Gopuz türkmen halkynyň irki orta asyr milli saz gurallarynyň bir görnüşidir. Bu saz guralynyň aşaky tarapy üçburçluk şekilinde bolan, parallel uzalyp gidýän taraplary öz içine alýan, ortasyndan ujy gaňyrçakly, ýasyja polat zolajygyň kürede gyzdyrylyp kebşirlenilýän, demirden, polatdan edilýän dili, çirtilip çalynýan, dem hem-de dodagyň kömegi bilen dürli öwüşginli owazlaryň alynýan saz guralydyr. Gopuzlar ölçegleri, atlandyrylyşy, göwrümi, ýasalyşy babatda tapawutlanýarlar. Gopuzyň müçesine, göwrümine görä, belentli-pesli dürli sesler alynýar. Gopuz çep eliň bilen iki dişiň arasynda çalaja gysylyp saklanýar. Soňra sag eliň süýem barmagy bilen onuň diljagazyna kakylýar. Gopuzdan agyz boşlugynyň, dodagyň, diliň kömegi bilen hem-de howa sorup çykarmagyň netijesinde dowamly heňler alynýar. Gopuz çalnanda ýeke kakuw, goşa kakuw, çalt kakuw, sazlaşykly kakuw arkaly şirin mukamlar döredilýär. Geçmişde gopuzlar tagmalanypdyr we olaryň iň meşhur görnüşleri gamyş gopuz, aýly gopuz, düwmeli gopuz, ýürekli gopuz, guşly gopuz, gelinbarmak gopuzy, şypaly gopuz diýen ýaly atlar bilen ýörgünli ulanylypdyr. Gopuz çalnanda sesiň belentligi agzyň açylyş-ýapylyş giňligine, dodaklaryň sazlaşykly hereketlerine bagly bolup, dodagy açygrak saklasaň, ses has dury we ýiti çykýar, ýumubrak saklasaň, ses goýalyp pessaýja çykyp, sesler agyz, bokurdak, gaňşyrawuk boşlugynda aýlanyp, özüne çekiji, jadylaýan heňlere öwrülýär. Demiňi güýçlendirmek ýa-da haýallatmak arkaly yzgiderli täsirli owazlary alyslara ýetirip düşünişmekde gopuz geçmişde ähli hünär senetleriniň iň arzyly görnüşi hasaplanypdyr. Gopuzda her kimiň öz ussatlygyna, ukybyna baglylykda, ýüzugra 5-6 ses bilen dürli sazlary alyp bolýar. Oba gyz-gelinleriniň gopuzyň jadylaýjy owazy astynda läle kakýan täsirli parçalaryň waspy we pursatlary dürli edebiýatlarda köp duş gelýär. Gopuzyň jadylaýjy ritmleriniň dury, labyzly, ýumşak sesi, takt, säginme, temp, ton, nota owazlary açyk ýaýlada asuda, dury howada gündizine 1000 metre, gijesine bolsa 1500-3000 metre çenli uzaklyga eşidilýär. Onuň heňleriniň özboluşlylygy orta asyrlarda hüjümleriň syrlaryny uzak aralykdan öňünden duýmakda, kerwenleriň argyşdan gelmegini buşlamakda, toý, göreş dessurlarynyň başlanmagynyň, maşgalada ekiz, üçem perzentleriň dünýä inmeginde, awçylygyň, yzçylygyň şowly ädimlerinde, mergenlikde, milli oýunlaryň ýeňijileri bilen bagly şatlykly habarlaryň ýaýramagynda ulanylypdyr. Geçmişde gopuzyň labyzly heňleri guşlaryň sesine, ýeňşi buşlaýan atlaryň aýaklarynyň dükürdisine, joşgunly bagşynyň hüwwüldili öýkünmelerine meňzedilipdir. Halk durmuşynda «Ak maýanyň ýoly», «At toýnagy», «Giýew-giýew», «Gelnalyjy getiren», «Mamamyň hüwdüsi», «Kerwen gelýär» ýaly gopuz sazlary has-da meşhurdyr. Alymlar «Uzuklar», «Näzikler», «Läleler», «Ýagma, bulut!», «Sona gelin» ýaly sazlaryň ilki gopuzda, soňra tüýdükde, soň bolsa dutara geçirilip çalnandygy belleýärler. Milli medeniýetimizde saz gurallarynyň halkasynyň göwher gaşy hasap edilýän gopuz sözi «gop» we «uz» diýen gadymy oguz sözünden gelip çykyp, bu leksik aňlatmanyň etimologik taýdan «belent owaz» diýmegi aňladýandygy edebiýatlarda bellenilýär. Gopuz Aziýa halklarynyň medeni durmuşyna giňden ýaýramak bilen olaryň dürli görnüşlerde atlandyrylýandygyny görmek bolýar. Orta asyr alymy Mahmyt Kaşgarlynyň «Diwany lugat et-türk» («Türki dilleriň diwany») atly kitabynda gopuzyň türkmen medeni durmuşyndaky orny, manysy we ulanylyş ýerleri barada giňişleýin maglumat beýan edilýär. Milli muzeýlerimiziň hazynalarynda gopuzyň 10-dan gowrak görnüşini görmek bolýar. Ussadyň söýgi bildiren, durmuşdan ylham alyp döreden edebi sapaklaryny, edebi ösüşleriň taryhyna goşan beýik hyzmatlaryny öwrenmek biziň her birimiziň borjumyzdyr.
Maýsa Pälwanowa,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.