Ame­ri­ka­ly bar­lag­çy­lar ga­raň­ky­da ýal­pyl­da­ma­ga ukyp­ly, bio­lo­gi­k taýdan dar­gap bil­ýän plas­ti­ka­ny oý­lap tap­dy­lar. «Na­tu­re Sus­tai­na­bi­li­ty» žur­na­lyn­da be­ýan edi­len tä­ze ma­te­ri­al çy­dam­ly­ly­gy we bio­lo­gi­k dar­ga­mak hä­si­ýe­ti­ni özün­de jem­läp, hä­zir­ki za­man elekt­ro­ni­ka­syn­da ulan­mak üçin gel­je­gi ulu­dyr. Teh­no­lo­gi­ýa­nyň sy­ry, ýo­ka­ry ýag­ty­lyk uky­by­ny üp­jün ed­ýän we ma­te­ria­lyň dar­ga­ma­gy­ny çalt­lan­dyr­ýan hi­mi­ki bir­leş­me tert-bu­til efi­ri­niň go­şul­ma­gy­dyr. Bar­lag­lar tä­ze po­li­me­riň ýo­ka­ry elekt­rol­ýu­mi­ne­sen­si­ýa (15,1 gö­te­rim) eýe­di­gi­ni, bu bar bo­lan bio­lo­gi­k dar­gap bil­ýän lýu­mes­sent po­li­mer­le­riň gör­ke­zi­ji­le­rin­den 10 es­se ýo­ka­ry­dy­gy­ny gör­kez­di. Hyz­mat ediş möh­le­ti gu­ta­ran­dan soň, ma­te­ri­al gow­şak kis­lo­ta­ly şert­ler­de ýa-da 210 de­re­je­de gaý­ta­dan iş­le­nip bil­ner.
– Biz ma­te­ri­al­la­ry, onuň ýa­ram­ly­ly­gy­ny pe­se ga­çyr­maz­dan, ony bio­lo­gi­k dar­ga­ýan we gaý­ta­dan iş­le­mä­ge ukyp­ly et­dik – di­ýip, tas­la­ma­nyň ýol­baş­çy­sy Sze Sýuý bel­le­di.
Tä­ze po­li­mer disp­leý­ler we luk­man­çy­lyk wi­zul­ýa­si­ýa­sy ýa­ly, hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ryn­dan baş­lap, en­jam­la­ryň düý­bün­den tä­ze nes­li­ne çen­li, köp zat­lar­da ula­ny­lyp bil­ner. Gel­jek­de teh­no­lo­gi­ýa­ny jü­bi te­le­fon­la­ry we komp­ýu­ter ek­ran­la­ry ýa­ly, elekt­ron en­jam­la­ry­na or­naş­dyr­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär.