2024-nji ýy­lyň «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly diý­lip yg­lan edil­me­gi hal­ky­my­zyň gö­wün gu­şu­ny ga­nat­lan­dyr­dy. Mu­nuň özi türk­men hal­ky­nyň öz mil­li şa­hy­ry­na, onuň guş­gur­sak bug­da­ýyň dok ma­ňyz­ly dä­ne­si ýa­ly ma­ny-maz­mun­ly, sa­da­dan düş­nük­li, hal­ky dil­de çe­per be­ýan edi­len goş­gu­la­ry­na bo­lan eg­sil­mez söý­gü­si­ni aň­lad­ýar. Mag­tym­gu­ly­nyň goş­gu­la­ry çe­per­çi­li­giň iň ýo­ka­ry de­re­je­sin­de bol­mak bi­len, te­ma taý­dan örän giň we köp­gy­raň­ly­dyr. Onuň şy­gyr­la­ryn­da bü­tin Gün­do­gar ede­bi­ýa­tyn­da meş­hur bo­lan, saý­lant­gy, uly göw­rüm­li he­ka­ýat­lar, ro­wa­ýat­lar, poe­ma­lar, des­san­lar, epos­lar… san­ly­ja se­tir­ler­de ma­ny-maz­mun taý­dan öze­ni­ni ýi­tir­män, hal­ky dil­de çe­per be­ýan edil­ýär. Biz bu söh­be­di­miz­de Mag­tym­gu­ly­nyň türk­men halk dö­re­di­ji­li­gin­den, hu­su­san-da «Gö­rog­ly» epo­syn­dan ede­bi tä­sir­le­nen­di­gi ha­kyn­da ke­lam-agyz du­rup geç­mek­çi. Bü­tin Gün­do­gar ede­bi­ýa­tyn­da meş­hur Ho­ja Nas­red­din Epen­di Gün­do­gar halk­la­ryň (türk­men, öz­bek, ga­zak, türk, azer­baý­jan…) 23-sin­de bar bol­sa, meş­hur «Gö­rog­ly» epo­sy halk­la­ryň 27-si­niň halk dö­re­di­ji­li­gin­de bar. Biz mu­ny halk epo­sy­nyň ýaý­ra­wy­nyň giň­li­gi­ni aýt­mak üçin my­sal ge­tir­dik. Mag­tym­gu­ly «Gö­rog­ly» epo­sy­ny okap­dyr di­ýip aýt­ma­ga esas bar. Şa­hyr özü­niň goş­gy se­tir­le­rin­de: «Gö­rog­ly dek dag­dan-da­ga ug­ra­sam» di­ýip bel­le­ýär. Biz ha­ky­kat­dan hem Gö­rog­ly­nyň ýa­şan ýur­du­nyň dag­lyk ýurt­du­gy­ny, ýag­ny Çar­dag­ly Çan­dy­bil­di­gi­ni bil­ýä­ris. Çar ýa-da ça­har pars di­lin­de dört diý­mek. «Gö­rog­ly» epo­syn­da Üç­güm­mez da­gy, Ýyl­dyz da­gy, Ku­hi-Kap (Kap da­gy), Go­ja da­gy, Ar­zyrum da­gy, Ak dag, Ga­ra dag, Bal­kan da­gy, Mej­nun da­gy… we beý­le­ki dag­la­ryň at­la­ry­na duş gel­ýä­ris. Epos­da «Bal­kan deg­re­si­dir ýur­duň Öwez jan» ýa­ly dag­lar bi­len bag­ly se­tir­ler hä­li-şin­di ga­bat gel­ýär.
