Aja­ýyp­lyk­lar dün­ýä­si­niň bir şa­ha­sy bo­lan ama­ly-ha­şam sun­ga­ty köp ­ta­rap­ly, köp žanr­ly, çyl­şy­rym­ly sun­gat bo­lup, me­de­ni, ta­ry­hy syr­lylygy bi­len hem­me­le­riň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär.
Ha­ly sun­ga­ty gö­räý­mä­ge di­ňe gö­zel­li­giň, be­ze­giň ny­şa­ny sa­ýyl­ýan ýa­ly­dyr, em­ma ha­ly­lar, esa­san hem, türk­men el ha­ly­la­ry ta­ry­hy ha­ky­ka­tyň üs­tü­ni aç­mak­da anyk su­but­na­ma­la­ry özün­de jem­le­ýän gym­mat­lyk­dyr. Ha­ly sun­ga­ty­nyň ez­ber­le­ri hal­ky­my­zyň geç­mi­şi­ni, dur­mu­şy­ny, ýa­şaý­şy­ny, ar­zuw­la­ry­ny, üs­tün­lik­le­ri­ni, gy­nanç­la­ry­ny, buý­sanç­la­ry­ny öz iş­le­ri­niň üs­ti bi­len aýan edip­dir­ler.
Türk­men ha­ly­la­ry ha­kyn­da gür­rüň edi­len­de onuň ta­ry­hy kök­le­ri­ne göz aý­la­mak ze­rur­dyr. Ga­dy­my türk­men sun­ga­ty­nyň eser­le­ri­ne dü­şün­mek üçin ola­ryň döw­rün­de ula­ny­lan, dö­re­di­len zat­la­ry öw­ren­me­li. Şo­nuň üçin hem ge­liň, il­ki bi­len ha­ly na­gyş­la­ry­nyň naý­ba­şy­sy «guş­ly gö­lüň» ta­ry­hy­ny be­ýan ede­liň.
El ha­ly­sy­nyň me­ka­ny, nus­ga­la­ry müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da ne­pis­le­nip, özü­niň il­ki­baş­da­ky gö­zel­li­gin­de sak­la­nyp ge­len ha­ly­çy­lyk se­ne­di­niň dö­rän ýe­ri türk­men top­ra­gy­dyr. «Guş­ly göl» türk­me­n ha­ly­sy­nyň iň köp ula­nyl­ýan gö­lü­dir. Ga­dy­my dün­ýä­de yn­san ze­hi­ni bi­len dö­re­di­lip, sun­gat de­re­je­si­ne ýe­ti­ri­len gym­mat­lyk­lar köp. Bi­ler­men­ler türk­men ha­ly­sy­na «Türk­me­niň se­ne­na­ma­sy­dyr» di­ýip ýaz­ýar­lar.
«Guş­ly göl­li» ha­ly özü­niň in­çe se­net­li­gi, ne­pis­li­gi bi­len ta­pa­wut­la­nyp, onuň mer­ke­zi­niň dör­de bö­lün­me­gi ýy­ly­my­zyň dört pa­syl­dan yba­rat­dy­gy­ny, sa­ry reň­kiň gü­nüň şöh­le­si­di­gi­ni, ak reň­kiň Aýyň şug­la­sy­dy­gy­ny, için­dä­ki 12 sa­ny gu­şuň jü­büt aýa­gy­nyň şe­ki­li we iki reň­kiň gi­je-gün­di­ze bö­lün­ýän­di­gi bi­len 24 sa­ga­dy aň­lad­ýar. Şeý­le-de, Oguz türk­men­le­ri­niň 24 ag­ty­gy­nyň bir ýer­de je­bis­li­gi­ni be­ýan ed­ýär di­ýen dü­şün­je hem bar.
Şöh­rat­ly ta­ry­hy­my­zyň üçün­ji eý­ýa­myn­da­ky yla­hy oňon­la­ry­myz bo­lan mu­kad­des guş­lar ba­ra­da­ky dü­şün­je hä­zir­ki gü­ne çen­li hal­ky­my­zyň arasynda sak­la­nyp gel­ýär. Oguz­la­ryň döw­let des­su­ry, hal­kyň ga­dy­my ru­hy me­de­ni­ýe­ti, mil­le­tiň güý­jü­niň ny­şa­ny bo­lup çy­kyş eden mu­kad­des guş­lar türk­men­le­riň dö­re­den on­lar­ça döw­leti­niň tug­la­ryn­da, mad­dy mi­ras­la­ryn­da orun alyp, olar dog­ru­syn­da­ky däp­ler kalp­la­ry­my­zyň tö­rü­ne si­ňip gi­dip­dir.
