Ta­ry­hyň do­wa­myn­da ösüş­le­ri hä­si­ýet­len­dir­me­giň il­kin­ji esas­la­ry­nyň bi­ri uly we ösen şä­her­le­riň dö­re­me­gi bi­len bag­la­nyş­dy­ryl­ýar. Ösen şä­her­ler ýur­duň ýo­ka­ry kuw­wa­tyn­dan ha­bar ber­ýär. Ga­dy­my Gre­si­ýa­da, Me­so­po­ta­mi­ýada hem ösen şä­her döw­let­le­ri ke­ma­la ge­lip, şeý­le şä­her­le­riň aý­ra­tyn­ly­gy jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy ba­bat­da­ky öz­baş­dak­ly­gyn­da­dyr. Ösen şä­her­le­re so­si­al fak­tor­la­ryň birnäçesi mah­sus bo­lup, adam­la­ryň özü­ni alyp bar­şy­na, gö­zel­lik-duý­gy gat­na­şyk­la­ry­na, sag­dyn­ly­gy­na tä­sir ed­ýän ýag­daý­la­ry na­za­ra al­ýar. Ge­çen asy­ryň do­wa­myn­da dün­ýä­de şä­her­leş­me yzy­gi­der­li art­dy. Ösen şä­her­ler, ösen se­na­gat, köp­lenç, eko­lo­gik me­se­lä­niň dö­re­me­gi­ne ge­tir­ýän se­bäp­le­ri­ hem özün­de sak­la­ýar.
Mag­lu­mat­lar­a görä, 2007-nji ýyl­da dün­ýä ila­ty­nyň şä­her­de ýa­şa­ýan bö­le­gi ola­ryň umu­my sa­ny­nyň ýa­ry­syn­dan öňe geçdi. Şu­nuň özi şä­hergur­lu­şyk tas­la­ma­la­ry­nyň umu­my me­de­ni-dur­muş ul­ga­myn­da has ynam­ly or­ny eýe­le­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. Şeý­le­lik­de, şä­her ila­ty üçin äh­li­ta­rap­la­ýyn ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki in­tel­lek­tu­al gur­şa­wy dö­ret­mek bi­len, şol dü­züm­le­riň el­ýe­ter­li­li­gi­ni üp­jün et­me­giň ýol­la­ry ha­kyn­da pi­kir­len­mek tä­ze we­zi­pe bo­lup dur­ýar. Hä­zir­ki dö­wür­de ösen şä­her­ler ýö­rel­ge­si­niň or­nu­na «akyl­ly» şä­her ýö­rel­ge­si has köp ula­nyl­ýar. Şu­nuň özi, il­kin­ji no­bat­da, ösen şä­her­le­riň art­ma­gy, se­na­gat­laş­ma se­bäp­li gör­ne­tin ýü­ze çyk­ýan eko­lo­giýa we beý­le­ki me­se­le­le­riň öňü­ni al­ma­ga gö­nük­di­ril­ýär. BMG-niň 2030-njy ýy­la çen­li dö­wür üçin ni­ýet­le­nen Dur­nuk­ly ösü­şiň mak­sat­la­ry­nyň on ýe­di ug­ry ba­bat­da hem ne­ti­je­li iş alyp bar­ma­gyň oňaý­ly gu­ra­ly hök­mün­de «akyl­ly» şä­her ýö­rel­ge­si­niň gol­da­nyl­ma­gy dog­ru­dyr. Bu sö­ze dür­li çeş­me­ler­de dür­li kes­git­le­me­ler be­ril­ýär. Ýew­ro­pa­da mag­lu­mat-ara­gat­na­şyk se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­by­na jem­gy­ýet­çi­lik me­se­le­le­ri­ni çöz­mä­ge gö­nük­di­ri­len işi ama­la aşyr­ýan şä­her­ göz öňün­de tu­tul­ýar. Eko­lo­gi­ýa bi­len bag­la­ny­şyk­ly­lyk­da «akyl­ly şä­her – aýaw­ly şä­her» di­ýen kes­git­le­me hem mak­sa­da la­ýyk gel­ýär. Türk­me­nis­tan ba­ba­tyn­da al­nan­da, bu fi­lo­so­fik, me­de­ni we so­si­al me­se­le­ler bi­len bir­lik­de, tu­tuş adam­za­dyň öňün­de dur­ýan gel­je­giň we­zi­pe­le­ri­niň esa­syn­da ke­ma­la gel­ýän kes­git­le­me­dir. Türkmen halkynyň Mil­li Li­de­ri­, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Türk­me­nis­tan Dur­nuk­ly ösü­şiň mak­sat­la­ry­na ýet­me­giň ýo­lun­da» at­ly ki­ta­byn­da Dur­nuk­ly ösü­şiň mak­sat­la­ry­nyň Türk­me­nis­tan­da mil­li de­re­je­de nä­hi­li ama­la aşy­ry­lan­dy­gy ba­ra­da