesinde, ýurdumyzyň özüni özara ynanyşmak, hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk we açyklyk ýörelgeleri esasynda iş alyp barýan jogapkärli hem-de ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezendigini nygtamak zerurdyr. Häzir Türkmenistan hut şeýle ýörelgelere esaslanyp, halkara energetika hyzmatdaşlygynyň çäklerini giňeldýär.
Türkmen tarapy geljegi uly, täze hyzmatdaşlaryň hatarynda Uzak, Orta we Ýakyn Gündogar, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň birnäçesi bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine garaýar. Şol döwletler energetika babatda ýurdumyz bilen netijeli gatnaşyklara uly gyzyklanma bildirýärler we tekliplerini hödürleýärler. Şeýle döwletleriň hatarynda Yrak Respublikasy hem bar.
Golaýda, döwlet ministriniň – «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Bagdat şäherinde iş saparynda boldy. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekilleri Yrak Respublikasynyň Premýer-ministri Mohammed Şiýa Al Sudani tarapyndan kabul edildi. Duşuşykda Yrak Hökümetiniň ýolbaşçysy öz ýurdunyň Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine taýýardygyny belledi. Şol gatnaşyklarda energetika ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolar.
Premýer-ministr Al Sudani baý uglewodorod serişdeleriniň bardygyna garamazdan, milli ykdysadyýetiniň we ilatynyň gaza hem-de elektrik energiýasyna barha artýan islegleriniň Yraga gazyň daşary ýurtlardan iberilişiniň möçberiniň artdyrylmagynyň zerurdygyny şertlendirýändigini aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ol iki ýurduň döwlet energetika düzümleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklary mübärekledi we olaryň iş ýüzünde durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdi.
Türkmen wekiliýeti elektroenergetika ministri Ziad Ali Fadel bilen hem gepleşikleri geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda netijeli ýagdaýda türkmen tebigy gazyny Yraga ibermegi guramak bilen baglanyşykly meseleleriň toplumyna garaldy. Hususan-da, yrakly hyzmatdaşlar Türkmenistandan Yraga gazy goňşy Eýran Yslam Respublikasynyň çäklerinden swap usulynda almaga gyzyklanma bildirdiler. Gepleşikleriň netijeleri boýunça «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Yrak Respublikasynyň Elektroenergetika ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Ýurdumyz özüniň energetika pudagyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň oňyn baý tejribesine eýerip, uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna hem-de ygtybarly hyzmatdaşlarynyň giň toparyna eýe bolmak bilen, milli gaz pudagyny ösdürmegi, köp görnüşli turbageçiriji infrastrukturasyny giňeltmegi, gaz pudagyndaky halkara düzgünler we tejribeler esasynda türkmen tebigy gazyny gyzyklanma bildirýän ýurtlara we kompaniýalara ugratmagy öz içine alýan energiýa syýasatyny alyp barýar.
Serdar OSMANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.