– Ekoulgamlar, ýagny, tokaýlar, oba hojalyk ýerleri, öri meýdanlary gaýtadan dikeldilen halatynda, döwletler howanyň üýtgemegine, ýerleriň zaýalanmagyna, biodürlüligiň ýitmegine garşy göreşde, şeýle-de durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde möhüm üstünlikleri gazanyp bilerler – diýip, barlaglaryň awtorlary belleýärler.
Häzirki wagtda 115 ýurt iri halkara daşky gurşaw konwensiýalaryna, Pariž ylalaşygyna we milli biodürlüligiň strategiýalaryna laýyklykda, ýerleri abatlamak borçnamalaryny öz üstüne aldylar. Bu meýilnamalaryň hemmesi topragyň kem-kemden ýaramazlaşmagynyň we tokaýlaryň çapylmagynyň öňüni almak üçin niýetlenendir. Deslapky maglumatlara görä, 765 milliondan 1 milliard gektara çenli meýdanlar dikeldiler. Dikeldiljek meýdanyň ýarysyna golaýy Afrikada, Saharanyň günortasynda ýerleşýär. Meýilnamanyň ep-esli bölegi bolsa, Aziýanyň we Latyn Amerikasynyň ekerançylyk meýdanlaryna gönükdirilendir.
– Ekoulgamy dikeltmek boýunça onýyllyga degişli meýilnamalaryň we borçnamalaryň ýerine ýetirilişiniň başlanjak wagtyna golaýlaşýarys – diýip, BMG-nyň çölleşmäge garşy göreş konwensiýasynyň ýerine ýetiriji sekretary Ibrahim Tiau aýtdy. Ol ýerleri dikeltmek üçin goýulýan maýa goýumlarynyň diňe bir daşky gurşawa däl, eýsem, sosial we ykdysady taýdan hem peýdaly boljakdygyny tassyklady. Täze barlagyň awtorlary ähli ekoulgamlaryň öndürijiligini gury ýerde-de, suwda-da giň gerimde gaýtadan dikeltmegiň adamzada hem-de tebigata ägirt uly peýda getirjekdigini bellediler.
Hünärmenleriň pikiriçe, ekoulgamlaryň janlanmagy ykdysadyýeti dikeltmäge kömek eder, bu bolsa millionlarça «ýaşyl» iş ýerleriniň döredilmegine getirer. Oba hojalyk ýerleri, öri meýdanlary, tokaýlar, batgalyk ýerler we torf ýerler ýaly ýerüsti ekoulgamlaryň janlandyrylmagy olaryň uglerody saklamak we howa goýberilýän zyýanly gazlary azaltmak ukybyny dikelder. Görkezilen meýilnamalaryň dogry ýerine ýetirilmegi bilen ekoulgamlary dikeltmek boýunça işler flora we faunanyň çalt azalmagynyň öňüni almaga, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga hem-de suw ýetmezçiligini azaltmaga kömek eder. Mundan başga-da, oňat ýola goýlan tebigy ekoulgamlar dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar bilen göreşde aýratyn ähmiýte eýedir.
– Häzirki wagtda ekoulgamlary dikeltmekde oňyn bäsdeşlik ruhy ýüze çykýar. Şonuň netijesinde dünýä döwletleriniň arasynda agaç ekmeklige bolan isleg barha artýar – diýip, ÝUNEP-iň işgäri Tim Kristofersen aýtdy. Emma ol öz wagtynda, gerekli ýerlerinde ýerli jemgyýetleriň goldawy bilen agaç ekmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem ol ekoulgamlary dikeltmegiň barşynda deňiz kenarlaryny we derýalaryny ýatdan çykarmaly däldigini hem sözüniň üstüne goşdy.
BMG-niň ekoulgamy dikeltmek boýunça onýyllygy bar bolan we täze borçnamalary berjaý etmekde zerur çäreleri görmek üçin mümkinçilikdir. 2030-njy ýyla çenli döwürde göz öňünde tutulýan meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin, takmynan, 1 trillion dollar gerek bolar.