anyk ne­ti­je­ler be­ýan edil­ýär. Bu ba­ra­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ese­rin­de şeý­le bel­le­ýär: «Mu­nuň özi BMG-niň Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ryn­da jem­le­nip, şon­dan ge­lip çyk­ýan ne­ti­je­ler bol­sa «Türk­me­nis­tan Dur­nuk­ly ösü­şiň mak­sat­la­ry­na ýet­me­giň ýo­lun­da» di­ýen düýp­li iş­de öz be­ýa­ny­ny tap­dy». «Top­la­nan ylym-bi­lim tej­ri­be­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri sel­je­ri­lip, şo­lar esa­syn­da XXI asyr­da dur­nuk­ly ýa­şaý­şy üp­jün et­me­giň tag­ly­ma­ty­nyň dö­re­dil­me­gi mö­hüm­dir» diý­mek bi­len bol­sa, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz dur­nuk­ly ösü­şiň has mö­hüm äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­ýär. Şun­dan gör­nü­şi ýa­ly, dur­nuk­ly ösüş, mil­li de­re­je­dä­ki mak­sat­na­ma hem bo­lup dur­ýar.
«Akyl­ly» şä­he­riň dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün edi­ji hök­mün­dä­ki esa­sy ta­ra­py, ra­ýa­tyň ýa­şa­ýyş de­re­je­si­ne tä­sir ed­ýän­li­gi­dir, ýag­ny şä­her ýa­şaý­jy­la­ry­nyň ösen hyz­mat ba­za­ry bi­len bi­le­lik­de, zäh­met ba­za­ryn­da hem ar­tyk­maç­ly­gy­ny yk­rar et­me­gin­de­dir. Şu­nuň özi ho­ja­lyk-dur­muş ul­ga­my­nyň do­lan­dy­ryş gu­ral­la­ry bi­len bir­lik­de, se­na­gat gur­luş dü­züm­le­ri­niň hem dö­re­dil­ýän­li­gi­ne esas­lan­ýar.
Ýur­du­myz­da dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýan «akyl­ly» şä­her kon­sep­si­ýa­sy­nyň Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gin­de ýe­ri­ne ýe­tir­ýän we­zi­pe­si­ne ga­rap ge­çe­liň. «Akyl­ly» şä­her­le­riň dö­re­dil­me­gi tä­ze in­že­ner­lik teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy­nyň ne­ti­je­sin­de, ada­ty şä­her­ler­de ýü­ze çyk­ýan gyz­ga­laň­ly dur­muş şert­le­ri ze­rar­ly wag­tyň köp sarp edil­me­gi­niň öňü­ni al­mak­dyr. Ýa­şaý­jy­la­ryň wag­ty­ny gün­de­lik ho­ja­lyk ala­da­la­ry­na az sarp edip, öz­le­ri­ni ru­hy we be­den taý­dan yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dir­mek­le­ri üçin müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi­dir.
Se­bit­de iri tas­la­ma­la­ryň bi­ri bo­lan Ar­ka­dag şä­he­ri­niň bi­rin­ji tap­gy­ryn­da 336 sa­ny bi­na we des­ga­nyň, şol san­da äh­li amat­lyk­la­ry özün­de jem­le­ýän ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň, ça­ga­lar sa­gal­dyş-di­kel­diş mer­ke­zi­niň, has­sa­ha­na­la­ryň, or­ta mek­dep­le­riň, ça­ga­lar bag­la­ry­nyň, eda­ra bi­na­la­ry­nyň we beý­le­ki des­ga­la­ryň gu­rul­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­di. Has ta­ky­gy, bu iri mer­ke­ziň bi­rin­ji tap­gy­ryn­da 11 sa­ny jem­gy­ýet­çi­lik bi­na­sy, 25 sa­ny eda­ra bi­na­sy, 19 sa­ny bi­lim eda­ra­sy, 258 sa­ny ýa­şa­ýyş ja­ýy, 9 sa­ny sag­lyk we sport bi­na­sy bi­len bir ha­tar­da, in­že­ner­çi­lik ul­gam­la­ry­nyň­dyr des­ga­la­ry­nyň 14-si­niň gu­rul­ma­gy tas­la­ma­nyň örän giň ge­rim­li­li­gi­ni gör­kez­ýär.
