Halkara Energiýa Agentliginiň ýolbaşçysy arassa energiýa tehnologiýalary önümçilik döwrüniň başlandygyny mälim etdi. Ýewropa parlamentinde arassa energiýa bagyşlanan maslahatda çykyş eden Birol Gün panelleri, ýel turbinalary, kiçi reaktorlar we elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglar ýaly arassa energiýa tehnologiýalarynyň geljeginiň uludygyny belläp, bu ugurda bäsdeşligiň bardygyna ünsi çekdi. Birol arassa energiýa tehnologiýasynyň önümçiliginde Hytaýyň öňde barýandygyny belläp, dünýäde öndürilýän Gün panelleriniň hem-de batareýalarynyň 80 göteriminiň bu ýurtda öndürilýändigini aýtdy. Geçen ýyl bolsa, ABŞ-da arassa energiýa tehnologiýalaryna goldaw berýän kanun güýje girizildi. Ýewropada hem «nol emissiýa» senagatyna degişli kanun çykarylmagy göz öňünde tutulýar. Hindistan, Indoneziýa we Kanada ýaly dünýäniň beýleki ýurtlarynda hem bu ugurda iş alnyp barylýar.
Golaýda Halkara Energiýa Agentligi energiýanyň geljegi barada maglumat ýaýratdy. Şol maglumatda dünýäde gazylyp alynýan energiýa serişdelerine bolan islegiň 2030-njy ýyldan öň iň ýokary derejä çykjakdygy, şondan soňra azalyp başlajakdygy bellenipdi. Birol iki ýyl ozal satylan her 25 ulagdan biriniň elektrik energiýasy bilen işleýändigini, häzirki wagtda bäşden biriniň elektrik energiýasy bilen işleýändigini mysal getirdi. Onuň sözlerine görä, 2030-njy ýylda adaty ýangyçly ulaglar bilen elektroulaglaryň satuwy deňeçer bolar.
Hojaberdi JEPBAROW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.