Hytaý Antarktikada täze ylmy-barlag merkezini gurar. Bu maksat bilen «Xuelong» we «Xuelong-2» atly buz döwüji gämileri Şanhaýdan Antarktika tarap ugur aldy. Ýurt günorta polýusyň gündogaryndaky Ross deňziniň kenarynda täze tejribe merkezini gurar. Merkeziň gurluşygy üçin gerek bolan materiallara ýüklenen «Tienhui» gämisi hem başga bir portdan ýola düşüp buz döwüjilere goşular. Merkeziň gurluşygynyň geljek ýylyň fewralynda tamamlanmagyna garaşylýar. Bu merkez Hytaýyň sebitdäki üçünji hemişelik ylmy-barlag merkezi bolar. Bu ýerde zähmet çekjek hünärmenler howanyň üýtgemeginiň sebitiň ekoulgamyna täsirlerini öwrenerler. Bu ekspedisiýa ýurduň 80 edarasyndan 460 hünärmen gatnaşýar. Tejribe merkezi 5 müň 244 inedördül metr meýdanda gurlar. Hytaýyň Antraktikanyň günbataryndaky Fildes ýarym adasynda Hytaý diwary bekedi we günbataryndaky Prýuds aýlagynda Sun Ýatsen adyndaky bekedi bar. Şeýle hem Hytaýyň Antarktikanyň içki böleklerinde iki sany wagtlaýyn bekedi bolup, diňe tomus aýlarynda (bizde gyş aýlaryna gabat gelýär) ulanylýar.
Jeýhun GELDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.