Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde ýurdumyz dünýäniň birnäçe halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Döwletimiz ençeme döwletler bilen diplomatik gatnaşyklary alyp barýar we birnäçe halkara guramalarynyň agzasy bolup durýar. Ýurdumyz BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy bolan ÝUNESKO bilen has-da üstünlikli, giň möçberli hyzmatdaşlyk alyp barýar.

Türk­me­nis­tan 1993-nji ýy­lyň 17-nji aw­gus­tyn­da Lon­don­da de­giş­li res­mi­na­ma­ny tas­syk­la­mak ar­ka­ly ÝU­NES­KO-nyň do­ly hu­kuk­ly ag­za­sy bol­dy. 1994-nji ýyl­da Türk­me­nis­tan ÝU­NES­KO-nyň «Bü­tin­dün­ýä me­de­ni we te­bi­gy mi­ra­sy­ny go­ra­mak ba­ra­da­ky» Kon­wen­si­ýa­sy­na go­şul­dy.
ÝU­NES­KO Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­sy­ bolup, esa­sy mak­sat­la­ry­nyň ara­syn­da bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet ul­ga­myn­da ýurt­la­ryň we halk­la­ryň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň gi­ňel­dil­me­gi ar­ka­ly pa­ra­hat­çy­ly­gyň we howp­suz­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi esa­sy orun al­ýar. ÝU­NES­KO me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­riň we te­bi­gy land­şaft­la­ryň go­ralyp sak­la­nyl­ma­gy ul­ga­myn­da­ky hal­ka­ra he­re­ket­le­rin­de öň­de­ba­ry­jy äh­mi­ýe­ti eýe­läp, her bir hal­kyň umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry­na we ga­za­nan­la­ry­na hor­mat goý­mak esa­syn­da açyk gep­le­şik­ler üçin şert dö­ret­mek ba­ba­tyn­da uly iş­le­ri alyp bar­ýar. ÝU­NES­KO-nyň ştab-kwar­ti­ra­sy Fran­si­ýa­nyň Pa­riž şä­he­rin­de ýer­leş­ýär.

1995-nji ýyl­da Pa­rižde Türk­me­nis­ta­nyň ÝU­NES­KO-nyň ýa­nyn­da­ky we­kil­ha­na­sy açyl­dy. Täh­ran­da ýer­leş­ýän klas­ter (se­bit bo­ýun­ça) eda­ra­sy ÝU­NES­KO-nyň Türk­me­nis­tan bi­len alyp bar­ýan iş­le­ri­niň ut­gaş­dy­ryl­ma­gy­nyň me­se­le­le­ri­ne se­red­ýär. Ýurdumyz­da ÝUNESKO-nyň iş­le­ri bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li to­pa­ry he­re­ket ed­ýär.
Bil­şi­miz ýa­ly, ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na 1999-njy ýyl­da Ga­dy­my Merw döw­let ta­ry­hy-me­de­ni ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my, 2005-nji ýyl­da Kö­ne­ür­genç şä­he­ri, 2007-nji ýyl­da bol­sa Kö­ne we Tä­ze Nu­saý ga­la­la­ry, şeý­le hem mad­dy däl me­de­ni gym­mat­lyk­la­ryň sa­na­wy­na köp san­ly mil­li gym­mat­lyk­la­ry­myz go­şul­dy. Türk­me­nis­tan Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­ny baý­laş­dyr­mak mak­sa­dy ar­ka­ly iş­jeň öza­ra hyz­mat­daş­ly­gy do­wam ed­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň tek­li­bi bo­ýun­ça dost­luk­ly ýurt­lar bi­len bi­le­lik­de, türk­men keş­de­çi­lik sun­ga­ty, ýü­pek­çi­lik we dok­ma­çy­lyk­da ýü­pek önüm­çi­li­gi­niň däp­le­ri, şeý­le hem mol­la Epen­di­niň şor­ta söz­le­ri­ni gür­rüň be­ri­ji­lik dä­bi ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­di. Türk­me­nis­tan bu guramanyň hal­ka­ra kon­wen­si­ýa­la­ry­na we köp­ta­rap­la­ýyn şert­na­ma­la­ry­na gat­naş­ýar.
Şu ýyl Türk­me­nis­tan bi­len ÝU­NES­KO-nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň 30 ýyl­ly­gy bel­le­nil­ýär. Geçen döwürde köp san­ly mad­dy däl gym­mat­ly­gy­ň ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­me­gi­ ga­zan­yldy. Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Ta­ry­hy we ül­kä­ni öw­re­niş mu­ze­ýi­niň bi­na­syn­da ÝU­NES­KO-nyň dün­ýä­de ikin­ji ýö­ri­te bur­çy açyl­dy. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň gol­ýaz­ma­lar ýy­gyn­dy­sy ÝUNESKO-nyň «Dün­ýä ha­ky­da­sy» sa­na­wy­na gi­ri­zil­di.
Türk­me­nis­tan-ÝU­NES­KO gat­na­şyk­la­ry bi­lim ul­ga­myn­da hem ös­dü­ril­ýär. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň iki­sin­de ÝU­NES­KO ka­fed­ra­la­ry açyl­dy, or­ta mek­dep­le­riň al­ty­sy bu gu­ra­ma­nyň mek­dep­ler as­so­sia­si­ýa­sy­nyň to­ru­na gi­ri­zil­di.

Aý­ja­han MÄ­LIK­GU­LY­ÝE­WA,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.