Sun­ga­tyň adam­la­ry bir­leş­di­rip bil­ýän uly güý­ji bar. Diý­mek, be­ýik sun­ga­ty dün­ýä be­ren yn­san­lar hem şol güý­je eýe bol­ma­ly.
Biş­kek şä­he­ri… 2023-nji ýy­lyň de­kabr aýy… Sah­na­da­ky gaý­nap-joş­ýan duý­gu­lar… Türk­men, gyr­gyz, ga­zak, öz­bek, bur­ýat, azer­baý­jan dil­le­rin­de jan­lan­ýan keşp­ler… Mä­hir­den, söý­gü­den, ga­har-ga­zap­dan, ala­sar­myk duý­gu­lar­dan kalp­la­ry pü­re-pür gah­ry­man­la­ryň hem­me­si­niň dil­le­ri­ne do­ly dü­şün­me­sem-de, ola­ryň ýü­rek ses­le­ri bi­len ede­bi­ýat ar­ka­ly öz ene di­lim­de öň­den ta­nyş­dym. Dür­li yk­bal­ly ömür­le­ri çöş­le­ýän sah­na­lar­da­ky wa­ka­la­ry ýü­rek bi­len yzar­lap otyr­dym. Her to­ma­şa­çy­ny ýüp­süz sah­na bag­lap go­ýan bu gah­ry­man­lar dün­ýä bel­li ýa­zy­jy Çin­giz Aýt­ma­to­wyň eser­le­ri­niň şah­sy­ýet­le­ri­di. Duý­gu­lar­dan, pi­kir­ler­den pü­re-pür sah­na eser­le­ri­niň ýig­ri­mä go­la­ýy­nyň hem­me­si bu us­sa­dyň ga­la­myn­dan çy­kan eser­ler­den dü­zü­len­di. Us­sat ýa­zy­jy­nyň dog­lan gü­nü­niň 95 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­ýän «Aýt­ma­tow we teatr» at­ly 6-njy Hal­ka­ra teatr fes­ti­wa­ly­na Gyr­gy­zys­tan, Rus­si­ýa, Türk­me­nis­tan, Öz­be­gis­tan, Azer­baý­jan, Ga­za­gys­tan döw­let­le­rin­den bu ýe­re ge­len teatr­ toparlary Çin­giz Aýt­ma­to­wyň eser­le­ri esasynda goý­lan sah­na eser­le­rin­de us­sat­lyk ba­bat­da öza­ra bäs­deş­lik ed­ýän ýa­ly­dy. Bi­ri beý­le­ki­den düýp­gö­ter ta­pa­wut­ly re­žis­su­ra, ar­tist­lik iş­le­ri, sah­na be­zeg­le­ri, ese­re ky­bap saý­la­nan saz­lar. Dür­li çe­me­leş­meler, dür­li nuk­daý­na­zar­lar, tä­ze­çil­lik­ler… Bu­la­ryň hem­me­si te­at­ryň şu gün­ki to­ma­şa­çy­nyň öňün­de Aýt­ma­to­wyň eser­le­ri­niň syr­ly dün­ýä­si­ni aç­ma­ga sy­na­ny­şyk­lar­dy. Hem­me­si hem gy­zyk­ly, tä­sir­li, öz­bo­luş­ly… Eser­le­riň hem­me­si di­ýen ýa­ly ma­ňa ju­da ys­sy­dy, ýa­kyn­dy. Çin­giz Aýt­ma­tow di­ňe bir uly ýa­zy­jy bol­man, eý­sem, onuň dö­re­di­ji­li­gi, adam­za­dy öz ta­ry­hy hem yk­ba­ly ha­kyn­da oý­lan­ma­ga mej­bur edip, dür­li mil­let­le­riň we­ki­li­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, umu­my gym­mat­lyk­la­ryň hem­me­ler üçin şol bir eziz­lik­ler­de­di­gi­ni me­se-mä­lim ýü­ze çy­kar­ýar. Ene top­rak, te­bi­gat hem yn­san gat­na­şyk­la­ry, yn­sa­nyň yn­sa­by­nyň öňün­dä­ki bor­jy, per­zent ter­bi­ýe­si, yşk-söý­gi… Bu te­ma­lar Çin­giz Aýt­ma­to­wyň eser­le­ri­niň süň­ňü­ni düz­ýär. Olar ba­ky­lyk­dan, adam­za­dyň gym­mat­lyk­la­ryn­dan söz aç­ýar. Teatr dün­ýä­sin­dä­ki Aýt­ma­to­wyň eser­le­ri bol­sa, has kö­pu­gur­ly. Onuň gah­ry­man­la­ry­nyň kö­pü­si geç­mi­şiň agyr la­by­ry­nyň as­tyn­da ga­lan hem bol­sa­lar, yn­sap, ýag­ty gel­jek üçin gö­reş­me­gi soň­ky de­mi­ne çen­li ba­şa­ran yn­san­lar…
Bi­ze aý­ra­tyn tä­sir eden zat – Çin­giz Aýt­ma­to­wyň eser­le­rin­dä­ki ze­nan keşp­ler. «Je­mi­le­dä­ki» gaý­duw­syz Je­mi­le, «El­wan ýag­lyk­ly Ser­wim­dä­ki» my­la­ýym Asel, «Ene top­rak­da­ky» pä­him­li Tol­go­naý, «Asy­ra ba­ra­bar gün­dä­ki» bag­ry gir­ýan Naý­man ene… Her ese­rin­de di­ýen ýa­ly, sah­na çy­ka­nyn­dan Gü­neş ýa­ly ýy­ly­lyk hem uly güýç paý­la­ýan ze­nan keşp­le­riň on­lar­ça­sy… Bu­la­ryň keşp­le­ri­ni syn­lap, ýa­zy­jy­nyň ze­nan dün­ýä­si­ni aç­mak­da­ky us­sat­ly­gy­na haý­ran gal­ýar­syň. Mun­ça ze­nan nä­zik­li­gi­ni, söý­gü­si­ni, ga­har-ga­za­by­ny, gaý­gy-ala­da­la­ry­ny açyp bi­len ýa­zy­jy­nyň yn­san kalp­la­ry­nyň hiç bi­ri­ne-de bi­parh bol­man­ly­gy­na ynan­ýar­syň. Aňym­da­ky bol­ýan sel­jer­me­le­re gap­la­nyp, sah­na­la­ry syn­lap otur­şy­ma, adam­la­ryň be­gen­ji, gy­nan­jy, söý­gü­si, has­ra­ty ha­kyn­da şun­ça tä­sir­li eser­le­ri adam­za­da go­ýup gi­den Çin­giz Aýt­ma­to­wa, bu be­ýik us­sa­dy­ny dün­ýä be­ren gyr­gyz hal­ky­na git­di­gi­çe hor­ma­tym art­ýar­dy. Içim­dä­ki duý­gu­lar, bir go­laý­lyk ru­hy ýa­kyn­lyk­dan ha­bar ber­ýän ýa­ly­dy. Bir­den, bir pi­kir ge­lip, aňy­ma ýyl­dy­rym çalt­ly­gyn­da or­naş­dy: «As­lyn­da, Çin­giz Aýt­ma­to­wyň özi türk­men hal­ky­na, türk­men sun­ga­ty­na bi­çak uly hor­mat go­ýup­dy ahy­ry!» Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň paý­ha­syn­dan dö­rän «Pa­ra­hat­çy­lyk sa­zy, dost­luk, do­gan­lyk sa­zy» ki­ta­byn­da ýer­leş­di­ri­len jüm­le­ler ýa­dy­ma düş­di:
«El­bet­de, «Şü­kür bag­şy» fil­mi­niň şeý­le us­sat­lyk ga­zan­ma­gyn­da ge­ni­al türk­men kom­po­zi­to­ry Nu­ry Hal­mäm­me­do­wyň bi­ti­ren hyz­ma­ty ägirt ulu­dyr. Or­ta Azi­ýa Res­pub­li­ka­la­ry­nyň we Ga­za­gys­ta­nyň ki­no­fes­ti­wa­lyn­da bu fil­miň sa­zy üçin ber­len ýö­ri­te baý­ra­gy gow­şu­ry­lan­da, Çin­giz Aýt­ma­tow Nu­ry­nyň sa­zy­ny «dur­mu­şyň öz be­ren sa­zy» di­ýip at­lan­dyr­dy. Bi­ziň ýaş kom­po­zi­to­ry­myz bol­sa, bu söz­le­re jo­gap hök­mün­de: «Bu sa­zy ýaz­ma­ga ma­ňa hal­ky­myň ta­ry­hy kö­mek ber­di. Bu saz ha­ky­ky halk sa­zy­dyr. Şo­ňa gö­rä-de, me­niň ýe­ri­ne ýe­ti­ren işi­me şeý­le ýo­ka­ry ba­ha be­ril­me­gi­ni türk­men sa­zy­nyň yk­rar edil­me­gi di­ýip ka­bul ed­ýä­rin» diý­ýär. Bu söz­ler türk­men hal­ky­nyň «Zer gad­ry­ny zer­gär bi­ler» di­ýen pä­hi­mi­niň ýe­ne-de bir ge­zek aý­dyň ýü­ze çyk­ma­sy­dyr».
