Ga­raş­syz ýur­du­myz­da Gün­do­ga­ryň akyl­dar şa­hy­ry, türk­men nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­nyň gör­nük­li we­ki­li Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň aja­ýyp şy­gyr­la­ry­na, ede­bi mi­ra­sy­na uly sar­pa go­ýul­ýar. 2024-nji ýyl­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­ny giň ge­rim bi­len bel­le­mä­ge taý­ýar­la­nyl­ýar.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz be­ýik şa­hy­ra hor­mat goý­ýar. Mu­ňa Mil­li Li­de­ri­mi­ziň Mag­tym­gu­ly Py­ra­ga ba­gyş­lap dö­re­den şyg­ry-da aý­dyň my­sal­dyr. Kö­pet­da­gyň ete­gin­de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy me­de­ni-se­ýil­gäh top­lu­my­nyň gur­lu­şy­gy güýç­li dep­gin­de do­wam ed­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ýa­ňy-ýa­kyn­da bu ýer­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler bi­len tan­şan pur­sa­dyn­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­ga ba­gyş­lan tä­ze şyg­ry­ny şol ýer­de okap ber­me­gi bi­zi has-da buý­san­dyr­dy.
Äh­li şy­gyr äle­mi­niň we­pa­ly hyz­mat­kä­ri –
Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy.
Mi­ze­mez bi­na­la­ryň peý­ma­ny-yg­ty­ba­ry –
Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy.
Be­ýik şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gi döw­rüň äh­li me­se­le­le­ri­ni öz içi­ne al­ýar. Onuň dö­re­di­ji­li­gin­de ag­zal­ma­dyk te­ma, goz­gal­ma­dyk me­se­le ýok bol­sa ge­rek. Olar­da ha­lal­lyk, ag­zy­bir­lik, myh­man­sö­ýer­lik, wa­tan­sö­ýü­ji­lik, yşk ba­bat­da söh­bet açyl­ýar. Şa­hy­ryň ýa­zan şy­gyr­la­ry her bir yn­sa­nyň kal­byn­da ýer edip, ýü­rek­le­riň tö­rün­de ýa­şa­ýar. Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi um­man ýa­ly giň. Şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gi Jem­şi­diň ja­my­na de­ňel­ýär. Söz us­sa­dy Mag­tym­gu­ly­nyň aja­ýyp goş­gu­la­ry halkymyz üçin ýol gör­ke­zi­ji şam­çy­rag bo­lup hyz­mat ed­ýär. Akyl­dar şa­hy­ryň dür­dä­ne se­tir­le­ri ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak ha­zy­na.
Ýa­kyn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky He­mi­şe­lik ut­gaş­dy­ry­jy­sy Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Mu­kam­lar köş­gün­de «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň gol­ýaz­ma­lar top­lu­my­nyň» ÝUNESKO-nyň «Dün­ýä­niň ha­ky­da­sy» mak­sat­na­ma­sy­nyň Hal­ka­ra sa­na­wy­na gi­ri­zil­me­gi bi­len bag­ly de­giş­li şa­ha­dat­na­ma­la­ry gow­şur­dy.
Mä­lim bo­lu­şy ýa­ly, 10-24-nji maý­da Pa­riž şä­he­rin­de ÝU­NES­KO-nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ge­ňe­şi­niň 216-njy mej­li­si­niň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň ÝU­NES­KO-nyň ga­ra­ma­gy­na hö­dür­län «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň gol­ýaz­ma­lar top­lu­my­ny» bu gu­ra­ma­nyň «Dün­ýä­niň ha­ky­da­sy» mak­sat­na­ma­sy­nyň Hal­ka­ra sa­na­wy­na gi­riz­mek ha­kyn­da­ky çöz­güt bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­di.
Mu­nuň özi türk­men hal­ky­nyň akyl­dar şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi­niň tu­tuş dün­ýäde äh­mi­ýet­li­di­gi­niň we hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­de giň­den yk­rar edil­ýän­di­gi­niň aý­dyň be­ýa­ny­dyr.
Be­ýik Py­ra­gy­nyň adam­za­dyň gen­ji-ha­zy­na­sy­na öw­rü­len şy­gyr­la­ryn­da öňe sür­ýän pi­kir­le­rin­de esa­sy ugur ada­myň ga­dy­ry­ny bil­mek, yn­san mer­te­be­si­ni sar­pa­la­mak ba­ra­da bo­lup, şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gi­ne nä­çe çuň ara­laş­dy­gyň­ça, akyl-paý­has um­ma­nyn­da ýü­züp bar­ýan ýa­ly duý­gy­ny baş­dan ge­çir­ýär­siň. Bi­ri-bi­rin­den aja­ýyp goş­gu­la­ryň, il­kin­ji no­bat­da, ýaş­la­ry ter­bi­ýe­le­mek­de esa­sy ýol-ýö­rel­ge, mek­dep bo­lup dur­ýan­dy­gy bol­sa aý­ra­tyn bel­le­nil­me­li ýag­daý­dyr.
Da­na şa­hy­ry­my­zyň şy­gyr­la­ry hal­kyň aňyn­da ýa­şa­ýar, dil­­den-dile ge­çip, dün­ýä­ni seý­ran ed­ýär. Kä­mil eser­le­riň, el­bet­de, öm­ri ba­ky­dyr. Akyl­dar şa­hy­ryň pa­ra­sat­ly hem da­na söz­le­ri na­kyl­la­ra, ata­lar söz­le­ri­ne öw­rü­lip, il ara­syn­da dil­den düş­män gel­ýär. Mag­tym­gu­ly şy­gyr­la­ry­ny halk dö­re­di­ji­li­gin­de iş­jeň ula­ny­lan goş­gy dü­zü­li­şi­niň mu­rap­bag gör­nü­şin­de ýa­zyp­dyr. Çün­ki goşgy düzülişiň bu usuly ýat tut­ma­ga, aý­dym edip aýt­ma­ga amat­ly bo­lup­dyr. Halk öz şa­hy­ry­na äh­li dö­wür­ler­de hem aý­ra­tyn hor­mat go­ýup­dyr. Onuň eser­le­ri en­çe­me ge­zek ne­şir edil­di, en­çe­me yl­my iş­ler, mo­nog­ra­fi­ýa­lar ýa­zyl­dy. Onuň ede­bi mi­ra­sy­ny da­şa­ry ýurt alym­la­ry-da öw­ren­ýär­ler.

Ogul­gö­zel ATA­ÝE­WA,
Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.