Her bir ynsanyň özüne mahsus häsiýetiniň we tebigy aýratynlygynyň bardygyna garamazdan, uzak günki işden ýa-da ýadawlykdan soň, öýde käbir zatlary ýerine ýetirmegi ýola goýmaly. Bilermenler gereginden artyk ýatyp dynç almagyň deregine, öýde maşgala agzalary bilen bilelikde meşgullanyp boljak dynç alyş endiklere eýermegi maslahat berýärler. Bu endikler adamyň işjeňligini artdyryp, stresi we aladalary aradan aýyrýar. Şeýle hem adamyň özüni şadyýan we rahat duýmagyna kömek edýär.
Ösümlikleri ösdürip ýetişdirmek. Toprak bilen bagly işler adamy rahatlandyryp, ukynyň hilini gowulandyrýar. Barmak myşsalaryny işjeňleşdirip, gan öýjükleriniň öndürilişini ýokarlandyrýar. Ösümlikler ekilende ýa-da otag gülleridir agaçlara ideg işleri geçirilende pikirler bir ýere jemlenip, adam özüni rahat duýýar. Durmuşa bolan kanagatlanma, hoşallyk duýgulary döreýär. Ösümlikleri ýetişdirmek işi bilelikde ýerine ýetirilende maşgala agzalary biri-birine has-da ýakynlaşyp, çagalarda tebigata we zähmete bolan söýgi artýar.
Kitap okamak. Okamak kynlyk bilen kabul edilýän teklipleriň biri bolsa-da, çeper eserlerdir gazet-žurnallary okamagy endik etmeli. Eserlerde durmuşy hakykatlar janlandyrylyp, sowallaryň çözgüdini tapyp bolýar. Bilermenler ýatmazdan öň kitap okamagyň adamy has-da rahatlandyrýandygyny, ukynyň hilini gowulandyryp, täzeçe pikirleriň döremegine kömek edýändigini belleýärler.
Aýdym diňlemek. Pessaýja ses bilen aýdym-saz diňlemek adamy rahatlandyryp, ýadawlygy aýyrýar. Bilermenler aýdymy gulaklykda diňlemegi maslahat bermeýärler. Munuň deregine çaý başynda ýa-da oturgyçda oturyp, gözüňi ýummak arkaly owazlary eşitmek aladalary ýatdan çykaryp, pikirleriňi jemlemäge mümkinçilik berýär.
Arassaçylyk işleri. Howlyny we öýüň içini tertiplemek, wagtly-wagtynda arassaçylyk işlerini geçirmek adamy rahatlandyrýar. Öýüň tozanyny süpürmekden başga-da, käte artykmaç öý goşlaryny we geýim-gejimleri azaltmaly. Ulanyşdan galan zatlary zibilhana taşlamaly. Arassaçylyk endigi adamda kanagatlanma duýgusyny döredip, özüni has ýeňil duýmagyna kömek edýär.
Özüňe serenjam bermek. Uzak günki işden we ýadawlykdan soň özüňe serenjam bermäge wagt tapylman biler. Belki özüňe serenjam bermäge höwesiň hem bolmaz. Ýöne muňa garamazdan özüňe wagt aýyrmagy endik etmeli. Adam özüne serenjam berse durmuşa höwesi artýar, özünden göwnühoş bolýar hem-de özüni arkaýyn duýýar.
Ýakynlaryňa hat ýazmak. Häzirki ösen döwürde eliňe ruçka ýa-da galam alyp, hat ýazmaga zerurlyk barmy?! Elbetde. Telefondyr kompýuterde hat ýazmak üçin programmalaryň bardygyna garamazdan, sms hatyň ornuny tutmaýar. «Hakyky hat» duýgularyňy we pikirleriňi beýan etmäge mümkinçilik berýär. Käte ýakynlarymyza aýdyp bilmeýän alkyşlarymyz, duýguly sözlerimiz bolýar. Şeýle ýagdaýda hat ýazmak iň gowy usullaryň biridir.
Karaoke aýtmak. Soňky ýyllarda ýoň bolan hem-de köpleriň gowy görýän güýmenjeleriniň biri hem karaokedir. Ýadawlykdan soň halaýan aýdymyňy karaoke görnüşinde aýtmak «içiňi dökmegiňe» ýardam edýär. Aýdym aýdyp bilýändigiňe ýa bilmeýändigiňe, sesiň nähilidigine garamazdan karaoke bilen meşgullanmaly. Muny maşgala agzalary bilen bilelikde hem ýerine ýetirip bolýar.