Su­wuň düý­bün­de hä­li-hä­zi­rem üs­tün­den ba­ryl­ma­dyk ýa-da haý­sy uru­ga de­giş­li­di­gi anyk­lan­ma­dyk jan­dar­la­ryň sa­ny az däl. «Bio­diver­si­ty Da­ta Jo­ur­nal» at­ly ne­şir tä­ze 11 jan­da­ra at daky­lan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Jan­dar­la­ryň haý­sy to­pa­ra de­giş­li­di­gi­ni anyk­la­mak üçin ge­çi­ri­len yl­my iş­le­re 10 ýurt­dan 25 hü­när­men gat­na­şyp­dyr. Yl­my işiň çä­gin­de 5 metr­den 7 ki­lo­met­re çen­li çuň­luk­da ýa­şa­ýan je­mi 11 de­ňiz jan­da­ry at­lan­dy­ry­lyp­dyr.
Um­man­lar­da jandarlaryň 2 mil­li­on gör­nüşiniň ýa­şa­ýan­dy­gy­ çak­lanyl­ýar. Hä­zi­re çen­li anyk­la­nan­lar bol­sa, ola­ryň örän az bö­le­gi­ni eme­le ge­tir­ýär. Iň uly kyn­çy­lyk bol­sa, üs­tün­den bar­lan jan­da­ryň haýsy uruga degişlidiginiň yl­my taý­dan kesgitlenmegi. Alym­lar bir jan­da­ryň haý­sy gör­nü­şe de­giş­li­di­gi­ni 20-40 ýyl ara­ly­gyn­da anyk­la­ýar­lar. Bu möh­le­ti azalt­mak mak­sa­dy bi­len Um­man gör­nüş­le­ri­niň açyş­la­ry (Ocean Species Discoveries) at­ly tä­ze baş­lan­gyç ýo­la go­ýul­dy. Şeý­le­lik­de, de­ňiz jan­dar­la­ry­nyň tiz wagt­da at­lan­dy­ryl­ma­gy mak­sat edi­nil­ýär.