Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz ata Watanymyzyň täsin we gözel tebigatyny goramak hem-de ony asyl durkunda geljekki nesillere miras goýmak, ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny durnukly üpjün etmek, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, ilatymyzyň ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmek meselesine aýratyn ähmiýet berýär. Ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri babatda Türkmenistanyň ýöredýän syýasaty dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Ýurdumyzda tebigaty goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, tebigy serişdeleri aýawly saklamak döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlardyr. Şundan ugur almak bilen, tebigaty asyl durkunda geljekki nesillere ýetirmek we ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda oýlanyşykly işler amala aşyrylýar. Uzak we ýakyn ýyllary nazarlaýan maksatnamalarda hem bu ugurda toplumlaýyn çäreler göz öňünde tutulandyr. Ýaşyl zolaklary döretmek bilen, tebigy gurşawyň arassalygyny we abadançylygyny üpjün etmekde, Diýarymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamakda, baýlaşdyrmakda, suw serişdelerini rejeli peýdalanmakda alnyp barylýan işleriň uludygyny belläp geçmek gerek.
Şunuň bilen baglylykda, her ýyl ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirilýär. Bu ählihalk çäresi ýurdumyzda ýylyň dowamynda 2 gezek geçirilip, onuň çäklerinde täze nahallaryň millionlarçasy ekilýär, bar bolanlaryň idegi edilýär.
4-nji noýabrda nobatdaky ýaşyl ekologiýa çäresine, ýagny ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berler. 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde güýz paslynda geçirilýän ählihalk bag ekmek dabarasy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde daşky gurşawyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şu ýyl eziz Diýarymyzda 3 million saýaly, pürli, miweli agaçlaryň we üzümiň nahallaryny oturtmak göz öňünde tutulýar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda bag nahallarynyň 30 milliony, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli 25 million nahal oturdylypdy.
Bu ählihalk hereketi Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasynyň maksatlary bilen sazlaşykly utgaşýar we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň «Gury ýeriň ekologik ulgamyny goramak we dikeltmek hem-de olaryň rejeli peýdalanylmagyna ýardam bermek, tokaýlary rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň zaýalanmagyny bes etmek we yzyna öwürmek hem-de biologik köpdürlüligiň ýitmegini bes etmek» diýlip bellenilen 15-nji Maksadyny durmuşa geçirmäge gönükdirilýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda oňyn ekologiýa şertleriniň döredilmegi, tokaýlaryň durnukly dolandyrylmagy hem-de olaryň biodürlüliginiň goralyp saklanylmagy boýunça toplumlaýyn maksatnama durmuşa geçirilýär. Bu ugurdaky milli kanunçylyk binýady has hem kämilleşdirilýär we halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär.
Daşky gurşawy goramagyň hukuk binýady hem kämilleşdirilip, bu ugurda döwrebap kanunlar kabul edilýär. «Tebigaty goramak hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary muňa mysaldyr. Olar tebigaty goramagyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitlemek bilen, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, hojalyk we beýleki işleriň tebigy ekologik ulgamlara zyýanly täsiriniň öňüni almaga, biologik dürlüligi gorap saklamaga we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmaga, adamyň we jemgyýetiň ýaşaýşynyň möhüm bähbitlerini üpjün etmäge, daşky gurşawa antropogen we tebigy täsiriň netijesinde ýüze çykýan howpdan ony goramaga gönükdirilendir.
Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, ekologiýa, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegine garşy göreş hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleriniň biri hökmünde görkezildi. BMG-niň belent münberinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynda Merkezi Aziýadaky ekologik meselelere has düýpli we täsirli üns bermek üçin wagt ýetendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan sebitiň ekologik meseleleri bilen bagly oňyn başlangyçlary öňe sürüp, şonuň bilen bir hatarda teklipleri girizdi.
Hiwaly HÜMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.