Dur­nuk­ly ösü­şiň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi bi­len bag­ly­lyk­da, me­de­ni­ýe­ti öw­re­ni­şiň nuk­daý­na­za­ryn­dan şeý­le ar­tyk­maç­lyk­la­ry be­ýan et­mek­çi:
Gen­der deň­li­gi. Şah­sy­ýet­le­riň ady­nyň ebe­di­leş­di­ril­me­gi, «akyl­ly» şä­her­de meş­hur şah­sy­ýet­ler ha­kyn­da­ky mag­lu­mat­la­ryň bi­lim hök­mün­de me­de­ni-jem­gy­ýet­çi­lik gur­şa­wy­na or­naş­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär.
El­ýe­ter­li we aras­sa ener­gi­ýa. Döw­re­bap şä­her­gur­lu­şyk ýö­rel­ge­si­ne la­ýyk­lyk­da, eko­lo­giýa taý­dan aras­sa elekt­ro­bus­lar­dyr elekt­ro­mo­bil­le­riň he­re­ke­ti ýo­la go­ýul­dy.
Aras­sa suw we aras­sa­çy­lyk. Agyz su­wu­ny sarp edi­li­şi­ni öl­çeý­ji ul­gam­lar gur­nal­dy. Şä­her­de 415,4 ki­lo­metr agyz suw, su­wa­ryş, sil suw­la­ry­ny so­wu­jy aka­ba­lar, su­wuň de­re­je­si­ni pe­sel­diş ul­ga­my we la­gym ge­çi­ri­ji­le­ri bar. Bu­lar «akyl­ly» şä­he­re mah­sus bo­lan «jo­gap­kär­çi­lik­li sarp ediş­lik we önüm­çi­lik mak­sa­dy­na» la­ýyk gel­ýär.
Ýo­ka­ry hil­li bi­lim. Şä­her­de gur­lup ula­nyl­ma­ga ber­len bi­na­lar­da ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň mu­gal­lym­la­ry­nyň we ta­lyp­la­ry­nyň gat­naş­mak­la­ryn­da iş­le­nip dü­zü­len bi­lim ul­ga­my­nyň san­ly çöz­güt­le­ri­ni, ýag­ny mek­dep, mu­gal­lym, ata-ene hem okuw­çy üçin mag­lu­mat­la­ry on­laýn usul­da al­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän mek­dep ul­ga­my­ny; ta­lyp­la­ryň oku­wa de­giş­li mag­lu­mat­la­ry öz­leş­dir­mek­le­ri­ne müm­kin­çi­lik ber­ýän bi­lim por­ta­ly­ny; okuw mak­sat­na­ma­la­ry­na gi­ri­zi­len ki­tap­la­ryň äh­li­si­ni bir ýer­de jem­le­ýän san­ly ki­tap­ha­na ul­ga­my­ny; on­laýn ders bäs­le­şik­le­ri­ni we sy­nag­la­ry ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän san­ly ul­ga­my gi­riz­mek bi­len bag­ly iş­ler ge­çi­ril­di.
Sag­dyn dur­muş we aba­dan­çy­lyk. Şä­her­de di­ňe sag­lyk öý­le­ri däl, «Sag­lyk» se­ýil­gä­hi hem göz öňün­de tu­tul­dy.
Gu­ry ýer eko­lo­gi­ýa ul­ga­my­ny go­rap sak­la­mak. Bu kon­sep­si­ýa­nyň esa­sy ug­ry bol­sa bi­na edil­ýän des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gyn­da eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa se­riş­de­le­riň ula­nyl­ma­gyn­dan we ýo­ka­ry eko­lo­gi­ýa de­re­jä­ni üp­jün et­mek­den yba­rat­dyr.
Tä­ze şä­her­de ula­nyl­ýan «ýa­şyl» teh­no­lo­gi­ýa­lar hal­kyň eko­lo­gi­ýa yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni, eko­lo­gi­ýa me­de­ni­ýe­ti­ni ös­dür­mek üçin örän wa­jyp­dyr.

Mak­sat Işan­gu­ly­ýew,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň Ylym bö­lü­mi­niň baş­ly­gy.