Söh­be­di­mi­ziň öze­ni ata-ba­ba­la­ry­my­zyň mil­li guş­la­ry (ta­ry­hy mag­lu­mat­lar­da oguz guş­la­ry di­ýip hem at­lan­dy­ryl­ýar), ola­ryň ir­ki ru­hy me­de­ni­ýe­ti­mi­ze tä­si­ri dog­ru­syn­da bo­lan­soň, hal­ky­my­zda aý­dy­lyp ge­lin­ýän bir ro­wa­ýa­ty ýat­la­ma­gy mü­wes­sa bil­dik. Ga­dym eý­ýam­lar­da yn­san­dan ozal bir aja­ýyp bür­güt guş el­li müň ýyl­lap döw­ran sü­rüp ge­çip­dir. Bu Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň goşgusynda şeý­le wasp edil­ýär:
«El­li müň ýyl döw­ran sü­ren Be­ni­jan
Ahy­ry yn­san­dyr, öňi Be­ni­jan»
Şol ul­la­kan, owa­dan guş Ýe­riň-gö­güň ara­syn­da ýe­ke özi ga­nat ýa­ýyp, döw­ran sü­rüp ge­zip­dir. Onuň ýe­ke-täk iý­mi­ti da­ry bo­lup­dyr. Ýö­ne wag­tyň geç­me­gi bi­len da­ry aza­lyp­dyr. Ahy­ry bu owa­dan gu­şuň gü­ni ýe­ke dä­nä dik­le­nip ga­lyp­dyr. Ol soň­ku­ja dä­ne­si­ni di­li­niň as­ty­na go­ýup, al-as­ma­na çy­kan­dan soň, dä­ne­si­ni aşak ok­lap­dyr. Şeý­dip öm­rü­niň bir gü­nü­ni uzal­dyp­dyr. Soň ol göz­läp-göz­läp şol ýe­ke­je gymmatly dä­ne­ji­gi ta­pyp­dyr. Ol mun­dan bu­ýa­na bol­ma­ja­gy­ny bi­lip, dä­nä­ni di­li­niň as­ty­na go­ýup, owa­dan uzyn ga­nat­la­ry­ny ýa­ýyp ýa­typ­dyr. Guş ba­şy­ny ýer­den gal­dyr­man kän ýa­typ­dyr, ýö­ne dä­nä­ni ýu­wut­man­dyr. Ahyr­so­ňy şol dä­ne gu­şuň ag­zyn­da şi­ne­läp gö­ge­rip­dir. Sa­ry dün­ýä­de ýe­ne-de ýa­şyl reňk, ba­ky ýa­şa­ýyş peý­da bo­lup­dyr.
Oguz türk­men­le­ri­niň ta­ry­hy­nda ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ir­ki dün­ýä­ga­raý­şy git­di­gi­çe kä­mil­le­şip­dir. Ola­ryň tag­zym­la­ry bo­lan guş­lar, mö­jek, öküz ýu­waş-ýu­waş­dan ru­hy me­de­ni­ýe­tin­den iç­ki döw­let ny­şan­la­ry­na öw­rü­lip­dir. Ta­ryh­çy A.Re­şi­ded­din öz işin­de oguz boý­la­ry­nyň bo­zok­la­ra we üçok­la­ra bö­lü­nen­di­gi, Oguz­ ha­nyň 6 og­lu­nyň her­si­niň bür­güt­ler maş­ga­la­syn­dan bir gu­şy öz­le­ri­ne oňon edip gö­te­ren­di­gi dog­ru­syn­da ýa­zyp­dyr. Onuň mag­lu­ma­tyn­da Gö­rün han – ak bür­güt, Aý han – tow­şan­çyl, Ýyl­dyz han – aw bür­gü­di, Gök han – uç, Dag han – gyr­gy, De­ňiz han çag­ry bür­güt oňo­ny­ny gö­te­rip­dir­ler.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, ga­dy­my oguz-türk­men­le­rin­de bür­güt­ler maş­ga­la­syn­dan bo­lan guş at­la­ry­ny og­lan­la­ra dak­mak has ýör­gün­li bo­lup­dyr. My­sal üçin Şi­ha­bed­din En Ne­se­wi­niň «Sol­tan Je­la­led­din Meň­bur­nyň ömür pur­sat­la­ry­nyň tes­wi­ri» di­ýen ki­ta­byn­da Ho­ra­sa­nyň emi­ri Ýe­gen Sun­kur, Kö­ne­ür­genç türk­men­le­ri­niň döw­le­ti­niň düý­bü­ni tu­tu­jy Anuş Te­gin Garç­gaý di­ýen ýa­ly at­la­ra duş gel­ýä­ris. XI asy­ryň aly­my Mahmyt Kaş­ga­rly­nyň ka­ka­sy hem guş ady­ny gö­te­rip­dir. Onuň do­ly ady Bars­dan­ly Hü­se­ýin Çag­ry Te­gin­dir, ata­sy Mu­ham­met Bug­ra Han­dyr. Şeý­le hem oguz-türk­men­le­riň ara­syn­da Tu­rumtaý, Çag­ry Te­gin, Beh­ri Ba­la­ban, Tar­lan, Şuň­kar ýa­ly at­lar has ýör­gün­li bo­lup, olar ede­bi we ta­ry­hy na­ma­la­ry­myz­da duş gel­ýär.
