18-nji martda ýurdumyzda köpçülikleýin nahal ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi. Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek we tokaý zolaklarynyň çägini giňeltmek maksady bilen, şu ýyl dürli baglaryň we üzümiň jemi 3 million düýbüni ekmek göz öňünde tutulýar. Şol nahallaryň 1,5 million düýbi şu gezekki ýazky bag ekmek möwsüminde oturdylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny gowulandyrmak, tokaý zolaklaryny döretmek ýaly il-ýurt bähbitli ägirt uly işleri Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär.
Ýylyň-ýylyna nahal ekmek möwsüminiň geçirilmegi ýurdumyzyň gözel tebigatyny has gözelleşdirýär, ekologiýa abadançylygynyň gowulanmagyna mümkinçilik berýär. Ekilen nahallar wagtyň geçmegi bilen gür agaçlyklary, tokaý zolaklaryny emele getirýär.
Tokaýlaryň iň uly peýdasy howany arassalamagydyr, has dogrusy ol kislorod çeşmesidir. Ösümlikler fotosintez arkaly howadan kömürturşy gazyny alýarlar we kislorody bölüp çykarýarlar. Howada 21% kislorod bolup, bu mukdaryň köp bölegini ösümlikler öndürýär. Şol sebäpli tokaýlar adamlar we janly-jandarlar üçin tebigy baýlykdyr we ýaşaýyşyň möhüm çeşmesidir. Şeýle hem tokaýlar howanyň salkynlamagyna ýardam berýär, toprakda eroziýa howpuny azaldýarlar, adamlary ultramelewşe şöhlelerinden goraýar, suwuň bugarmagyny azaldýar we agaçlar tutuş dünýä üçin iýmit çeşmesi bolup hyzmat edýär.
Bilşimiz ýaly, her ýylda ýurdumyzda dürli miweli, saýaly we pürli agaçlaryň, ýylyň dowamynda gök öwsüp oturýan arçalaryň dürli görnüşleri ekilýär. Ekilen agaçlara ideg etmek işleri hem uly depginler bilen alnyp barylýar.
Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, tebigaty gorap saklamak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işlerde döwletimiz iri halkara guramalar bilen hem işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Ýurdumyz häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy we Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi, Bütindünýä ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň Halkara gaznasy ýaly halkara we sebit guramalary bilen yzygiderli, köptaraplaýyn işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Mundan başga-da, ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşawy goramak boýunça konwensiýalarynyň hem köpüsine goşuldy.
Ýurdumyzda güýz hem-de ýaz pasyllarynda nahallaryň köpçülikleýin ekilmegi Diýarymyzyň tebigatynyň gözelligini artdyrmak bilen birlikde, onuň ekologiýa abadançylygynyň ýokarlanmagyny hem üpjün edýär. Türkmen ilinde bag ekmek sogap iş hasaplanylýar. Şoňa görä-de, köpçülikleýin nahal ekmek dabarasyna uludan-kiçä hemmeler işjeň gatnaşýar.
Ýurdumyzyň geljek nesilleri üçin şeýle uly aladalar edýän, dünýäde alnyp barylýan ekologiýa abadançylygy ugrundaky işlere uly goşant goşýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň jany sag bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli, bütin adamzat ähmiýetli döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.
Aýjeren Haýydowa,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.