Aziýanyň merjen şäherine öwrülen Aşgabat häzirki wagtda dünýäniň iň owadan we arassa şäherleriniň biri hökmünde tanalýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy we tagallasy bilen Aşgabat şäheri «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizildi.
Aşgabatda giň gerimli dizaýnerçilik çözgütleri ornaşdyryldy. Muňa mysal hökmünde Bagt köşgüni, «Älem» medeni-dynç alyş merkezini, «Aşgabat» söwda we dynç alyş işewürlik merkezini we beýlekileri görkezmek bolar. Milli Liderimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheriniň Watanymyzyň ýüregidigi, onuň dünýä jemgyýetçiligindäki ornuny, at-abraýyny görkezýän esasy merkezdigi nygtalýar. Bellenilişi ýaly, Aşgabat dünýäniň ykdysady taýdan ösen, medeni taýdan ýokary derejeli, iň gözel şäherleriniň biridir.
Her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň güni dabaraly bellenýär we şu mynasybetli paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi geçirilýär.
Aşgabat – ak mermerli binalaryň mesgeni. Soňky ýyllarda paýtagtymyzyň binagärlik keşbi tanalmaz derejede özgerýär. Bu ýerde bina edilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalar bilen paýtagtymyzyň şähergurluşyk infrastrukturasy has-da ösýär. Baş şäherimizde amala aşyrylýan şeýle giň gerimli özgertmeler netijesinde Aşgabat gülläp ösýän ajaýyp şäher we möhüm ykdysady merkez hökmünde ykrar edilýär. Ak şäherimiz ak mermerli binalary bilen bir hatarda, halkymyzyň ägirt uly ruhy galkynyşyny alamatlandyrýan ýörelgeleri özünde birleşdirýär.
Aşgabat XIX asyryň ahyrynda, XX asyryň başlarynda depginli ösüş ýoluna düşýär. Aşgabadyň gözellikleri, ajaýyp binalary, desgalary Ginnesiň rekordlar kitabyndan mynasyp orun aldy. Ginnesiň rekordlar kitabyna täsinlikleriniň 11-si bilen giren Aşgabadyň özi hem 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda dünýäde ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde hasaba alyndy. Munuň özi, ozaly bilen, Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyzy ösdürmek boýunça alyp barýan giň gerimli işleriniň dünýä derejeli ykrarydyr, ýurdumyzyň paýtagtynyň gaýtalanmajak gözelliklerine berlen ýokary bahadyr, baş şäherimiziň hemişe dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezindediginiň aýdyň nyşanydyr.
Aziýanyň merjeni bolan Aşgabat bu gün älem-jahanyň üns merkezinde. Günsaýyn özgerýän, gözelleşýän paýtagtymyz ak mermere beslenýän beýik ymaratlary, kaşaň jaýlary, giň we owadan köçeleri, seýilgähleri bilen bu ýere myhman bolup gelenleri haýran galdyrýar. Milli Liderimiziň döredijilik zehininiň, sungat eseriniň nyşany bolan ak şäherimiz Aşgabat parahatçylygyň, dost-doganlygyň, ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň we ynanyşmagyň mekanyna öwrüldi.
Häzirki wagtda Aşgabat şäherimiz täze ykrarnama eýe bolup, dünýäniň abraýly guramasy bolan ÝUNESKO-nyň «Döredijilik şäherleriniň tory» maksatnamasyna girizildi. ÝUNESKO-nyň «Döredijilik şäherleriniň tory» maksatnamasy 2004-nji ýylda esaslandyryldy. Bu abraýly halkara guramanyň döredijilik şäherleriniň toruna «Senetçilik we folklor sungaty», «Dizaýn», «Film», «Gastronomiýa», «Edebiýat», «Media sungaty» we «Saz» ýaly 7 sany döredijilik ugry boýunça 350 şäher girýär. Bu tora Aşgabat şäheriniň goşulmagy onuň uly dizaýn mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge, dizaýnerleriň başlangyçlaryny geljekde has-da ilerletmäge, halkara derejede döredijilik gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam eder. Aşgabat ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşulan ilkinji şäherdir, şeýle-de Merkezi Aziýa sebitinden bu tora «Dizaýn» ugry boýunça goşulan ilkinji şäherdir.
Amangül Jumadowa,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.