Guş­lar türk­men saz we söz sun­ga­tyn­da hem çuň yz gal­dy­ryp­dyr­lar. Guş­lar bi­len bag­ly türk­men saz­la­ry­nyň, aý­dym­la­ry­nyň ýüz­ler­çe­si mä­lim, «Ti­lim guş ti­li­dir, su­ra­tym yn­san» diý­ýän Hak­dan içen be­ýik şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gin­de guş­la­ra köp orun be­ril­ýär.
«Do­ga ky­lyp sä­her wag­ty,
Na­lyş kyl­sam guş­lar bi­le»
Ýa-da:
«Aç garç­gaý, al­gyr La­çyn öňün­de,
Müň ýy­gyl­syn, ör­dek ne­dir»
Türk­men ha­ly­la­ry­nyň gö­zel te­bi­ga­tyn­da öz­bo­luş­ly mes­gen tu­tan mu­kad­des guş­la­ryň ma­ny-maz­mu­ny­ny, ta­ry­hy ge­lip çy­ky­şy­ny yzar­la­saň, ga­dy­my ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ru­hy dur­mu­şy hak­da­ky pi­kir­le­riň syr­ly ýu­ma­gy çöş­le­nip baş­la­ýar. Bas­ly­gyp ýa­tan ga­ty tä­sin syr­la­ryň dün­ýä­si­ne düş­ýär­siň. Top­rak­dan soň baş­lan­ýan guş­göz­ler, her gö­lüň için­de otu­ran guş­lar, döw­let­li­li­giň ny­şa­ny ok ýaý­lar, sag­dak­lar mu­kad­des na­gyş­lar hä­zir­ki za­man ha­ly­la­ryn­da, ki­lim­le­rin­de ýa­şa­ma­gy­ny do­wam ed­ýär.
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Döw­let mu­ze­ýin­dä­ki Türk­me­nis­ta­nyň Et­nog­ra­fi­ýa­sy bö­lü­mi­niň he­mi­şe­lik ser­gi­sin­de hem gaz­na­la­ryn­da türk­me­niň ХIХ-ХХ asyr­la­ra de­giş­li «Guş­ly göl­li» do­ka­lan ha­ly we ha­ly önüm­le­ri aýaw­ly sak­la­nyl­ýar.
Türk­men ha­ly­sy­nyň her bir nag­şy­nyň, her bir gö­lü­niň aňyr­syn­da gi­den ta­ryh, hal­kyň is­leg-ar­zu­wy, ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­nyň be­ýa­ny ýa­tyr. Her bir gö­lü­niň, her bir nag­şy­nyň syr­ly dün­ýä­si ro­wa­ýat­la­ra si­ňen türk­men ha­ly­sy­nyň özi hem asyr­lar­dan asyr­la­ra jan­ly ro­wa­ýat bo­lup, mu­kad­des­li­ge öw­rü­lip, mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zyň ha­ta­ryn­da ba­ky orun al­dy. Bu gym­mat­lyk­la­ry gö­zü­mi­ziň gö­re­ji de­ýin go­ra­mak, kä­mil­leş­dir­mek, gel­jek ne­sil­le­ri­mi­ze ýe­tir­mek bi­ziň her bi­ri­mi­ziň mu­kad­des bor­ju­myz­dyr.

Ak­bi­ke JU­MA­ÝE­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Döw­let mu­ze­ýi­niň esa­sy hü­när­me­ni.