Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürmek maksady bilen öňe süren beýik başlangyçlary, durmuşa ornaşdyrýan netijeli özgertmeleri giň möçberli şertleri emele getirýär. Munuň şeýledigine gazanylýan ýokary ösüşler, ýaşaýyş-durmuş, ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlaryndaky ýetilen belent sepgitler, durmuşa ornaşdyrylan ägirt uly işler, gazanylan üstünlikler şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan häzirki wagta çenli 21 sany Kararnama kabul edildi. Şolaryň üçüsi halkara gatnaşyklarda öňüni alyş diplomatiýasynyň ähmiýeti bilen baglanyşyklydyr.
Şu ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi öňüni alyş diplomatiýasynyň ähmiýetiniň örän ýokarydygyny nobatdaky gezek äleme äşgär etdi. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna iberen Gutlagynda nygtaýşy ýaly: «Türkmenistanyň Hökümeti sebit merkeziniň işine hemmetaraplaýyn yzygiderli goldaw berýär. Hususan-da, onuň syýasy-diplomatik gatnaşyklary öňe sürmekde, sebitde gapma-garşylyklaryň öňüni almakda, ynanyşmagy pugtalandyrmakda tagallalaryny we başlangyçlaryny goldaýar».
Ýurdumyzyň köpugurly halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ösüş arkaly parahatçylygy berkarar etmäge gönükdirilen tagallalary Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen gatnaşyklarynda, ýerine ýetirilýän meýilnamalaýyn işlerde aýdyň ýüze çykýar. Dünýä bileleşigi Türkmenistany halkara borçlaryny gyşarnyksyz berjaý edýän ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edýär.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy milli gymmatlyklar ulgamynyň düzüm bölegidir. Hemişelik Bitaraplyk jemgyýetde durnuklylygy we ylalaşygy pugtalandyrmaga, sebitde we dünýäde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilip, ähli döwletler, şeýle hem iri halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygynda, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerinde has-da aýdyň duýulýar.
Türkmenistan ynsanperwerlik hukugy ulgamynda halkara borçnamalaryny hemmetaraplaýyn we gyşarnyksyz ýerine ýetirýän döwlet hökmünde tanalýar. Biziň ýurdumyz BMG-niň adam hukuklary we azatlyklary boýunça möhüm konwensiýalaryny hem-de beýleki köptaraplaýyn halkara namalary gyşarnyksyz berjaý etmäge ygrarlydygyny tassyklamak bilen, ynsanperwer ulgamda anyk işleri amala aşyrmaga işjeň gatnaşmaga taýýardygyny beýan edýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň kabul edilmegine 75 ýyl hem-de Wena Jarnamasynyň we hereketler maksatnamasynyň kabul edilmegine 30 ýyl dolýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bu seneler mynasybetli birnäçe çäre geçirmegi meýilleşdirýär.
Dürli döwletler bilen syýasy, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda deňhukukly gatnaşyklaryň ösdürilmegi, şeýle hem iri halkara guramalar, şol sanda BMG hem-de onuň düzüm birlikleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan möhüm ugurlarydyr. Muny Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen «2023-nji ýyl – Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Halkara ösüşleriň sakasynda duran hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we onuň halkara abraýynyň has-da belende galmagynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýäris.
Maýa ATAJANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy.