Ýur­du­myz­da bag­ty­ýar ça­ga­la­ryň aba­dan dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­ny, howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek, şeý­le-de ola­ry wa­tan­sö­ýü­ji­lik, ýo­ka­ry ah­lak­ly­lyk ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek bi­ziň mu­kad­des bor­ju­myz­dyr. Çün­ki her bir mil­le­tiň ro­waç­ly gel­je­gi ýaş nes­liň elin­de­dir. Gah­ry­man Arkadagymyzyň, Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň ýaş nes­liň gel­je­gi ba­ra­da­ky ed­ýän ala­da­la­ry bi­zi has-da yh­las­ly, dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çek­mä­ge, ça­ga­la­ra bi­lim-ter­bi­ýe ber­me­giň öň­de­ba­ry­jy usul­la­ry­ny işi­mi­ze or­naş­dyr­ma­ga borç­ly ed­ýär. Mö­hüm iş­de ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ça­ga­la­ra ter­bi­ýe ber­mek­de peý­da­la­nan usul­la­ry­na hem giň­den da­ýa­nyl­ma­gy özü­niň oňyn ne­ti­je­si­ni ber­ýär.
Hä­zir Di­ýa­ry­myz­da to­mus pas­ly dowam ed­ýär. Bu aja­ýyp pa­sylda ça­ga­la­ryň we mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň eý gör­ýän, to­mus­ky dynç alyş gün­le­ri­ do­wam ed­ýär. Şo­nuň üçin ýur­du­my­zyň haý­sy kün­je­gi­ne bar­saň, ga­py­la­ry­ny giň­den aç­ýan ça­ga­lar dynç alyş we sa­gal­dyş mer­kez­le­rin­de ça­ga­la­ryň şa­dy­ýan ses­le­ri­niň hem-de gül­kü­le­ri­niň be­lent ýaň­lan­ýan­dy­gy­nyň, şol sa­pa­ly ýer­ler­de ola­ryň wagt­la­ry­nyň hoş geç­ýän­di­gi­niň şa­ýa­dy bol­ýar­syň.
Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da ça­ga­la­ryň to­mus­ky dynç al­şy­ny gu­ra­mak, sag­dyn ös­mek­le­ri­ni üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len giň ge­rim­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Şu gün­ler mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň to­mus­ky dynç al­şy dynç alyş we sa­gal­dyş mer­kez­le­rin­de hem-de dynç alyş meý­dan­ça­la­ryn­da şat­lyk­ly geç­ýär. Mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň kä­bi­ri öz boş wag­tyn­da oba ge­ze­len­je git­se, kä­bi­ri öý­de ene-ata­sy­na kö­mek ed­ýär, öz söý­gü­li güý­men­je­le­ri bi­len meş­gul­lan­ýar. Kä­bir ça­ga öz to­mus­ky dynç al­şy­ny ýur­du­myz­da­ky dynç alyş mer­kez­le­rin­de ge­çir­ýär. Ol ýer­de öz deň-duş­la­ry bi­len oý­nap, dür­li ýa­ryş­la­ra gat­na­şyp, öza­ra bäs­leş­ýär.
Iň döw­re­bap ça­ga­lar top­lum­la­ry Gökde­re­de we Awa­za­da ýer­leş­ýär. Ýur­du­my­zyň dynç alyş mer­kez­le­ri­niň äh­li­sin­de bol­şy ýa­ly, bu ýer­de hem ça­ga­la­ryň do­ly de­re­je­de dynç al­ma­gy, be­den taý­dan tap­lan­ma­gy, aň-paý­has hem dö­re­di­ji­lik taý­dan ös­me­gi, tä­ze dost tu­tu­nyp, dog­duk ül­kä­niň me­de­ni­ýe­ti, däp-des­sur­la­ry, ta­ry­hy we te­bi­ga­ty ba­ra­da dü­şün­je­si­ni art­dyr­mak­la­ry üçin äh­li şert­ler dö­re­di­len­dir.
Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi, Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi, Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti, Kär­deş­ler ar­ka­la­şy­gy­nyň Mil­li mer­ke­zi, Ýaş­lar gu­ra­ma­sy, beý­le­ki pu­dak­la­ýyn eda­ra­lar we gu­ra­ma­lar ta­ra­pyn­dan ça­ga­la­ryň gy­zyk­ly we ne­ti­je­li dynç al­ma­gy üçin mak­sat­na­ma­lar taý­ýar­la­nyp­dyr.
Ça­ga­lar fut­bol, bas­ket­bol, wo­leý­bol, suw­da ýüz­mek, we­lo­si­ped spor­ty, stoluň üs­tün­de oý­nal­ýan ten­nis, şaş­ka, küşt we düz­züm bo­ýun­ça dür­li bäs­le­şik­le­re hö­wes bi­len gat­naş­ýar­lar. Bel­li tür­gen­ler­dir tä­lim­çi­ler, ar­tist­ler­dir te­le­wi­de­ni­ýe­de gep­le­şik alyp bar­ýan­lar, nak­gaş­lar, alym­lar, ýa­zy­jy­lar we eko­log­lar olar bi­len du­şu­şyk ge­çir­ýär­ler. Paý­tag­ty­my­zyň teatr­la­ry­nyň ar­tist­le­ri, aý­dym-saz we tans to­par­la­ry ola­ryň öňün­de çy­kyş ed­ýär­ler. Ça­ga­lar Jan­ly te­bi­gatyň milli mu­ze­ýi­ne, paý­tag­tyň ser­gi mer­kez­le­ri­ne, se­ýil­gäh­le­re­dir dynç alyş mer­kez­le­ri­ne ge­ze­lenç ed­ýär­ler.
Ça­ga­la­ryň saz­la­şyk­ly ösü­şi­ne, in­tel­lek­tu­al, be­den we dö­re­di­ji­lik taý­dan ösen nes­li ke­ma­la ge­tir­mä­ge ýar­dam et­mek – er­tir­ki gü­nü­miz ba­ra­daky ala­da­dyr. Ça­ga­lar üçin mul­ti­me­di­ýa teh­no­lo­gi­ýa­ly ça­ga­lar bag­la­ry­nyň we mek­dep­le­riň, sport we dynç alyş top­lum­la­ry­nyň, luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry mer­kez­le­ri­niň gu­rul­ma­gy, bi­lim, ter­bi­ýe we dur­muş ul­ga­my­nyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi ça­ga­la­ryň gel­je­gi­niň ha­ty­ra­sy­na ama­la aşy­ryl­ýan iş­ler­dir.
Ça­ga­la­ryň wagt­la­ry­ny bag­ty­ýar, şa­dy­ýan we ma­ny­ly ge­çir­me­gi, ola­ry sport we döre­di­ji­lik­li dynç al­şyň tä­sin dün­ýä­si­ne ara­laş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len dynç alyş we sa­gal­dyş mer­kez­le­rin­de uly ýaş­ly adam­la­r ar­man-ýa­da­man zäh­met çekýär. Her ýyl ýur­du­my­zyň hü­när­men­le­ri ýaş nes­liň dynç al­şy­nyň äh­li ugur­la­ry­ny öz içi­ne al­ýan me­ýil­na­ma­ny bi­le­lik­de iş­läp düzýär­ler. Şol esas­da to­mus pas­ly­nyň şu aja­ýyp gün­le­rin­de ýur­du­my­zyň bag­ty­ýar ça­ga­la­ry Gök­de­re­de, Awa­za­da ýer­leş­ýän çaga­lar dynç alyş we sa­gal­dyş mer­kez­le­rin­de, şeý­le hem Ahal, Bal­kan, Ma­ry, Le­bap, Da­şo­guz we­la­ýat­la­ry­na de­giş­li ça­ga­lar dynç alyş we sa­gal­dyş mer­kez­le­rin­de to­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi­ni şa­dy­ýan ge­çir­ýär­ler. Bu mer­kez­ler­de ça­ga­laryň dynç al­magy üçin äh­li şert­ler dö­re­di­len. Ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da ça­ga­lar dynç alyş we sa­gal­dyş mer­kez­le­ri işjeň he­re­ket ed­ýär.
Ça­ga­lar dynç alyş we sa­gal­dyş mer­kez­le­ri­niň işi­ne ýur­du­my­zyň tej­ri­be­li mu­gal­lym­la­ry, şeý­le hem ter­bi­ýe­çi­ler çe­kil­ýär. Şeý­le hem bu dö­wür­de ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry hem ça­ga­la­ryň to­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi­ne öz­le­ri­niň my­na­syp go­şan­dy­ny goş­ýar­lar. Şeý­le ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň bi­ri hem Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­ty­dyr. Bu baý­ry ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­niň ta­lyp­la­ry ça­ga­lar dynç alyş we sa­gal­dyş mer­kez­le­rin­de bo­lup, mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň to­mus­ky dynç al­şy­ny şa­dy­ýan ge­çir­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär­ler. Olar bu ýer­ler­de bo­lup öz hü­när­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­ýär­ler, ça­ga­la­ra bi­lim-ter­bi­ýe ber­mek ba­bat­da öz­le­ri­niň tej­ri­be­si­ni art­dyr­ýar­lar.

Ars­lan MU­HAM­MET­DUR­DY­ÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.