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň sun­gat­sö­ýer kal­byn­dan çy­kan bu söz­le­ri her bir ada­ma ru­hy kuw­wat ber­ýär, buý­san­dyr­ýar. Be­ýik yn­san­la­ryň hem­me­si­niň hä­si­ýet­le­ri meň­zeş – adam ha­kyn­da­ky ala­da, ola­ryň ýag­şy iş­le­ri­ni dün­ýä ýaý­mak. Bu ba­bat­da Çin­giz Aýt­ma­to­wyň akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi­ne be­ren ba­ha­sy has-da gu­wan­dy­ry­jy: «Mag­tym­gu­ly – bü­tin­dün­ýä poe­zi­ýa­sy­nyň gen­ji-ha­zy­na­sy­na gi­ren şah­sy­ýet, goş­gy bi­len gür­län akyl­dar».
Ha­wa, «Zer gad­ry­ny zer­gär bi­ler». As­lyn­da, Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi bi­len iç­gin ta­nyş Çin­giz Aýt­ma­tow şa­hy­ryň 1989-njy ýyl­da rus şa­hy­ry hem ter­ji­me­çi­si Ar­se­niý Tar­kows­kiý ta­ra­pyn­dan rus di­li­ne ter­ji­me edi­len goş­gu­la­ry ýer­leş­di­ri­len ki­ta­by­na söz­ba­şy ýa­zyp­dy. Mag­tym­gu­ly­ny çuň­ňur öw­re­nen ýa­zy­jy akyl­dar şa­hy­ry­myz ba­ra­da aja­ýyp söz­le­ri ýaz­mak bi­len bü­tin türk­men hal­ky­na uly sar­pa goý­ýan­dy­gy­ny su­but et­di: «Mag­tym­gu­ly­nyň söz­le­ri­niň bi­ziň gün­le­ri­mi­ze ge­lip ýet­me­gin­de, türk­men hal­ky­nyň uly eder­men­li­gi bar». Öz akyl­dar şa­hy­ry­nyň goş­gu­la­ry­nyň kö­pü­si­ni türk­men­le­riň ýat­dan bil­ýän­di­gi­ni Çin­giz Aýt­ma­tow haý­ran ga­ly­jy­lyk bi­len bel­läp geç­ýär: «Yk­ba­lyň em­ri bi­len, türk­men top­ra­gyn­da türk­men ede­bi­ýa­ty­nyň ägir­di or­ta çy­kyp, Mer­ke­zi Azi­ýa­da be­lent­li­ge gö­te­ril­di, onuň şöh­le­si bol­sa, bi­ze – goň­şy do­gan­lyk halk­la­ra ça­ýyl­dy. Şu nuk­daý­na­zar­dan, Tür­küs­tan­da XVIII asyr – Mag­tym­gu­ly­nyň şyg­ry­ýe­ti­niň asy­ry­dyr».
Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gin­de esa­sy gah­ry­man – yn­san. Yn­sap­ly­lyk, is­len­dik ýag­daý­da hem yn­san­lyk mer­te­bä­ňi sak­la­mak, ah­lak aras­sa­ly­gy… Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gin­dä­ki bu gym­mat­lyk­lar öz­bo­luş­ly­ly­gy bi­len Çin­giz Aýt­ma­to­wyň eser­le­rin­de hem ga­bat gel­ýär. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň goş­gu­la­ryn­da­ky çyn­la­kaý­lyk he­mi­şe göz­leg­ler­de ge­zen ýa­zy­jy­ny özü­ne kö­ke­ren­li­gi­ne yna­na­syň gel­ýär. Çin­giz Aýt­ma­to­wyň eser­le­ri hem ýa­şa­ýyş dog­ru­çyl­ly­gy, gah­ry­man­la­ry­nyň sa­da­ly­gy, wa­ka­la­ryň dur­mu­şy­ly­gy, kä­te ýo­wuz­dy­gy, olar­da dur­muş ha­ky­ka­ty­nyň da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy, di­li­niň bi­çak çe­per­di­gi bi­len aý­ra­tyn ta­pa­wut­lan­ýar. Bu­lar­dan baş­ga-da, Çin­giz Aýt­ma­tow meş­hur ýa­zy­jy­la­ry­myz Ber­di Ker­ba­ba­ýew, Ber­di­na­zar Hu­daý­na­za­row, Ga­ra Se­ýit­li­ýew bi­len dos­ta­na gat­na­şyk sak­lap­dy. Ol bu ga­lam­daş­la­ry­nyň öýün­de en­çe­me ge­zek myh­man­çy­lyk­da bo­lup­dy. Ol öz eser­le­ri bo­ýun­ça paý­tag­ty­my­zyň teatr­la­ry­nyň sah­na­syn­da goý­lan spek­takl­la­ryň kä­bi­ri­niň to­ma­şa­çy­sy hem bo­lup­dy…
Ha­wa, şu duý­gu­la­ra gap­la­nyp otyr­kam, türk­men sun­ga­ty­nyň Çin­giz Aýt­ma­tow­ly ýe­ne bir sa­hy­pa­sy hy­ýa­lym­da jan­lan­dy. 100 ýy­la go­laý­lap gel­ýän döw­rün­de ösüş­li ýol­la­ry ba­şyn­dan ge­çi­ren türk­men te­at­ry­nyň yk­ba­lyn­da tol­gun­dy­ry­jy bir wa­ka bo­lup­dy. Ge­çen asy­ryň alt­my­şyn­jy ýyl­la­ryn­da Ger­ma­ni­ýa­da ge­çen teatr fes­ti­wa­lyn­da türk­men hal­ky­nyň us­sat re­ziss­ýo­ry Oraz Ha­jy­my­ra­do­wyň sah­na­laş­dy­ran ese­ri baş baý­ra­ga – «Al­tyn ni­kap» at­ly hal­ka­ra baý­ra­ga eýe bo­lup­dy. Ol dün­ýä bel­li ýa­zy­jy Çin­giz Aýt­ma­to­wyň «El­wan ýag­lyk­ly Ser­wim» ese­ri­di. Şol dö­wür­de, aw­to­ryň özi hem bu us­sa­dyň dö­re­den şol sah­na ese­ri­ne ýo­ka­ry ba­ha be­rip­di.
Ha­wa, sun­ga­tyň adam­la­ry bir­leş­dir­ýän güý­ji bar. Sun­ga­tyň söh­be­tin­de adam­la­ry di­ňe yn­san­per­wer­li­ge ça­gyr­ýan ça­ky­lyk bar. Gahryman Arkadagymyzyň bel­leý­şi ýa­ly, «Sun­gat­lar söh­bet­leş­ýär­kä, top­la­ryň se­si çyk­ma­ýar!».

Gü­lä­lek AK­MY­RA­DO­WA,
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň
re­žiss­ýo­ry, Türk­me­nis­ta­nyň
halk ar­tis­ti.