Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz depginli we yzygiderli daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýär hem-de halkara gatnaşyklar ulgamynda mynasyp orun eýeleýär. Ýurdumyzyň ählumumy we sebitleýin geosyýasatda möhüm ähmiýete eýe bolan halkara abraýy dowamly pugtalandyrylýar. Türkmen döwleti dünýäniň ähli ýurtlary bilen deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň durmuşa geçirilmegine esaslanýan gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär.
Türkmenistan we Türkiýe baý taryhy hem-de medeni mirasy bolan ýurtlardyr. Türkmen hem türk halklarynyň öňden gelýän dostlukly gatnaşyklary taryhy-medeni däpleriniň umumylyklary, söwda we ynsanperwer gatnaşyklary, häzirki döwürde bolsa garaýyşlarynyň meňzeşdigi bilen baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda döwletleriň ikisi-de parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirýärler, ählumumy asudalyk we howpsuzlyk ýörelgelerine, şeýle hem durmuş-ykdysady ösüşe berk ygrarlydyklaryny görkezýärler.
Hormatly Prezidentimiziň 25-26-njy oktýabrda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran ilkinji resmi sapary türkmen-türk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagynyň Türkiýe Respublikasynyň milli baýramynyň 100 ýyllygynyň öňüsyrasynda türkmen-türk dostlugynyň mizemezdiginiň nobatdaky nyşanyna öwrüldi.
Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 29-njy fewralynda ýola goýuldy. Geçen döwürde iki ýurduň arasynda giň gerimli özara hereketleriň baý hem oňyn tejribesi toplanyldy. Onuň esasyny döwletara, hökümetara we pudagara derejelerde gol çekilen hem-de hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryny öz içine alýan ikitaraplaýyn şertnama-hukuk resminamalarynyň giň toplumy düzýär. Şu gezekki saparyň çäklerinde gol çekilen 13 ylalaşyk hem iki ýurduň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň üstüni ýetirdi.
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Liderleriniň arasyndaky ýokary derejedäki netijeli gepleşikler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlaryny has berkitdi, gatnaşyklaryň täze ugurlaryny kesgitledi. Dürli derejelerdäki syýasy gepleşikler bilen bir hatarda taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegine we medeni-ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem çuňlaşdyrylmagyna ygrarlydyklaryny görkezýärler. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-türk hökümetara toparynyň alyp barýan işleri ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kadalaşdyrýan ulgam bolup hyzmat edýär.
Türkmen-türk söwda gatnaşyklarynyň möçberini 5 milliard dollara ýetirmek maksat edinilýär. 2022-nji ýylda söwda dolanyşygynyň möçberi 2,1 milliard dollara barabar bolan bolsa, 2023-nji ýylda bu görkezijiniň 3 milliard dollara golaýlamagyna garaşylýar. Şeýle hem Türkmenistan türk potratçylyk kompaniýalarynyň iň köp iş alyp baran ýurdudyr. Häzirki wagta çenli türk kompaniýalarynyň Türkmenistandaky taslamalarynyň möçberi 50 milliard dollardan geçdi. Türk kompaniýalary Türkmenistanda 2 müňe golaý dürli taslamalary amala aşyrdy. Iki ýurduň hususy pudagynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hem ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şonuň netijesinde şu gezekki saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Türkiýe Respublikasynyň Kiçi we orta kärhanalary ösdürmek we goldaw bermek baradaky guramasynyň arasynda Hereketleriň meýilnamasyna gol çekilmegi bu gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegi üçin binýat boldy. Türkmenistan we Türkiýe Respublikasy Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hem netijeli özara hereket etmek arkaly, häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça garaýyşlarynyň umumylygyny ýa-da meňzeşligini görkezýärler. Soňky ýyllarda ýurdumyz dünýä syýasatynyň gün tertibiniň möhüm meseleleri, şol sanda energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag-logistik ulgamy ösdürmek, daşky gurşawy goramak, söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak ýaly möhüm ugurlarda halkara başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär.
Türkmenistanyň we Türkiýäniň sebitiň ösüşi bilen bagly meseleler boýunça hyzmatdaşlygy ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Şunda Türki Döwletleriň Guramasyna hem aýratyn ähmiýet berilýär. Işjeň türkmen-türk gatnaşyklarynyň mysaly hökmünde iki ýurduň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerindäki özara hereketlerini hem görkezmek bolar.
Ýaran AKMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.