Mag­tym­gu­ly özü­niň «De­la­lat ýag­şy» at­ly goş­gu­syn­da:
Mag­tym­gu­ly, şü­kür, şi­rin til ber­di,
Şe­jer­ler gö­ge­rip, se­mer gül ber­di,
Gö­rog­ly Reý­ha­na ne­neň ýal­bar­dy,
«Aman­dyr» di­ýe­ne di­ýa­nat ýag­şy –
di­ýip bel­le­ýär. Bu ýer­de «Gö­rog­ly» epo­sy­nyň «Arap Reý­han» şa­ha­syn­da­ky wa­ka­lar göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu şa­ha­da Gö­rog­ly ga­pyl bo­lup Arap Reý­ha­nyň go­lu­na ýe­sir düş­ýär. Şu ýer­de Gö­rog­ly­nyň Arap Reý­ha­na ýüz­le­nip:
Ser­ho­wuz gal­dy sa­ýa­syz,
Öwez jan gal­dy da­ýa­syz,
Çan­dy­bil gal­dy eýe­siz,
Arap gar­daş, aman-aman –
di­ýen se­tir­le­ri ba­da-bat ýa­dy­ňa düş­ýär.
«Gö­rog­ly» epo­sy­nyň bi­rin­ji «Gö­rog­ly­nyň dö­reý­şi» şa­ha­syn­da Jy­ga­ly­beg ýa­ňy ýe­ti­şip bar­ýan ýet­gin­jek Gö­rog­la öwüt-ne­si­hat be­rip:
Ýal­ňyz ba­lam, al­gyn pen­dim,
Ýur­duň terk edi­ji bol­ma!
Özüň­den eg­sik na­mar­dyň
Min­ne­tin çe­ki­ji bol­ma! –
di­ýen se­tir­ler bi­len baş­lan­ýan meş­hur goş­gu­sy bar. Öz ge­ze­gin­de şu goş­gy­nyň do­wa­my ýa­ly bo­lup gö­rün­ýän epo­syň «Kem­pir» (kä­bir nusga­lar­da «Gy­ra­tyň ogur­la­ny­şy») şa­ha­syn­da Gö­rog­ly kyrk ýi­gi­di­ne ýüz­le­nip:
Bol­maz me­niň ga­ra­ma­tym,
Neý­le­sin ten­ha Gy­ra­tym,
Kyrk­lar me­niň gol-ga­na­tym,
Bi­ma­hal syn­gu­jy bol­maň!
di­ýip, kyrk ýi­gi­di­ne öwüt-ne­si­hat ber­ýär.
Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň özü­niň öwüt-ne­si­hat te­ma­da­ky 32 bent­lik meş­hur «Gi­di­ji bol­ma» goş­gu­sy hem şeý­le baş­lan­ýar.
Gel, eý, köň­lüm sa­ňa ne­si­hat ky­laý,
Wa­ta­ny terk edip gi­di­ji bol­ma!
Özüň­den eg­sik bir gaý­ry na­mar­dyň
­Hyz­ma­tyn­da gul­luk edi­ji bol­ma!
«Gö­rog­ly» epo­syn­da­ky we Mag­tym­gu­ly­da­ky bu goş­gu­la­ryň bi­rin­ji ben­di meň­zeş bo­lup, goş­gy­nyň soň­ky ben­di şeý­le ta­mam­lan­ýar:
Mag­tym­gu­ly kö­ňül­de köp­dür ar­ma­ny,
Tap­ma­dy aky­bet der­de der­ma­ny,
Ýe­ti­şer bir gü­ni Taň­ry per­ma­ny,
Ru­zy-şeb gaf­lat­da ýa­ty­jy bol­ma!
Akyl­dar şa­hyr bu goş­gusyn­da dur­mu­şyň dür­li ugur­la­rynda öwüt-ne­si­hat ber­ýär. Mag­tym­gu­ly we Gö­rog­ly ha­kyn­da­ky söh­be­di­mi­zi jem­läp aýt­sak, Mag­tym­gu­ly «Gö­rog­ly» epo­sy­ndan habarly bolup, ýe­ri ge­len­de ony öz goş­gy se­tir­le­rin­de gys­ga, çe­per dil­de be­ýan edip­dir.

Gül­je­ren Nur­gy­ly­jo­wa,
Aşgabat şäherindäki Mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebiniň direktorynyň orunbasary.